Häzirki wagtda ulanýan zatlarymyzyň köpüsi ylmyň we tehnikanyň köp ýyllaryň dowamynda kämilleşmegi netijesinde peýda boldy. Häzir göräýmäge aňsat ýaly bolup görünýän zatlaryň döredilmeginde köp adamyň zähmeti ýatyr. Häzirki wagtda uly binalaryň girelgelerindäki özi açylypýapylýan gapylar geçen asyryň ikinji ýarymynda peýda bolýar. 1954nji ýylda ABŞ-nyňTehas ştatyndaky Korpus Kristi şäherinde iş alyp barýan «Horton Glass Company» atly kompaniýanyň işgärleri Di Horton we Lew Hewitt güýçli ýel zerarly döwlen penjiräni çalyşýan ekenler. Şol döwürde şeýle güýçli ýel daşyna açylyp ýapylýan gapylara we penjirelere zeper ýetirýän eken. Gapy ýada aýna döwlen wagty golaýyndaky adamada zeper ýetirýän wagty hem bolupdyr. Şol sebäpli bu iki hünärmen şemal bolan wagty döwülmejek gapyny öndürmäge girişýärler.
Ilkinji oýlap tapylan gapy kimdir biri golaýyndaky bellenen ýere basanynda açylýardy. Bu gapy diňe güýçli ýeliň açmagynyň öňüni alyp, elinde ýük bolan adamyň arkaýyn girip çykmagy üçin ýeňillik döredipdir. Olar ilkinji awtomat gapylaryny 1960-njy ýylda satyp başlapdyrlar. Ilkinji gapy şäherdäki bir restoranda oturdylýar. Hünärmenler topary bu açyşy üçin 1964-nji ýylda patent alýarlar. Şondan soňra «Horton Automatics» atly kompaniýany döretdiler. Soňra süýşürilip açylýan penjireleri hem öndürip başlaýarlar. Gapdala süýşürilip açylýan gapylar häzirki wagtda söwda nokatlarynda, köpçüligiň barýan binalarynda, duralgalarda giňden ulanylýar. Adamlar üçin uly ýeňillik döredýän, ýönekeý bolan bu gapylar wagtyň geçmegi bilen hasda kämilleşdirildi. Özi açylyp-ýapylýan gapylar diňe binalarda däl, awtobus, otly ýaly jemgyýetçilik ulaglarynda, dikuçar ýaly howa gämilerinde hem bar. Awtomat ýagdaýda açylyp ýapylýan häzirki gapylarda oturdylan ýörite sensorlar golaýyna biriniň gelendigini duýup, gapyny açýar. Belli bir wagtdan soňra gapy ýapylýar.