𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
22.11.2021 09:38
✩@##___𝕯𝗼᭙ል𝖒𝓨 &...⌫

13. (mark) (/mark) bu etiket ýazgyňyzyň üstüni sary çyzyk bilen belleýär.

Meselem:

Bu etiket hatyň üstüne (mark)sary(/mark) çyzyk bilen çyzýar.

Şeýle görüner:

Bu etiket hatyň üstüne sary çyzyk bilen çyzýar

14. (sup)(/sup) bu etiket hatyňyzy kiçi etmäge kömek eder:

Meselem:

Legend (sup)höwesjeň(/sup)

Şeýle görüner:

Legend höwesjeň

Taýýarlan: 𝕷𝖊𝖌𝖊𝖓𝖉
12
244
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
22.11.2021 08:10

✔︎✔︎_Degişmeler zynjyry 3: 🤣😂⌫

Saýlanan degişmeler:

♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎

16. Ýalan sözlemek...
________
Erkek: Siz örän owadan

Aýal: Men siziň üçin beýle diýip biljek däl

Erkek: Onda sizem meniň edenimi ediň, ýalan sözläň. :)

✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎✔︎

17. Sen meniň kimdigimi bilýäňmi?
________
Bir gün bir adam birine jaň edýär.

+Alo, salam

-Salam,

+Bagyşlarsyňyz, ýalňyş nomere jaň edipdirin.

-Aňsyz, işim ýokdur öýdýäňmi

+Ýalňyşdym diýýänä mal,

-Näme, Sen meniň kimdigimi bilýäňmi

+Bilemok, kim sen?

- Putin men

(Azajyk wagt sessizlik bolýar)

+Sen meniň kimdigimi bilýäňmi?

-Ýok

+Ohhh, hudaýa şükür :)

⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎

18. Bagtly gün...
_________
Mugallym okuwçylar gürrüň berýärdi:

"Aýallar, iň bagtly güni bolany üçin, toýunda ak geýýärler."

Arka tarapdan bir okuwçy seslendi:

"Erkekleriň näme üçin toýunda gara geýýäni belli boldy " :)

𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎

19. Toklar gitse...
_________
Iki dos gürleşýä:

+Pikir et dos, düýn supermarketdekäm toklar öçdi, 1 sagatlap liftde galdym.

-Olam bir zatmy, men öň bir gün supermarketdekäm toklar öçdi, 7 sagat ýöreýän basgançakda durdum :)

✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯

20. 10, 9, 8...
_________
Bir hassa lukmana barýar we soraýar:

+Näçe wagt ýaşaýan lukman

-10

+10 näme, ýylmy, aýmy, günmi...

-9, 8, 7, 6... :)

ʕ•ᴥ•ʔʕ•ᴥ•ʔʕ•ᴥ•ʔʕ•ᴥ•ʔʕ•ᴥ•ʔʕ•ᴥ•ʔʕ•ᴥ•ʔ

ᵖᵒˢᵗ ᵍᵒʷʸᵐʸ...

𝓓𝓸𝔀𝓪𝓶𝔂 𝓫𝓸𝓵𝓼𝓾𝓷𝓶𝔂 👎🏻☯︎☯︎☯︎☯︎👍🏻

Taýýarlan: 𝕷𝖊𝖌𝖊𝖓𝖉 ✯𝙺ェ𝚗𝙶
13
236
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21.11.2021 16:50

✔︎______Degişmeler zynjyry 2_______⌫

10. Matematika sapagynda Mugallym okuwçylara droby öwretýärdi:

M: Eger bir kg eti deň iki bölege bölsek, olaryň her haýsy, etiň ikiden biri bolar,

eger bir kg eti deň dört bölege bölsek, olaryň her haýsy, etiň dörtden biri bolar. Hany Emir sen aýt bir kg eti deň müň bölege bölsek näme bolar?

E: Farş bolar, mugallym! :)

______________365&👑________________

11. Eje-kakasy ogluny taksä mündirip goýberýär, ýolda gidýäkä çaga gepläp başlaýar:

Ç: Kakam we ejem mugallym bolsady, menem mugallym bolardym. Kakam we ejem lukman bolsady menem lukman bolardym...

Gaharlanan Taksist: Kakaň we ejeň alkaş bolsady sen näme bolardyň?

Ç:Taksist bolardym :)

______________365&👑________________

12. Uçarda bir adam ýanyndaka tüýkürýär, tüýküligi ýanyndaky adamyň gulagynyň ýanyndan ötüp gidýär soňra ol adam:

+ "Men tüýkürmek boýunça dünýä çempiony" diýýär.

Ýanyndaky adam gaharlanýar we ol adamyň ýüzüne tüýkürýär we aýdýar:

+ A men bolsa, tüýkürmek boýunça şäher soňunjysy. :)

______________365&👑________________

13. Iki dost (Aman we Kerim) gepleşýär:

A: Dos düýn Futbol görmäge gitdiňmi?

K:Ýok dos, bilet alyp, oçur ýeterine garaşyp, 90 minutlap 22 adamyň bir top üçin ylgaýşyny görmek nämä gerek. Sen gitdiňmi?

A: Menäm edil seňki ýaly aýalym ibermedi, ýöne men seňki ýaly owadanlap aýdyp bilemok :)

______________365&👑________________

14. Sanjar we Berdi atly iki dost gepleşýärdiler:

S: Käşiriň gözlere peýdasy köp.

B:Sen nirden bilýäň?

S: Sen äýnek dakan towşan gördüňmi?

______________365&👑________________

15. Kakasy Mekandan soraýar:

K: egzaminiň nähili geçdi?

M: Örän gowy geçdi kaka, hat-da şeýle bir gowy geçdi, indiki ýylam barmalymyşym.

______________365&👑________________

Dowamy Bolsunmy?
👍🏻☺︎︎☺︎︎☺︎︎☺︎︎᯾☹︎☹︎☹︎☹︎👎🏻
14
565
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21.11.2021 13:27
Ördek dükana girýär we sorap başlaýar
+Çörek barmy
-ýok
+Çörek barmy
-ýok
+Çörek barmy
-Ýene bir gezek çörek barmy diýip sorasaň seni hol ýere çüýlärin.
+Çüý barmy
-ýok
+Çörek barmy :)
10
195
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21.11.2021 13:26
Degişmeler zynjyry:

1. Terjime:

Iňlis dili dersinde mugallym Myratdan sorady:
+ Çaga ylgady, ylgady, deňize gaçdy, gark boldy näme diýmek?
Myradyň jogaby: The boy tygydyk, tygydyk, julup, glu, glu :)

______________365&👑________________

2. Görüşýänçäk:

Läle (L) we Merdan (M) sms-de ýazyşýar:

M-Bolýa görüşýänçek

L-Görüşýençek

L-Gürüşýençok

L-Gerişýnçik

M-Ýa-da görüşmers :)

______________365&👑________________

3. Akmak polisiýa:

+Aç gapyny Polisiýa geldi.
-Öýde hiç kim ýok.
+Onda kim gepleýär.
-Gulagyňa eşidilýändr
+Swetlerem ýakyk
-Öçürmek ýatdan çykypdyr
+Bolýa ertir irden 7:00-da geljek öýde boluňlar! :)
______________365&👑________________

4. ÝALTALYK:

Alymlaryň aýtmagyna görä, ýaltalyk soňky wagtyň iň köp duş gelinýän keselleriň biri, 256737719 sanyny doly okaman geçeniňiz üçin sizem ýalta hasaplanýarsyňyz! :)

______________365&👑________________

5. Uruşjak bolanda-da tanyşjak bolýan ýeke-täk millet biz:

+Öw kimow sen

-Asyl sen kim blä. :)

______________365&👑________________

6. Basgançakdan düşmek:

Basgançakda ýöreýän, ýalňyşyp ýykyldym, arkamdan gelýän ýaşuly ýykyldyňmy diýip soraýa,
ýo blä meniň basgançakdan düşüş şekilim şeýle. :)

______________365&👑________________

7. Arzuw:

Bir adam ýolda ýöreýä, öňünden bir jyn çykýa we adamdan arzuwyny soraýa:

A: Hemme zady bilesim gelýä,

J: Bu köp başga zat dile,

A: Bolýa, Aýallara düşünmek isleýän

J: Ähli zady bilesim gelýä diýdiňmi? :)

______________365&👑________________

8. Imoça:

+Dos imoça gürläp bilýäňmi?

-Tabiki

+Tüwelem dos imoçany zor gürleýän ekeniň:)

______________365&👑________________

9. Dosdum imodan surat iberdi, suratyň aşagynda 20 kişä ugrat saňa ertir irden gowy habar geler diýip ýazykdy, 20 kişä ugratdym. Ertesi gün irden telefonumy göremde şeýle sms gelipdi:
Hormatly müşderi hasabyňyz -1,00 manat... :)

______________365&👑________________

Dowamy bolsunmy:
👍 👎
12
176
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
20.11.2021 21:32
✩___𝕯𝗼᭙ል𝖒𝓨...⌫

Ýazgy görnüşleriniň esasy kodlarynyň biri bolan "font" 3 topara bölünýär:

1. (font size="...") (/font)-bu size ýazgyny uly ýa-da kiçi etmäge kömek eder. Ulanmak üçin köp nokada (...) derek 1-den 7-ä çenli bir sany goýmaly (ulanýan hatymyzyň size-si 3) we boşluga uly ýa-da kiçi ýazmak isleýän hatyňyzy ýazmaly.

Meselem:

(font size="7") Hat (/font)

Şeýle görüner :

Hat

2. (font color="...") (/font)-bu size haty reňkli ýazmaga kömek eder. Ulanmak üçin köp nokada derek saýlan reňkiňizi iňlisçe ýazmaly (Gyzyl ýazmak isleseňiz köp nokadyň ornuna red diýip ýazmaly) we boşluga reňkli etmegi isleýäniňiz ýazgyny ýazmaly.

Meselem: (font color="blue") ýazgy (/font)

Şeýle görüner: ýazgy

Ady bolmadyk reňkleri hem ulanmak üçin 'font color'-yň ýene bir görnüşi bar. Bu #FFFFFF-dan #000000-a çenli bar.

Meselem: (font color="#DABADE") Legend (/font)

Şeýle görüner: Legend

Egerde isleýäniňiz reňkiň koduny bilmeýän bolsaňyz teswirlerde menden sorap bilersiňiz.

3. (font face="...") (/font)- bu size ýazgyňyzyň stilini üýtgetmekde kömek eder.

(font face="...") (/font) işletmek üçin köp nokada ýazgy stilini ýazyň we boşluga stilini üýtgetmek isleýäniňiz haty ýazyň(font face köp saýtda işlemeýär)

Ýatlatma:() ornuna <> goýuň. Men <> goýsam ol size görünmez. Şol sebäpden men () goýýan.

üstüne bashref>

Dowamy bar...
14
302
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
17.11.2021 21:07
Aşakdaky hatlaryň reňkini ýalňyşman aýdyp bilermiň? Ýöne bir şert bar, reňkleri tiz aýtjak bol.



1)Ýaşyl

2)gök

3)Gyzyl

4)Sary

5)Gök

6)Sary

7)Gyzyl

8)Ýaşyl


11
220
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
17.11.2021 21:06
Köne diýip zyňma köwşüň
Täzäň ýitse gerek bolar
Zyňma baýap garyp dosdyň
Kyn günüňde gerek bolar


°°°
1
118
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
17.11.2021 20:28
Dowamy...

(i) (/i)-bu siziň hatlaryňyzy egri etmäge kömek eder. Kody işletmek üçin boşluga egri etmek isleýäniňiz sözi ýazyň

Meselem: Legend (i)höwesjeň(/i) statusyna eýe.

Şeýle görüner: Legend höwesjeň statusyna eýe
______________________________________

(em) (/em)-bu etiketi ulanmak bilen hatyňyzy şeýle edip bilersiňiz: Hat
______________________________________

(br) (/br)-bu etiketi işletmek üçin:

Legend her (br)gün post paýlaşýar(/br)

Şeýle görüner:

Legend her
gün post paýlaşýar
______________________________________
We ine garaşylan, hatlary reňkli, uly etmäge ýaraýan (font) etiketi

font beýleki etiketlerden tapawutlydyr

Onuň üç görnüşi bardyr.

Bular:

size

color

face

Görnüşleridir.

Nädip işletmelidigini indiki postda ýazaryn,

Ýatlatma:() ornuna <> goýuň. Men <> goýsam ol size görünmez. Şol sebäpden men () goýýan.








12
166
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16.11.2021 19:11
Dowamy...

2. (strong) (/strong)-bu möhüm ýazgy etiketi. Ulanmak üçin boşluga möhüm ýazgyňy ýazmaly.

Meselem: Bu post köp (strong) like (/strong) almaly

Şeýle görüner: Bu post köp like almaly.

3. (u) (/u)-munuň bilen ýazgylaryňyzyň aşagyny çyzyp bilersiňiz. Ulanmak üçin aşagy çyzylmaly sözüňizi boşluga ýazmaly.

Meselem: Bu post (u)trendlere(/u) çykýar

Şeýle görüner: Bu post trendlere çykýar.

Ýatlatma: () ornuna <> goýuň. Men <> goýsam ol size görünmez. Şol sebäpden men () goýýan.

Dowamy bar...
9
284