Okamak üçin örän uzak ýerlere barmaly bolýan çagajyk, öýüne gaýdýarka örän ajykýar. Içinden, birinden bir gysym çörek sorasam berermikä?, diýýär. Açlyga çydaman ahyr bir öýe barýarda gapyny kakýar. Az wagtdan bir zenan gapyny açýar we mylaýym sesi bilen näme gerekdigini soraýar. Çagajyk "maňa bir gysym çörek berip bilersiňizmi?" diýip soraýar. Zenan çagajygyň örän açdygyny duýýar we ony içerä çagyryp süýji naharlar iýdirýär. Çagajyk garnyny oňat doýurandan soň zenana minnetdarlyk bildirýär.
Aradan 15 ýyl ötýär, ýaňky zenan örän agyr kesel bilen keselleýär we hassahana gitmeli bolýar. Giden hassahanasynyň eýesi hem-de baş lukmany indi ulalan ýaňky çagajyk. Çaga ol zenany tanaýar we ony gowulaşdyrmak üçin bar zady edýär. Zenan gowulaşýar. Bir tarapdan muňa begensede, lukmana tölemeli pulyň örän köp boljakdygyny we munyň üçin ömrüniň ahyryna çenli işlemelidigini bilýänligi üçin, bir tarapdan gynanýar. Ýaňky lukman zenanyň eline bir kagyz berýär. Zenan kagyzy okaýar we lukmanyň ýaňky çagadygyny bilýär. Hoşlaşýarlar. Ine ýaňky kagyzda näme ýazykdy: hassany bejeriş puly 15 ýyl öň süýji naharlar bilen tölendi._______________365&👑_______________
Ýagşylyk etseňiz, eden ýagşylygyňyzy essesi bilen alarsyňyz