𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
21.11.2021 13:26
Degişmeler zynjyry:

1. Terjime:

Iňlis dili dersinde mugallym Myratdan sorady:
+ Çaga ylgady, ylgady, deňize gaçdy, gark boldy näme diýmek?
Myradyň jogaby: The boy tygydyk, tygydyk, julup, glu, glu :)

______________365&👑________________

2. Görüşýänçäk:

Läle (L) we Merdan (M) sms-de ýazyşýar:

M-Bolýa görüşýänçek

L-Görüşýençek

L-Gürüşýençok

L-Gerişýnçik

M-Ýa-da görüşmers :)

______________365&👑________________

3. Akmak polisiýa:

+Aç gapyny Polisiýa geldi.
-Öýde hiç kim ýok.
+Onda kim gepleýär.
-Gulagyňa eşidilýändr
+Swetlerem ýakyk
-Öçürmek ýatdan çykypdyr
+Bolýa ertir irden 7:00-da geljek öýde boluňlar! :)
______________365&👑________________

4. ÝALTALYK:

Alymlaryň aýtmagyna görä, ýaltalyk soňky wagtyň iň köp duş gelinýän keselleriň biri, 256737719 sanyny doly okaman geçeniňiz üçin sizem ýalta hasaplanýarsyňyz! :)

______________365&👑________________

5. Uruşjak bolanda-da tanyşjak bolýan ýeke-täk millet biz:

+Öw kimow sen

-Asyl sen kim blä. :)

______________365&👑________________

6. Basgançakdan düşmek:

Basgançakda ýöreýän, ýalňyşyp ýykyldym, arkamdan gelýän ýaşuly ýykyldyňmy diýip soraýa,
ýo blä meniň basgançakdan düşüş şekilim şeýle. :)

______________365&👑________________

7. Arzuw:

Bir adam ýolda ýöreýä, öňünden bir jyn çykýa we adamdan arzuwyny soraýa:

A: Hemme zady bilesim gelýä,

J: Bu köp başga zat dile,

A: Bolýa, Aýallara düşünmek isleýän

J: Ähli zady bilesim gelýä diýdiňmi? :)

______________365&👑________________

8. Imoça:

+Dos imoça gürläp bilýäňmi?

-Tabiki

+Tüwelem dos imoçany zor gürleýän ekeniň:)

______________365&👑________________

9. Dosdum imodan surat iberdi, suratyň aşagynda 20 kişä ugrat saňa ertir irden gowy habar geler diýip ýazykdy, 20 kişä ugratdym. Ertesi gün irden telefonumy göremde şeýle sms gelipdi:
Hormatly müşderi hasabyňyz -1,00 manat... :)

______________365&👑________________

Dowamy bolsunmy:
👍 👎
12
176
8464
29 Iýul 2023
Daa bolsyn👍👈
Kümüşş
24 Noýabr 2021
😂😂😂😂👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
Bayoglan
21 Noýabr 2021
Bolsun gayrat et goy on okamadyklam ekeni
Melikee
21 Noýabr 2021
Elbetde bolsun.👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.