awadan
Bu gün, 18:11
Bagt ýyldyzy (hekaýa)2-nji
Bir gezegem paýtagtly žurnalist myhman ýene-de döredijilik sapary bilen gelip Emir dostunyňkyda düşläpdi. Ertesi irden myhman arassa howadan dem almak üçin daş çykanda, Ejeşiň öňlük dakynyp, sygyr sagyp duranyny gören myhman onuň erjelligine haýran galypdy. «Tüweleme, bu gyzyň ot ýaly dogumlyjadygyny! Hernä, dostumyň göz guwanjy bolan ýekeje gyzy, bagty bolsun-da» diýip, onuň ýanyndan syr bermän geçip gidipdi. Ýagmyr aganyň maşgala agzalary neneň onsoň Ejeş gyza sabyrsyzlyk bilen garaşmasynlar?!
Ýagmyr aga şol günden birki gün geçensoň, Ejeşi okuwa synanyşýança şäherdäki ýüpek fabrigine wagtlaýynça işe ýerleşdiripdi. Ol ýerde ýakyndan gatnaşýan garyndaşynyň ogly Bezirgeniň inžener bolup işleýändiginden Ýagmyr aganyň habary ýokdy. Ol bir gezek Ejeşiň öz işine nähili öwrenişýändigini bilmek üçin fabrige gelende, Bezirgene gabat geldi. Bezirgen Ýagmyr aga gözi düşen badyna onuň ýanyna barmaga howlukdy:
— Salawmaleýkim, Ýagmyr aga! Siz nire, bu ýerler nire?!
— Tüweleme, Bezirgen jan, bu senmidiň, aleýkum essalam! Senem bärde işleýärmidiň?
— Hawa, Ýagmyr aga! Şu ýerde inžener bolup işleýän.
— Tüweleme! Meniň asyl gözläp ýören ýitigim bärde eken-ä!
— Hyzmatyňyza taýýardyryn, Ýagmyr aga.
— Aý, bir uly hyzmatym-a ýok weli, şu ýerde siziň ýaly ýakyn gatnaşýan dostumyň gyzy işleýär weli, şonuň işleýşini, ýagdaýyny biläýeýin diýip gelşim.
— Örän gowy, onuň ady kimkä, Ýagmyr aga?
— Ejegyz Hoşwagtowa bolmaly. Biz-ä Ejeş diýýäs.
— Hä, Ejeş diýsene, Ýagmyr aga?! Işe gelenine az wagt bolsa-da, ol yhlasly, erjel gyz. Asyl ol gyz siziň dostuňyzyň gyzy diýsene?!
Bu sözi eşidip Ýagmyr aga çyn ýürekden begendi. Ejeşiň bu fabrige işe girip, eýýäm az wagtyň içinde işinde abraý gazanandygyny eşidip, Ýagmyr aga monça boldy. Ejeş bilen hal-ahwal soraşan Ýagmyr aga ýanynda duran Bezirgeniňem dostunyň gyzyna gowy baha berendigine öz ýanyndan hoşal boldy.
Ejeş bu ýüpek fabrigine gelen gününden özüniň erjelligi, dogumlylygy, adamkärçiligi, sypaýylygy bilen işdeşlerine özüni tanadypdy. Kärdeşleri işjanly bu gyzyň gujurlylygyny gowy görüpdiler. Aýratynam, inžener Bezirgen Çalaýewiň bu gyza syny oturypdy. Bir gezegem şeýle boldy:
— Ejegyz, arma! Näme beýle oýa batyp otyrsyň?
Ejegyz garaşylmadyk ýerden çykan tanyş sese tisginip gitdi. Görse, inžener ýanynda dur.
— Bezirgen Çalaýewiç, sizmidiňiz? Ejem dagy meni gaýgy edýärlermikä diýip, käwagt ünjä bataýýan-da.
— Tüweleme, ejeň, kakaň özüniň ot ýaly dogumly gyzyny nirä ugratsa-da, gaýgy edýän däldirler. Saňa-da gaýgy etmek asla gelşenok.
— Men özümiň dogumlydygyma hiç wagt ynanyp bilemok — diýip, gyz ýene-de utanjaňlyk bilen aşak bakdy.
— Ýok, hemme gyzlar seniň ýaly dogumly bolaýsa, ýigitlere edere iş galmazdy.
Bu degişmä Ejeş myssa ýylgyrdy.
— Ýöne häzirki badyňy gowşadaýma. Nesip bolsa, size hoş habarymyzam bar. Eger ýene-de şeýdip ejeňi-kakaňy gaýgy edip oturanyňy görsem, ol hoş habary hiç wagt aýtmaryn.
— Bolýar, bolýar, söz berýärin. Ol nähili hoş habarka?!
— Şu şähere näme niýet bilen geldim diýipdiň?
— Okamaga.
— Ana, üstünden bardyň. Ýöne, entek habary doly aýtmaýyn, öňünden gaty begendirmäýin. Sebäbi kärhanamyz boýunça üç sany dalaşgär okuwa hödürlendi. Belki, nesibäň çekse, üç dalaşgäriň arasynda ýeňiji bolup okuwa gitmegiň mümkin.
Bu sözleri düýşünde ýaňlanýan ýaly eşiden Ejeş begenjinden tas guş bolup uçupdy.
— Ynamyňyz üçin, sag boluň!
Dowamy bar ☘️
0
1
awadan
29.05.2025 14:43
Bagt ýyldyzy (hekaýa) 1-nji bölüm
Orta mekdebi tamamlan oba gyzy agşamara şäheriň demir ýol menziline gelip, otludan düşdi-de, ýolugra geçip barýan ulaglara elini galdyryp başlady. Köp garaşdyrman depesinde «taksi» ýazgyly ulaglaryň biri deňinde saklandy. Obadan gelen gyz barmaly ýerini salgy berip, ulagyň yzky oturgyjyna ýerleşdi. Birdenem, sürüjiniň ýüz keşbine gözi düşen gyz allaniçiksi boldy. «Hakyt kinoda döwüň keşbini janlandyran artistiň özi-dä. Men ol adamdan kiçijekkäm nähili gorkupdym. Hiý-waý, nätsemkäm? Köpi gören sürüji gyzyň nämedir bir zada biynjalyk bolýandygyny derrew aňypdy. Ol muny bilmezlige salyp, gyza sowal berdi. Gyzam syr bildirmejek bolup sürüjiniň sowallaryna kynlyk bilen jogap bermäge synanyşdy.
— Şähere gezmäge geldiňizmi?
— Ýok, okuwa synanyşmaga geldim.
— Talyp bolasyňyz gelýär-dä?
— Hawa.
— Haýsy okuwa girmekçi bolýaňyz?
— Aý, häzirlikçe pikirimi jemläp bilemok. Mugallymçylyk bilen tikinçilik hünärini gowy görýän.
Gyzyň eda bilen gürrüň berşi sürüjä ýarady. Ol bu gyzy edil öz gyzy ýaly görüp, oňa kömek edesi gelýändigini duýdurmak maksady bilen, ulagyny sag gapdala öwrüp saklady-da:
— Gyzym, dogrusy, bu gijäniň içinde myhmançylyga barjak ýeriňi biynjalyk etme-de, meniň çagalarymyň ýanyna baryp maslahatlaşyp, geňeşip gör! Olar ýokary okuw mekdebinde okaýarlar. Belki, saňa laýyk boljak gowy maslahatlary bererler. Çagalarymyň saňa kömegi deger, menem haýyş ederin. Öýde özüň ýaly bir gyzym, bir oglum bar. Belki, tanşarsyňyz. Myhman ýeriňe ertir irden özüm elinjek eltip gaýdaryn — diýdi. Gyz näçe syr bermejek bolsa-da, sesi sandyrap çykdy:
— Daýy, siz gowy adam ekeniňiz. Daýzam öýde biynjalyk bolup maňa sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturandyr. Men daýzama öýden jaň edip, şu gün barjak diýdim. Meni, kyn görmeseňiz, aýdan salgyma eltäýiň-dä!
— Bor, gyzym, bor. Ýöne, näme üçindir, sizi bir zad-a biynjalyk edýär?!
— Aý, ýok-la, daýy, ýöne sizden, gaty görmeseňiz, bir zat soraýyn-da?—diýip, gyz çekinjeňlik bilen sürüjä ýüzlendi.
— Sora, sora, gyzym.
— Daýy, men entek kiçijik wagtym sizden şeýle bir gorkupdym. Siz kinoda döw bolup, gorkunç ses bilen güleniňizde gorkyma aglanym şu wagtky ýaly ýadymda.
Gyzyň ýüreginden syzdyryp aýdýan sözüne ol hezil edip güldi.
— Sen bir tarapdan mamla. Ýöne, şol kinoda gören döwüň keşbindäki artistiň hut özi däl-de, men onuň ogly. Kakam pahyr ýetmiş dört ýaşynda aradan çykdy. Menem kiçijik wagtym kakam käwagt degşen mahaly ýognas ses bilen gülerdi, özümem gorkardym. Soň öwrenişip gitdim. Maňa-da kem-kemden kakaňa meňzäp barýaň diýýärler. Öňem bir gezek şeýle ýagdaýa duşup gördüm. Gyzym, indi men saňa düşündim.
Gyz ýüregi şundan soň birazajyk ynjalyk tapdy.
— Ine, gyzym, diýen salgyňa-da geldik. Dogrudanam, şol daşarda duran eneli-gyz saňa garaşýan ýaly. Ýoluň ak bolsun, arzuwyňa ýet! — diýdi-de, sürüji gyzyň uzadan ýol hakyny-da alman, öz ýoluna rowana boldy.
* * *
Ejeşiň kakasy Emir Hoşwagtow etrap merkeziniň Medeniýet öýünde zähmet çekýärdi. Merkezden islendik ugurdan döredijilik işgäri iş sapary bilen bu ýere gelse, Emir Hoşwagtowy onuň ýanyna goşardylar. Bir gezegem «Miras» teleýaýlymyndan Ýagmyr Kemjäýew medeniýet işgärleriniň arasynda geçirilýän telebäsleşigi ýazgy etmek üçin bu etraba gelipdi. Şonda Ýagmyr Kemjäýew Emir Hoşwagtow bilen ýakyndan tanşypdylar. Şeýdibem, olaryň gatnaşygy dostluga öwrülipdi. Şondan bärem Ýagmyr Kemjäýew döredijilik sapary bilen bu etraba gelse, hökman Emir Hoşwagtowlara barardy. Soňabaka bu iki ynsanyň maşgalalary hem ýakyndan tanşyp, has ýakyndan gatnaşyp başlapdylar.
Dowamy bar ☘️
3
60