𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
05.02.2022 17:59
Wikipediýa hakynda köp kişiniň bilmeýäni 10 maglumat
Wikipediýa, biri birinden tapawutly millionlarça makalasy we millionlarça ulanyjysy bilen dünýäniň iň meşhur internet anlopediýasy bolup tanalýar. Jemi 282 dilde hyzmat berýän bu saýtda, islendik ulanyjy makala ýazyp bilýär.
Wikipediýa pul gazanmak üçin gurulmady, adamlara birnäçe zat öwretmek üçin guruldy, şonuň üçin adamlar maglumatlary rahat okap bilsin diýip saýt reklama alanok. Eger alsady, dünýäniň iň baý markalaryndan hem bolup bilerdi.
Indi bolsa Wikipediýa hakynda 10 maglumaty okaly:
1. Wikipediýa, 2001-iň 15-nji ýanwarynda Jimmy Wales we Larry Sanger tarapyndan guruldy.
2. Wikipediýa sözi "web saýt" diýmegi aňladýan "wiki" we "gysgaldylan anlopediýa" diýmegi aňladýan "pedia" sözlerinden durýar.
3. Wikipediýada günde 800-den gowrak täze makala ýazylýar. Saýtda jemi 60 milliondan gowrak makala bar.
4. Wikipediýanyň iň köp dogurlanan makalasy jemi 60.000 gezek dogurlanan George W. Bush makalasydyr.
5. Wikipediýada iň köp Iňlis, Nemes, Fransuz dillerinde ýazylan makala bar. Saýtda jemi 282 dilde makala ýazmak mümkin.
6. Wikipediýa, 09.09.2007-ä çenli jemi 2.000.000-dan gowrak iňlisçe makalasy bilen, dünýäniň iň uly iňlis anlopediýasy boldy.
7. Wikipediýada her kişi islän makalasyny (adminleriň gorag goýanlaryndan başga) dogurlap bilýär. Bu kişilere "Wikipedians" diýilýär.
8. Wikipediýada 40mlndan köp ulanyjy, 1.147 admin bar
9. Wikipediýa bu güne çenli; Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Eýran, Pakistan, Russiýa, Arabystan, Siriýa, Taýland, Tunus, Angliýa, Özbegistan, Wenesuela we Türkiýede gadagan edildi.
10. Richard Farmbrough, bu güne çenli jemi 1.000.000-dan köp makala paýlaşyp, iň aktiw ulanyjy boldy.
10
67
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
05.02.2022 12:32
✓G.G.5: iň gülkünçler✓
𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎
#27) dälihananyň baş lukmany:
-sen näme üçin bu ýere düşdüň
däli:
+Sary deregine ýaşyl reňki halaýanym üçin
-munuň nämesi dälilik, menem ýaşyly halaýan
+Şeýlemi, a siz duzly ýaşyly halaýaňyzmy ýa-da burçly
⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎
#28) -kaka maňa 5 manat berjekmi?
+4 manat, 3 manady näme etjek, 2 manat nämäňe ýetenok, al şu 1 manady, 50 teňňesini yzyna getir ýöne.
☕︎☕︎☕︎☕︎☕︎☕︎
#29) -Salam, tanyşalymy
+Haçan gördüň gara öküz bilen akja guşuň tanyşanyny
-bolýa onda men uçdum
✍︎✍︎✍︎✍︎✍︎
#30) -dos 3 örküçli düýä näme diýilýär
+Aý dos şonam bileňokmy, göwreli 2 örküçli düýe diýilýär.
♧︎︎︎♧︎︎︎♧︎︎︎♧︎︎︎♧︎︎︎
#31) Bir mugallymyñ öñünden Döw çykýar-da:
-men seni iýjek diýipdir. Mugallym:
-meni iýme saña talyp getirip berjek diýse, Döw:
-ýok gerek däl, geçen sapar 2 talyby bishirjek bolup gazana salsam, gazandaky bar kartoshkalary çöpläp iýipdirler...
✈︎✈︎✈︎✈︎
#32) Äri içgili gelip:- Ejesi bu gün doglan günüň. Men saña näme sowgat edeýin? Aýaly haýran galyp:- Tüweleme, gulaklaryma ynanamok, 20 ýyldan bäri bu gepi eşidip görmänsoñ oýlanybam görmandirin kakasy... Äri hem:- Onda saña ýene 20 ýyl wagt berjek, oýlanyp bolansoñ aýdarsyñ, men içerde ýatjak- diýipdir
🄴🄵🅂🄾
#33) polisiýa maşyny saklaýar,
-Gutlaýas, ýol düzgünlerini doly we dogry berjaý eden diňe siz, bizden 500 manat utduňyz, bu puly nämä ulanjak
+Ilkä prawa alaryn
-näme prawaňyz ýokmy
Sürüjiniň aýaly: Siz munuň gepine üns bermäň içse bolgusyz gepleýä
-näme siz içgili halyňyza maşyn sürýäňizmi
Sürüjiniň ogly: eje-kaka, bu polisiýa maşynyň ogurlanandygynam bilýärmikä
-Nämeeee???
🅛︎🅔︎🅖︎🅔︎🅝︎🅓︎
#34) Ýokary okuw jaýyna girmek üçin ekzamende sorag soraýarlar:
-Siz Puşkini tanaýaňyzmy?
-Ýok.
-Magtymguly, Zelili, Kemine bilen tanyşlygyňyz nähili?
-Bularam tanamok.
-Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow dagylary bir tanaýaňyzmy?
-Bular bilenem tanyş däl.
-Gidip bilersiňiz. Indiki ýyl geliň. Ekzamen tabşyryp bilmedik dostumyz keýpsiz gapydan çykýar. Daşardakylar ondan soraýar:
-Nätdiň? Geçdiňmi?
-Ýok-laý, tanyşyň bolmasa geçirenoklar-laý.
✯🄺🄸🄽🄶
Iň gülkünji haýsy? Teswirlerde ýazyň ;)
Dowamy bolmalymy?
Hawa👍🏻|Ýok👎🏻
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!
10
95
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
05.02.2022 12:27
Degişmeler Zynjyry 9:
#39) -Oglum salam, bu men kakaň, sen haty tiz okap bilmeýäniň üçin ýazgyny assa ýazýan. Geçen hepde diňe 2 saparjyk ýagyş ýagdy. Biri 4, beýlekisi 3 gün dowam etdi. Gyz doganyň göwreli boldy. Ýöne entek oglanmy, gyzmy belli däl, şonuň üçin daýymy, daýzamy boljakdygyňy bilemok. Ejeň gazetde "Adamlar köplenç öýüniň 2 km ýakynynda ölýärler" diýen habary okady, şonuň üçin göçdük. 5 otagly öýümizi 1 otagly öýe çalyşdyk. Hä bir gowy habarym bar, düýn ejeň telefonuna bir sms geldi, lotodan 5.000.000. manat utupdyrys. Ýöne puly ibermezlerinden öň 2.000 manat eltip bermek puluny tölemelimiş. Bizem töledik şuwagt puluň gelerine garaşýas. Geçen hepde agaňa çölde täze dükan açdyk. 4 manatdan çörek alyp 3 manatdan satýar. Jigiň tüweleme örän ökde. Synpynda iň köp bahany alýan kişi, gündeligi doly 2-lik bilen 3-lük. Egniňe zat giýip ýörgün, üşäýme. Bilýäň nähili sowuk Garagum ÇÖLI.
**************
Ýylgyrdyňmy?
10
62
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31.01.2022 16:35
Gülmek üçin güýmenje 4:
✩✩✩✩✩✩✩✩✩✩
#21) -Bagyşlarsyňyz gepiňizi bölýän
+Hawa, aýdyberiň
-hiç zat aýtjak däl, gepiňizi bölesim geldi.
☆☆☆☆☆☆☆☆☆☆
#22)– Kaka, sen maňa düýşümde kiçijik bir şokolad alyp berdiň.
– Maňa gulak asyp, oňatja bolsaň, düýşüňde men saňa ullakan şokolad hem alyp bererin!
✯✯✯✯✯✯✯✯✯✯
#23)– Kaka, men şu gün 50 teňňe tygşytladym!
– Berekella, oglum! Sen ony nädip tygşytladyň?
– Ir bilen awtobusa münmedim-de, sapagyma gija galmazlyk üçin, tä mekdebe çenli şonuň yzyna düşüp ylgadym.
– Akmak! Ylganyňa görä, taksiniň yzyna düşüp ylgamaly ekeniň. Has hem köp pul tygşytlardyň!
✰✰✰✰✰✰✰✰✰✰
#24) Gullukdaky ogly:
- Kaka, bu ýerdäki oglanlaryň barysy tupoý ekeni, öz eşiklerinide ýuwup bilenoklar
-Onsoň olara kim ýuwup berýä
-men
★★★★★★★★★★
#25) Näme üçin okaňok, ýene-de ikilik aldyň. okamakdan ölen ýok-how, diýp mugallym okuwça käýinýär.
Okuwçy:
- Bilýän, ýoldaş mugallym, onda-da riskowat etmäýin diýýänläý
✵✵✵✵✵✵✵✵✵✵
#26) Bir serhoş duralgada durka, gapdalyndaky negre gözi düşyar.
Ol synçgyryp:
-Gör-le, dirije maýmyn! - diýýär.
Negr: -Men maýmyn däl, adam. Afrikada doglanym üçin reñkim hüýt gara - diýýar.
Serhoş ýene-de synçgyryar-da:
-Bäää, gepleýarem-aý özem nidawolny! - diýýär.
✫✫✫✫✫✫✫✫✫✫
Iň köp haýsyna güldüňiz
Teswirlerde ýazyň :)
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!
12
94
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
30.01.2022 21:24
Gülmek üçin güýmenje 2:
⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎
#11) Kiçi wagtym saçymy syrdyrypdym. Mugallym pursatdan peýdalanyp, kelläme halka geýdirip okuwçylara saturn planetasyny görkezdi.
⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎
#12) Polisiýa bir ogryny kowalaýarmyş. Ogry hem ondan gaçyp, 16-njy etažyň ýokarsyna çykýar. Polisiýa hem onuň yzy bilen ýokaryk çykýar. Ogry aljyrap özüni 16-njy etaždan oklaýar. Ogry asmanda gaýyp gelýarkä uly gykylyk edip gygyrýamyş:
-Heý, adamlar, tutuň ogryny! Men ogry! Tutuň meni, sypdyrmaň!
⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎
#13) Ýangyn söndürijilere jaň gelýär: -Ýanýan, basymrak geliň, öýüm ýanýa.... Operator oňa jogap berýär: -Çakylyk kabul edildi. A siziň öýüňize nädip barmaly? Öýi ýanýan: -siz näme meň üstümden güljek bolýaňyzmy?....Ullakan gyzyl maşyna münüp geliň..
⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎
#14) Bir gün gündüziň günortany bankda talaňçylyk bolupdyr. Banka gelen talaňçylar: Gymyldamaň! Pul döwletiňki, jan bolsa siziňki diýipdir. Herkim sesini çykarman, ýuwaşlyk bilen aşak ýatypdyr. Muňa "Pikir üýtgetme" diýilýär. Öwrenşilen düşünjäni üýtgetmek. Soň zenan maşgalaň biri stoluň üstüne egilip, ýatypdyr. Muny gören talaňçy: - Narmalny bolup, ýerde ýat. Bu talaňçylyk, zorlama ýok diýipdir. Muňa "Proffesionallyk" diýilýär. Işiň näme bolsa, ähli ünsiň şonda bolmak. Soň talaňçylar pul baryny alyp, gaçýarlar. Barmaly ýerlerine baransoňlar, talaňçylaryň ýaş bolany beýlekisine: - Bol, indi alan pullarymyzy sanaly diýýär. Ýaşulysy: - Haý, samsyjak. munça pulam bir sanalarmy. Agşam telewizordan näçe pul alyp gaýdanymyzy aýdarlar diýýär. Muňa "Tejribe" diýilýär. Okuwdan has gerekli we peýdaly. Talaňçylar bankdan gaçyp gaýdansoň, şol şahamçaň müdiri kömekçisine: - Dessine, polisiýa jaň et diýýär. Kömekçisi bolsa: - Başlyk, dur entek howlukma. Bizem 10 milýon ýaly özümize alyp, ogurlanan 70 milýon dollaryň üstine goşsak näder?! diýýär. Muňa "Tolkuny tutmak" diýilýär. Başyňa gelen bir işi öz peýdaňa öwürmek. Müdir bolsa: - Wah, her aý bir talaňçylyk bolsa bolmajakmy.. hezil ederdigaý diýýär. Muňa "Dertlerden dynmak" diýilýär. Şahsy bähbidiňi işiňden öňde goýmak. Agşam habarlarda bankdan 100 milýon dollar ogurlandy diýip, habar berýärler. Ogurlan pullaryny aýdylan sandan az gören talaňçylar otyryp, birnäçe gezek alan pullaryny sanapdyrlar. Bary ýogy 20 milýon çykýan eken. Gazaba giren ýaşuly talaňçy şeýle diýipdir: - Biz janymyzy howp astyna salyp 20 milýon alýas. Bankyň müdiri bir elini galgadyp 80 milýon alýar. Talaňçy bolanyňdan adam ýaly okuw okanyň gowy eken diýýär. Muňa "Güýçli birini, bilimli müňini ýykar" diýilýär
⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎
#15) Ekzamen bolupdur: 1-baý talyp ekzamen tabşyryp dur. Mugallym sorag beripdir. Atom bombasy näçinji ýylda partlapdyr. Baý talyp 1945 ýyl diýipdir. Dogry. Bahañ 5. Soñ orta hal talypdan sorapdyr. Atom bombasy näçinji ýyl partlapdyr. 1945 ýylda. Nirede? Ýaponiýada. Bolýada bahañ 4. Ahyry garyp talypdan sorapdyr. Atom bombasy näçinji ýyl partlapdyr? 1945 ýyl. Nirede? Ýaponiýada, Ýaponiýanyñ haýsy şäherinde.? Hirosimada. näçe adam ölüpdir?. 245 müñ.-Adamlaryñ adyny aýt?-diýipdir..
⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎
Iň köp haýsyna güldüňiz
Teswirlerde ýazyň :)
.
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas![/b]
11
122
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
30.01.2022 21:13
Gülmek üçin güýmenje:
#1) Uzakly gije nirede bolduň?
-Kaka, meni şäheriň blatnoýlary daşyma tegelenip depdilerde pulumy aldylar.
- Ol 5 minudyň işi, men senden uzakly gije nirede bolduň diýip soraýan?!
******
#2) Bir zatlar içelimäý?
- Içeli
- Gök çaýa näme diýýañ?
- Gök çaý diýýän menä, a sen?
******
#3) Bir amerikan bir orsdan soraýar:
-Bagyşlaň, orslar köp arak içýä diýýäler, şol dogrumy? Siz bir stakan arak içermisiňiz?
-Elbetde! Duza basylan hyýarjagaz bilen içsem hemmesi gül ýaly bolar.
-A üç stakan içermisiňiz?
-Elbetde! Üç stakany üç sany hyýar bilen içerin, gürrüňi bolmaz.
-A ýüz stakan içermiň?
-Gulagyň galýamy? Onça hyýary men nädip iýeýin!?
******
#4) Oglanlar üýşüp dostuna garaşyp otyr, onsoň içleri gysyp özara dilleşýäler, Myrat gelip ilkinji kime salam berse şol hakyky tupoýdyr...Myrat gelýär: - Hemmä salam...
******
#5) GAI işden gelýär, şol wagt ogly-da okuwdan gelýär:
-Okuwlar nähili oglum?
-Ähli zat gowy kaka.
-Näme kemçilik?
-Kemçilik ýok kaka.
-Bahalar näçelik?
-Bäşlik kaka.
-Hany gündeligi getir göreli! ...Ogly kakasynyñ jübüsine 2 manat pul dykyp:
-Kaka gyssanyp durdym, daşa çykyp geljekdim.
-bar oglum ýoluñ ak bolsun!...
******
#6) 2 ýaşly gyzjagaz 3 ýaşly oglan doganynyň elindäki şokolada dawa edýä :
- O señki däl meniñki, seňkini iýdim men.
******
#7) Öýe gelsem, gaty iş kän eken. Diwanda ýatylmandyr, telewizor görülmändir, internedem ulanylmandyr.
******
#8) Mugallym okuwçylar bilen tejribe geçýär. Bir stakana süýt guýýar, beýleki stakana arak guýýar. Iki stakanlarada gurçuk taşlaýar. Ilki süýtdäki gurçuk çişip semräp ugraýar. Arakdaky gurçuk kän durman ölýär we ýene şol stakana gurçuk taşlaýar, olam ölýär. Soň mugallym soraýar ýeri nähili netije çykardyňyz?
Okuwçy içiňdäki gurçuklary öldürmek üçin känräjik arak içmeli diýip jogap berýär.
******
#9) iki dos gepleşýä
-dos, men öý aljak
+nädip?
-maşynymy satyp
+dos, sende maşynyň ýoga
-hawa, şonuň üçin maşyn aljak
+maşyn almak üçin puly nirden tapjak?
-puly berjek adamy tapyp
+beýle adamy nädip tapjak
-puly berjek adamy tapýan kişi tapyp, nähili pikir
+daşda
******
#10)Barlagçy: Öňümden çykan syrkawyňyzdan adyny soraýan welin, "Men Görogly" diýip durlarlaý?!
Dälihanaň baş lukmany: Dälileriň gepine gitmäweriň, hakyky Görogla men bolmaly.
******
Haýsysy has gülkünç,
teswirlerde ýazyň :)
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!
👍
11
97
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
27.01.2022 10:13
2022-NIŇ ÝANWAR AÝYNDA DÜNÝÄNIŇ IŇ BAÝ 10 ADAMYNDAN DIŇEJE BIRI BAÝLYGYNY ARTDYRYP BILDI
(ELON MUSK DÄL)
Ýanwar aýynyň başyndan häzire çenli iň baý 10 adamdan diňe 1-i baýlygyny artdyrdy. Galanlary bolsa 10-larça milliard dollar ýitirdi.
Dünýäniň iň beýik şereketleriniň gurujylary we iň meşhur iş adamlarynyň adynyň ýazany dünýäniň iň baýlary sanawy, koronawirus saýasynda baýlygyny artdyrdy.
Ýöne, 2022 ýyly, milliarderler üçin şowly bolmady. 10 milliarderden diňe biri baýlygyny köpeltdi. Ol adam bolsa Warren Buffet. Galan milliarderler ýanwar aýynyň başyndan bäri azyndan 7,4 milliard dollaryny ýitirdi.
Dünýäniň iň baý 10 adamynyň baýlygy soňky 1 aýda nähili üýtgedi?!
INE DÜNÝÄNIŇ IŇ BAÝ 10 ADAMYNYŇ SANAWY:
Elon Musk: 273 milliard dollar (-32,9 milliard dollar)
Jeff Bezos: 165 milliard dollar (-27,4 milliard dollar)
Bernard Arnault: 157 milliard dollar (-21 milliard dollar)
Bill Gates: 127 milliard dollar (-11 milliard dollar)
Larry Page: 114 milliard dollar (-14,6 milliard dollar)
Mark Zuckerberg: 112 milliard dollar (-13,2 milliard dollar)
Warren Buffett: 112 milliard dollar (+2,56 milliard dollar)
Sergey Brin: 110 milliard dollar (-14 milliard dollar)
Steve Ballmer: 104 milliard dollar (-16 milliard dollar)
Larry Ellison: 99,7 milliard dollar (-7,43 milliard dollar)
Sanawda görüşimiz ýaly iň köp puluny ýitiren SpaceX we Teslanyň eýesi Elon Musk. We iň az puluny ýitiren Larry Ellison. Sanawda tehnologiýa şereketleriniň eýeleriniň beýlekilerden has köp pul ýitireni mälim.
14
1 779