flowers_
02.02.2025 12:39

▪︎Hakyky dostlar el bilen göz ýalydyrlar. El agyranda göz aglaýar, göz aglanda, el ony süpürýär.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Söz — geýim. Many şol geýimiñ astyna gizlenen syr.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Küştde pyýada ýola çykyp, ahyrynda wezir bolýandyr.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Yşk derdini datmadyk ýürek, ýä däliniñ, ýa-da jesediñ ýüregidir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Dünýä — alymyñ hümmetsiz oýunjagy, akmagyñ bolsa hümmetli sallancagydyr.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Dost diýip ajy gürleýäne däl, ajyny süýji gürleýäne aýdylýar.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Bagtly maşgala gurmagyñ iki sany şerti bar:
1. Gowy ömür ýoldaş saýlap bilmek,
2. Gowy ömür ýoldaş bolmak.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Edep — biedebiñ her bir edepsizligine sabyr-takat etmekdir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Ýagşylyk — Ýamanlygy terk etmekdir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Kalp aýnasynyñ päkligi, betnyşandan owadany tapawutlandyryp bilmek üçin gerek.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Diliñden öñ kalbyñy terbiýele, çünki söz kalpdan gelip, dilden çykýar.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Durmuşda üstünlige ýetmek üçin üç zat gerek: Üns, tertip we hereket.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Akyl — goýun, nebis böri, iman bolsa çopan. Eger iman güýçli bolmasa, nebis akyly iýýändir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Sabyr — adamy maksadyna iñ tiz alyp barýan ýol görkezijidir.
#Jelaleddin Rumy
▪︎Ejejan, ertekileriñizdäki aýdan gowy adamlaryñyz, bu dünýäde ýok eken...
#Terjime eden Şirnazar Taganow
▪︎Her bir zada gyýylma ýürek, ne bu dertler galar, ne-de bu ömür.
#Jelaleddin Rumy
Terjime eden: Şirnazar Taganow.

10
83
enes_∞
01.02.2025 01:53

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?
Salamlaşanyňyzda
BOLMAÝAR:
Elleşmek;
Gujaklaşmak;
Öpüşmek.
BOLÝAR:
Baş egmek;
Mylaýym ýylgyrmak;
Eliňi galgatmak;
Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.
A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?
#salamlaşmak #koronawirus
10
210
enes_∞
01.02.2025 01:44

Internet ýok wagty peýdaly 30 güýmenje
1•Kitap tekjäňiz bar bolsa, olary harplaryň tertibi boýunça tertipleşdiriň. Ýa-da bolmasa kitaplary žanrlar boýunça toparlara bölüň.
2•Öýüňizi, ýaşaýan komnotaňyzy tertipleşdiriň. Arassa, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň.
3•Öz pikirleriňizi bir depder döredip, depdere ýazyň. Bir aýlyk, bir ýyllyk meýilnamalar düzüň.
4•Öý haýwanlaryňyz bar bolsa, olar bilen wagt geçiriň. Olary ýuwundyryň, iýmitlendiriň, olar bilen oýnaň.
5•Uklap, dynjyňyzy alyň. Uky adam saglygy üçin wajyp.
6•Dostlaryňyza jaň ediň.
7•Ýakyn garyndaşlaryňyza myhmançylyga gidiň.
8•Öýüňizde bejermeli zat bar bolsa, ony bejeriň.
9•Eger siz gatly jaýlarda ýaşaýan bolsaňyz, balkonyňyzy tertipleşdiriň.
10•Saz gurallarynda saz çalmaga çalşyň.
11•Telefonsuz açyk howada gezelenje gidiň.
12•Owadan ýerlere syýahata gidiň.
13•Muzeýe gidiň, taryhymyzy öwreniň.
14•Dostlaryňyz bilen kino gidiň.
15•Öýüňizde, agşam stoluň daşynda dostlaryňyzy toplap, dürli oýunlar oýnaň.
16•Özüňize erk berip – aglaň! Internedi ýitirmek bu käbir adamlara kyn
17•Sport bilen meşgullanyň.
18•Aşpez bolmasaňyzda, maşgalaňyz, dostlaryňyz üçin süýji naharlar taýýarlaň.
19•Telewizor görüň.
20•Fotoalbomlary görüň.
21•Gözellik günini geçiriň (gyzlara degişli)
22•Akwaparka gidiň.
23•Öý mebelleriniň orunlaryny üýtgediň. Bu bolsa siziň üçin başgaça görüner.
24•Derýa ýa-da deňiz ýakasyna gidiň.
25•Gözüňizi ýumup, uludan dem alyň.
26•“El hünärli – il gezer” diýlişi ýaly, el işlerini dörediň.
27•Öýüňizi remont etmäge başlaň.
28•Söwda dükanlaryna gidiň.
29•Täze duşuşyklara gidiň.
30• Aýnanyň öňünde, bir käse kofe içip, daşarda dowam edýän durmuşa göz aýlap, pikirleniň. Düýbünden başgaça duýgulary başdan geçirersiňiz.
Bularyň ählisi siziň üçin peýdalydyr. Internet ýok bolsa gynanmaň, siz bu zatdan başga kän peýdaly işleri edip bilersiňiz.
9
119
enes_∞
29.01.2025 14:03

Suratda ilkinji gören haýwan şekiliňiz…
Bu suratda görýän ilkinji haýwan şekiliňiz sizde agalyk ediji şahsyýetiňizi açmaga ýardam edýär. Şahsyýet synaglary häsiýetimizi, zerurlyklarymyzy we daşky gurşawymyza dogry çemeleşmegimizi aňladyp biler. Häsiýet aýratynlyklarymyz hakda köp maglumat berýän bu synaglar geň galdyryjy netijeleri hem berip biler. Aşakdaky suraty üns bilen synlap, haýsy haýwany görendigiňizi anyklaň:
13
330
enes_∞
22.01.2025 14:57

Aşakdaky surata ünsli serediň! Haýsy geometrik şekil size has ýakymly?
9
286
enes_∞
22.01.2025 14:22

Aşakdaky surata ünsli serediň! Haýsy geometrik şekil size has ýakymly?
Geometrik şekil testi
psihologik test
Birini saýla öz häsiýetiñiziñ güýcli tarapyny saýlañ!
0
182
beghanym
21.01.2025 20:28
Alnyň bagtyň açyk bolsun Şirinjanyň Nabady. Bagtyň daş ýarsyn jigimjan @Nabat_desinger
10
144
enes_∞
20.01.2025 21:38
😁
DÜNÝÄDE 5 SANY DÄLİÑ BARDYGNY BİLÝÄDİÑİZMİ?
1) FUTBOLİST (özi depýär, özi kowalaýar)
2)TİKİNÇİ (özi gyrkyp, özi tikýär)
3) SAÇ ALÝAN(hemmäñ saçyny alýar, özüniñkini başga aldyrýar)
4) MUGALLYM (özi bilip duranny okuwçylardan soraýar)
5) AWTOBUSÇY (hemmäni öýüne eltýär, özi pyýada gaýtýar)
12
285
Guller___
20.01.2025 19:29
Bolmady diýip gynanma, wagty geler bolmadygyna şükür ederisiň.
7
86
okyyjy
19.01.2025 07:20
Iki ädim öňe ätsem,
Yza iki ädim ätýäň,
Iki ädim yza ätsem
Öňe iki ädim ätýäň.
Hiç düşünip bilemok
Muny näme üçin etýäň?!
Sen muny nädip etýäň?!
Nazar saldym Jeýhuna,
Hazara nazar aýladym.
Nazar saldym Garaguma,
Köpetdaga, Köýtendaga
Baryna nazar aýladym.
Şu döwürleň barynda-da
Hem-ä maňa ýakyndyň sen,
Hem-em menden daşdyň sen,
Seň syryňy açjak boldum,
Meň syrymy açdyň sen.
Men-ä saňa, sen-em maňa
Hem näbelet, Hem belet
Yzda galdy menziller,
Hany tanyş sesýetim?!
Sen meniň hem-ä agyr
Hem-em süýji ezýetim!
Ýakynlaşsam daşlaşdyň
Ýakynaşdyň daşlaşsam
Ah sen, gözýetim!
8
134