https://owrenmeli.app/19458-gulmek-ucin-guymenje-1.html#comment
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
30.01.2022 21:13
Gülmek üçin güýmenje:
#1) Uzakly gije nirede bolduň?
-Kaka, meni şäheriň blatnoýlary daşyma tegelenip depdilerde pulumy aldylar.
- Ol 5 minudyň işi, men senden uzakly gije nirede bolduň diýip soraýan?!
******
#2) Bir zatlar içelimäý?
- Içeli
- Gök çaýa näme diýýañ?
- Gök çaý diýýän menä, a sen?
******
#3) Bir amerikan bir orsdan soraýar:
-Bagyşlaň, orslar köp arak içýä diýýäler, şol dogrumy? Siz bir stakan arak içermisiňiz?
-Elbetde! Duza basylan hyýarjagaz bilen içsem hemmesi gül ýaly bolar.
-A üç stakan içermisiňiz?
-Elbetde! Üç stakany üç sany hyýar bilen içerin, gürrüňi bolmaz.
-A ýüz stakan içermiň?
-Gulagyň galýamy? Onça hyýary men nädip iýeýin!?
******
#4) Oglanlar üýşüp dostuna garaşyp otyr, onsoň içleri gysyp özara dilleşýäler, Myrat gelip ilkinji kime salam berse şol hakyky tupoýdyr...Myrat gelýär: - Hemmä salam...
******
#5) GAI işden gelýär, şol wagt ogly-da okuwdan gelýär:
-Okuwlar nähili oglum?
-Ähli zat gowy kaka.
-Näme kemçilik?
-Kemçilik ýok kaka.
-Bahalar näçelik?
-Bäşlik kaka.
-Hany gündeligi getir göreli! ...Ogly kakasynyñ jübüsine 2 manat pul dykyp:
-Kaka gyssanyp durdym, daşa çykyp geljekdim.
-bar oglum ýoluñ ak bolsun!...
******
#6) 2 ýaşly gyzjagaz 3 ýaşly oglan doganynyň elindäki şokolada dawa edýä :
- O señki däl meniñki, seňkini iýdim men.
******
#7) Öýe gelsem, gaty iş kän eken. Diwanda ýatylmandyr, telewizor görülmändir, internedem ulanylmandyr.
******
#8) Mugallym okuwçylar bilen tejribe geçýär. Bir stakana süýt guýýar, beýleki stakana arak guýýar. Iki stakanlarada gurçuk taşlaýar. Ilki süýtdäki gurçuk çişip semräp ugraýar. Arakdaky gurçuk kän durman ölýär we ýene şol stakana gurçuk taşlaýar, olam ölýär. Soň mugallym soraýar ýeri nähili netije çykardyňyz?
Okuwçy içiňdäki gurçuklary öldürmek üçin känräjik arak içmeli diýip jogap berýär.
******
#9) iki dos gepleşýä
-dos, men öý aljak
+nädip?
-maşynymy satyp
+dos, sende maşynyň ýoga
-hawa, şonuň üçin maşyn aljak
+maşyn almak üçin puly nirden tapjak?
-puly berjek adamy tapyp
+beýle adamy nädip tapjak
-puly berjek adamy tapýan kişi tapyp, nähili pikir
+daşda
******
#10)Barlagçy: Öňümden çykan syrkawyňyzdan adyny soraýan welin, "Men Görogly" diýip durlarlaý?!
Dälihanaň baş lukmany: Dälileriň gepine gitmäweriň, hakyky Görogla men bolmaly.
******
Haýsysy has gülkünç,
teswirlerde ýazyň :)
Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!
👍
11
97