https://owrenmeli.app/17651-manyly-degisme.html#comment
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
10.11.2021 21:15
✔︎____Kim ker?⌫
Bir adam lukmanyň ýanyna gidip "lukman aýalym kerleşdi öýtýän soraglaryma jogap berenok" diýdi.
Lukmanam adama "Bolýa, şu gün öýüňe bar 20m uzaklykdan bir sorag sora, eger jogap bermese 15m uzaklykdan sorag sora, oňada jogap bermese 10m uzaklykdan sorag sora, oňada jogap bermese 5m uzaklykdan sorag sora, eger oňada jogap bermese ýanyna barda sora, eger oňada jogap bermese aýalyň çyndanam kerleşendir, maňa jaň et, ertir özüm bararyn" diýdi.
Adam öýüne baryp lukmanyň aýdyşy ýaly ilki 20m uzaklykdan, soň 15m uzaklykdan, soň 10m uzaklykdan, soňrada 5m uzaklykdan "agşam näme iýýäris" diýip sorady, ýöne hiç ses eşitmedi. Ahyrynda ýanyna baryp sorasa şu jogaby aldy "Adamsy bäşinji sapar aýtýan agşam Unaş iýýäs."
"Aýyby ilde dälde,
özüňde gözle"
😎
Legend"
15
446