https://owrenmeli.app/19656-dz9.html#comment
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
05.02.2022 12:27
Degişmeler Zynjyry 9:
#39) -Oglum salam, bu men kakaň, sen haty tiz okap bilmeýäniň üçin ýazgyny assa ýazýan. Geçen hepde diňe 2 saparjyk ýagyş ýagdy. Biri 4, beýlekisi 3 gün dowam etdi. Gyz doganyň göwreli boldy. Ýöne entek oglanmy, gyzmy belli däl, şonuň üçin daýymy, daýzamy boljakdygyňy bilemok. Ejeň gazetde "Adamlar köplenç öýüniň 2 km ýakynynda ölýärler" diýen habary okady, şonuň üçin göçdük. 5 otagly öýümizi 1 otagly öýe çalyşdyk. Hä bir gowy habarym bar, düýn ejeň telefonuna bir sms geldi, lotodan 5.000.000. manat utupdyrys. Ýöne puly ibermezlerinden öň 2.000 manat eltip bermek puluny tölemelimiş. Bizem töledik şuwagt puluň gelerine garaşýas. Geçen hepde agaňa çölde täze dükan açdyk. 4 manatdan çörek alyp 3 manatdan satýar. Jigiň tüweleme örän ökde. Synpynda iň köp bahany alýan kişi, gündeligi doly 2-lik bilen 3-lük. Egniňe zat giýip ýörgün, üşäýme. Bilýäň nähili sowuk Garagum ÇÖLI.
**************
Ýylgyrdyňmy?
10
62