✩___𝕯𝗼᭙ል𝖒𝓨...⌫Ýazgy görnüşleriniň esasy kodlarynyň biri bolan "font" 3 topara bölünýär:
1. (font size="...") (/font)-bu size ýazgyny uly ýa-da kiçi etmäge kömek eder. Ulanmak üçin köp nokada (...) derek 1-den 7-ä çenli bir sany goýmaly (ulanýan hatymyzyň size-si 3) we boşluga uly ýa-da kiçi ýazmak isleýän hatyňyzy ýazmaly.
Meselem:
(font size="7") Hat (/font)
Şeýle görüner :
Hat2. (font color="...") (/font)-bu size haty reňkli ýazmaga kömek eder. Ulanmak üçin köp nokada derek saýlan reňkiňizi iňlisçe ýazmaly (Gyzyl ýazmak isleseňiz köp nokadyň ornuna red diýip ýazmaly) we boşluga reňkli etmegi isleýäniňiz ýazgyny ýazmaly.
Meselem: (font color="blue") ýazgy (/font)
Şeýle görüner:
ýazgyAdy bolmadyk reňkleri hem ulanmak üçin 'font color'-yň ýene bir görnüşi bar. Bu #FFFFFF-dan #000000-a çenli bar.
Meselem: (font color="#DABADE") Legend (/font)
Şeýle görüner:
LegendEgerde isleýäniňiz reňkiň koduny bilmeýän bolsaňyz teswirlerde menden sorap bilersiňiz.
3. (font face="...") (/font)- bu size ýazgyňyzyň stilini üýtgetmekde kömek eder.
(font face="...") (/font) işletmek üçin köp nokada ýazgy stilini ýazyň we boşluga stilini üýtgetmek isleýäniňiz haty ýazyň(font face köp saýtda işlemeýär)
Ýatlatma:() ornuna <> goýuň. Men <> goýsam ol size görünmez. Şol sebäpden men () goýýan.
üstüne bashref>
Dowamy bar...