https://owrenmeli.app/19657-gg5.html#comment
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
05.02.2022 12:32
✓G.G.5: iň gülkünçler✓
𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎𒊹︎︎︎
#27) dälihananyň baş lukmany:
-sen näme üçin bu ýere düşdüň
däli:
+Sary deregine ýaşyl reňki halaýanym üçin
-munuň nämesi dälilik, menem ýaşyly halaýan
+Şeýlemi, a siz duzly ýaşyly halaýaňyzmy ýa-da burçly
⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎⌨︎
#28) -kaka maňa 5 manat berjekmi?
+4 manat, 3 manady näme etjek, 2 manat nämäňe ýetenok, al şu 1 manady, 50 teňňesini yzyna getir ýöne.
☕︎☕︎☕︎☕︎☕︎☕︎
#29) -Salam, tanyşalymy
+Haçan gördüň gara öküz bilen akja guşuň tanyşanyny
-bolýa onda men uçdum
✍︎✍︎✍︎✍︎✍︎
#30) -dos 3 örküçli düýä näme diýilýär
+Aý dos şonam bileňokmy, göwreli 2 örküçli düýe diýilýär.
♧︎︎︎♧︎︎︎♧︎︎︎♧︎︎︎♧︎︎︎
#31) Bir mugallymyñ öñünden Döw çykýar-da:
-men seni iýjek diýipdir. Mugallym:
-meni iýme saña talyp getirip berjek diýse, Döw:
-ýok gerek däl, geçen sapar 2 talyby bishirjek bolup gazana salsam, gazandaky bar kartoshkalary çöpläp iýipdirler...
✈︎✈︎✈︎✈︎
#32) Äri içgili gelip:- Ejesi bu gün doglan günüň. Men saña näme sowgat edeýin? Aýaly haýran galyp:- Tüweleme, gulaklaryma ynanamok, 20 ýyldan bäri bu gepi eşidip görmänsoñ oýlanybam görmandirin kakasy... Äri hem:- Onda saña ýene 20 ýyl wagt berjek, oýlanyp bolansoñ aýdarsyñ, men içerde ýatjak- diýipdir
🄴🄵🅂🄾
#33) polisiýa maşyny saklaýar,
-Gutlaýas, ýol düzgünlerini doly we dogry berjaý eden diňe siz, bizden 500 manat utduňyz, bu puly nämä ulanjak
+Ilkä prawa alaryn
-näme prawaňyz ýokmy
Sürüjiniň aýaly: Siz munuň gepine üns bermäň içse bolgusyz gepleýä
-näme siz içgili halyňyza maşyn sürýäňizmi
Sürüjiniň ogly: eje-kaka, bu polisiýa maşynyň ogurlanandygynam bilýärmikä
-Nämeeee???
🅛︎🅔︎🅖︎🅔︎🅝︎🅓︎
#34) Ýokary okuw jaýyna girmek üçin ekzamende sorag soraýarlar:
-Siz Puşkini tanaýaňyzmy?
-Ýok.
-Magtymguly, Zelili, Kemine bilen tanyşlygyňyz nähili?
-Bularam tanamok.
-Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow dagylary bir tanaýaňyzmy?
-Bular bilenem tanyş däl.
-Gidip bilersiňiz. Indiki ýyl geliň. Ekzamen tabşyryp bilmedik dostumyz keýpsiz gapydan çykýar. Daşardakylar ondan soraýar:
-Nätdiň? Geçdiňmi?
-Ýok-laý, tanyşyň bolmasa geçirenoklar-laý.
✯🄺🄸🄽🄶
Iň gülkünji haýsy? Teswirlerde ýazyň ;)
Dowamy bolmalymy?
Hawa👍🏻|Ýok👎🏻Efsonyň ähli postlaryny görmek üçin şu hatyň üstüne bas!
10
95