𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
13.11.2021 20:59
Ol wagt 15 ýaşlarymdadym. Şol gün öýe göçenimiz gündi. Ol ýerde ýaşaýan adamlar örän gowydy, hat-da bize öýi tertiplemeke kömek etdiler. Bizem hemmäni myhmançylyga çagyrdyk, köpler geldi ýöne şol köçede ýaşaýan bir molla gelmäge çekinýän ýalydy. Gün gutarýardy. Hemmäni ugradan soň men we agam mollany gördük. Bize tarap ýöredi. Gepleşdik. Ol bize bir zat aýdasy gelýän ýalydy, sözlemlerinde bize, şol öýe göçmeli däldigimizi göçme manylarda aýdýardy, bizem üstünde köp durmadyk, ýene öýe çagyrdyk, ýöne ol düşüneňizok diýdi we öýüne dolandy. Näme diýjek bolýardyka? Agam ikimiz biri-birimize diňe bu soragy berdik. Az salymdan ejem içeri çagyrdy. Soň içerä girdik. Öý örän ulydy, şol sebäpden hemmämiz aýry otaglarda ýatyp bilýädik. Ýatmaly wagt bolupdy. Men mollanyň näme diýjek bolýandygyny bilesim gelýärdi, şol sebäpden ýatyp bilmedim. Soňra ukym agyr basdy, menem süýji uka batdym. Birden inimiň gaty sesde gygyranyny eşitdim. Otagyna gidemde hiç kim ýokdy. Ejem we kakamyň otagyna bardym. Görsem ejem kakam uklap ýatyr, ýanlaryndada gözleri ýalpyldaýan gorkunç maňa garan inim. Şol wagt ýüregim çykjak ýaly boldy. Içimden pikirlendim. Näme üçin men uzakda bolsamam şol sesi eşitdim, ýöne ejem kakam eşitmedi. Pikire batamda inimiň maňa ýakynlaşandygyny görmäpdirin. Şol wagt gorkydan uklap galypdyryn. Turamda özümi hassahanada tapdym. Ejem ýanymdady. Oňa näme bolandygyny soradym. Onuň aýtmagyna görä otaglarynyň ýanyndaka ýerde tapylypdyryn. Kelläm gan içindemiş. Kakam geldi. Meniň turanymy görende meni gujaklady. Örän gorkupdyrlar çünki 1 günläp ýatyrmyşym. Inimi soradym. Inimem 1 günläp ýatyrmyş men turmazdan 5 minut öň turanmyş. Inim geldi. Ýöne bu sapar gözleri ýalpyldanokdy. Gaharly gözler bilen ondan soradym. Düýn näme boldy? Inim birhili aljyrady we aglap başlady. Öz özüme bolýa diýdim. Wakanyň köp üstünde durmadym. Ertesi güni mollany gördüm, menden düýn bir zat boldumy diýip sorady. Mollany tanamadygymdan hiç zat aýtmadym, geplerini diňlemedim, eştmezlikden geldim. Ýöne onuň aýdan şu sözi meni uzyn gün pikirlendirdi. Düýn jigiň gygyrdy. Bu sözi eşidemde ýüregim gaty uryp başlady. Molla bizden uzakda ýaşaýardy, nädip eşitdi? Öýe baryp jigim bilen gepleşmegi maksatladym. Gapyny kakdym, garaşdym, açylmady, ýene kakdym. Açylmady. Jübimden açary çykarýakam birden inim gapyny açdy. Aga seň bilen bir zat gepleşeli diýdi. Men ondan ilki ejem kakam nirde şony aýt diýdim. Kakam işde diýipdi. Ýadyma düşdi, aýyň 15-inden soň kakam işe gidýärdi. Ýöne ejem nirdedi? Ejemi soradym. Aga gel gowusy gepleşeli diýdi. Ýany bilen gitdim.

Dowamyny çeşmesinden okap bilersiňiz...


Çeşme: Yaşanmış korku hikayeleri.app
9
297
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
14 Noýabr 2021
Terjime edip ýazmak ýakanok, gowusy çeşmesinden okaýyň😉
Melikee
13 Noýabr 2021
Skrinşot edip aldym.😁Şu gün okaryn.😉👍

Hanym ýatyp bilmesin diýip goýduň gerek .?😁Menem şuny alypdym,ýekeje hekaýasyny okadym soňam udalit e tdim.Muny tamamla ,soň goýmaý how...
ideallider
13 Noýabr 2021
Böççe bar bolaýmasyn😌👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
13 Noýabr 2021
Okamagy maslahat berýän, örän gyzykly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.