❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
03.08.2021 07:47
Peýdaly maslahatlar (gök çaý barada)
1.Demini alan sowuk cay bilen yuzunizi yuwsanyz, yuzuniz nurlanar.
2.Gury caýy mazaly owradyp, ezip, ony ýanan ýeriňize ýapsanyz, ýarany tiz bitiryar.
3.Unutmaň! Dermanlary dine suw bilen icmelidir. Çünki derman cay bilen içilende, ol eremeýän birlesmeleri emele getiryar-de, asgazanda çökup galyar.
4. Mylaýym caýa ollenen pamygy gabaklaryňyza goysanyz, wagtyndan on yygyrt atmagynyň onuni alar.
5.Ulag caýkanda ya-da basga bir zat sebap bolup yurek bulananda gury cay ceynelise, hayry deger.
6. Ajy cay bitmeyan yaralara onat tasir edyar. Munun ucin arassa hasany ýyly caýa öllap, ýara ýapmaly.
7.Ajy caýyň yzygiderli icilmegi asgazandaky we on iki barmak icegedaki ýaralaryň bitmegine hem komek edyar.
8.Gok caý beyni damarlarynyň gysylmagyny aradan aýyryar, nerw dartgynlylygyny gowsatmaga kömek edyar.
9.Suytli gara caya azrak gara burc bilen bal garyp icseniz, ol dumewden acylmagynyza komek eder.
10.Gok caý adam bedeniniň ahli ulgamlaryna we beden agzalaryna onayly tasir edyar. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge komek edyar, yurek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar.
11
206
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.08.2021 16:28
Nar iň peýdaly miweleriň biri hasaplanylýar, çünki ol peýdaly alamatlaryň uly toplumyny üpjün edýän özboluşly düzüme eýedir. Hünärmenler nary näme üçin yzygiderli iýmelidiginiň sebäbini düşündirdiler:
1. Onuň kömegi bilen siz uzak ýyllaryň dowamynda görejiňiziň ýitiligini saklap bilersiňiz, sebäbi bu miwe howply göz keselleriniň ençemesinden goraýar. Esasan hem, kompýuter bilen işleýänlere nary köpräk iýmek maslahat berilýär.
2. Sowuklama kesellerinde bahasyna ýetip bolmajak kömekçi. Bu miwe gyzgyny peseldýär we keseliň alamatlaryny ýeňilleşdirýär. Şeýle-de, nar immun sistemany berkidiji serişde hökmünde hem gymmatly.
3. Ýürek-damar ulgamynyň saglygy üçin hem iň gowy iýmit. Nar holesteriniň derejesini kada getirip, ýüregi düýpli kesellerden goramaga ýardam edýär.
Gan basyşy peseltmäge ukyply, bu bolsa gipertoniýaly syrkawlar üçin örän möhüm. Emma gan basyşy pes bolan adamlar nary seresaplylyk bilen kabul etmeli.
4. Horlanmak prosesini tizleşdirýär. Onuň düzüminde kaloriýa az mukdarda saklanýar: 100 g önüme 60. Mundan başga-da, nar madda çalşygy prosesini çaltlandyrmaga ukyply, şonuň üçin ony sagdyn agram barada alada edýän her bir adam öz menýusyna goşmaly.
Ol aşpezlikde hem işjeň ulanylýar, sebäbi ol işdäaçar üçin ingrediýent ýa-da etli naharlara iň gowy goşundy hökmünde çykyş edip bilýär.
5. Antioksidantlaryň çeşmesi. Hakykatda ösümlik gelip çykyşly ähli miweler antioksidant hereketine eýe, ýöne bu meselede nara taý geljegi ýok, ol organizmi hatda radiasiýa täsirinden soň hem dikeldip bilýär.
6. Kosmetologiýada işjeň ulanylýar. Nar deriniň ýagdaýy bilen bagly meseleleriň ençemesini çözmäge ukyply, şonuň üçin ony öý ýapgysynyň bir komponenti hökmünde ulanmak maslahat berilýär.
9
57
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.08.2021 16:11
1)Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.
2)Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.
3)Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr.
4)Bary-ýogy 1 gram altyndan uzynlygy 3,5 kilometr bolan sim almak
mümkin.
4)Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara «Telepoçta», «Gwardiýaçylar», «Bank», «Kitaphana», «Muzeýler ýygyndysy» ýaly komandalar gatnaşýarlar.
5)Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.
6)Leonardo da Winçi «Mona Lizanyň» dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap iş edinipdir.
7)Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere görä göni iki esse köp gepleşýärler.
8)Maýk Taýsoň professional ringde
geçiren boks ýaryşlarynyň 51-sinden
21 -sinde garşydaşyny ilkinji sekuntda
nokaut bilen ýatyrdy.
9)Atly ýadygärliklerde eger atyň iki öň aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar.
9
84
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.08.2021 15:29
1)Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.
2)Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.
3)Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr.
4)Bary-ýogy 1 gram altyndan uzynlygy 3,5 kilometr bolan sim almak
mümkin.
5)Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara «Telepoçta», «Gwardiýaçylar», «Bank», «Kitaphana», «Muzeýler ýygyndysy» ýaly komandalar gatnaşýarlar.
6)Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.
7)Leonardo da Winçi «Mona Lizanyň» dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap iş edinipdir.
8)Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere görä göni iki esse köp gepleşýärler.
9)Maýk Taýsoň professional ringde
geçiren boks ýaryşlarynyň 51-sinden
21 -sinde garşydaşyny ilkinji sekuntda
nokaut bilen ýatyrdy.
10)Atly ýadygärliklerde eger atyň iki öň aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar.
0
14
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
01.08.2021 13:36
Säher bile,şäherime çykýaryn,
Ol günden däl, ol ýüzlerden ýap-ýagty.
Köçelerem ýagty aýna mysaly.
Agşam ýagyş ýagdy.
Juda köp ýagdy.
Adamlardan hyň berip dur awtobus,
Ýegşerilip barýar, çygynyp barýar.
Kiosklaň öňi giden märeke.
Märeke — gazete nobata durýar.
Açyk penjireden,
ikinji gatdan
Ýaňlandyrýar bar köçäni «Gözel ýar».
Bir jenanam agşam ýanyna girip,
Säher diri ýiten ýigdi gözleýär.
Başga biri saçyn döküp egnine
Ýençýär gaýgyrman gara roýaly.
Nazik dodaklaryn dişläp, ýençýär ol,
Weli Muhadowda ary bar ýaly.
Bitaý geýen köwşi bilen ýer dyrmap,
Fizik — professor, aljyraňňy är,
Unudyp leksiýa, seminarlary,
Dynç gününi,
Dynç gününi diňleýär!
Adam sili iki-ýana urunýar,
Ýüzlerinde, gözlerinde gussa ýok.
Olar juda meňzeş biri-birine,
Olar juda bir-birine meňzänok.
Oňat adamlary söýýän ýürekden,
Bilýän, bu akymda erbetleň baryn.
Ýöne oňatlaryň içine garyp,
Bu dynç güni men olaram söýýärin.
Goý, güňlesin ýurt üstünde bu asyr!
Hem diňlesin ýürek bile dynç güni.
Bu adamlar dynç almagy söýýärler.
Bu adamlar gorarlaram dynçlygy!
Gurbannazar Ezizow
8
108
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
31.07.2021 17:00
Essalawmaleýkim,
Birinji memmer.
Reňkiňi gördüm, ysyňa ýol ber!
Gümmeziň üstünde owadan ene,
Çagasyn gujaklap, bakyp dur Güne.
Mermeriň ýüzünde üç sany setir
Lowurdaýar göýä Ene diriligi:
Özi ölüp, ömrün köşegne berip,
Ýaş giden eneleň
Ýadygärligi
Enäniň gaşynda dem salym otyr,
Ýok, ýok, beýik Enäň öňünde ör tur!
Essalawmaleýkim,
Ikinji memmer,
Jägildiň gelip dur, ýanyňa ýol ber!
...Gümmeziň üstünde eýjejik bäbek.
Elinde – düwüni bitmedik göbek.
Ýygrylypjyk otyr... Gözleri ýumuk.
Çigiş dek düwlüpdir goşaja ýumruk.
Mermeriň ýüzünde üç sany setir
Titreşip dur göýä säher terligi:
Enäniň-atanyň mährinden ganman,
Ýaş ölen çagalaň
Ýadygärligi
Çaganyň gaşynda dem salym otur.
Ýok, ýok, köýen
Nesliň öňünde ör tur!
Essalawmaleýkim,
Üçunji memmer,
Ahyňy eşitdim, saýaňa ýol ber!
...Gümmeziň üstünde gyz bilen ýigit.
Biri-birisine başyny egip,
Hyrçlaryny dişläp,
Bakyp dur aşak.
Gözlerden dört bulak
Akyp dur aşak...
Mermeriň ýuzünde üç sany setir
Labyrdap dur göýä Yşkyň körügi:
Biri-birisine gowşup bilmedik
Aşyk-magşuklaryň ýadygärligi
Aşyklaň gaşynda dem salym otur,
Ýok, ýok, beýik Söýgiň öňünde ör tur!
Essalawmaleýkim,
Dördünji memmer,
Ak pata alaýyn, ýanyňa ýol ber
...Gümmeziň üstünde açylgy kitap.
Içinde setirler ýanýardy tütäp...
Mermeriň ýüzünde üç sany setir
Çyrpyşyp dur göýä Ynsan ärligi:
Öz ömrün gysgaldyp halkyň ömrüni
Uzaldan şahyrlaň ýadygärligi
Bakylyk gaşynda dem salym otur,
Ýok, isleseň otur,
Isleseň ör tur! –
Haýsy bolanda-da, bagyşlar şahyr.
(Ol kimiň kimdigin tanaýar ahyr...)
...Baýyrda dört gümmez lowurdap otyr.
Derwezäň ýüzünde
«Oýlanma baýry»!
Her kim ynsabynyň güýjüne görä
Dymýar, gülýär... ýa-da
Nemleýär çaýry.
Nirede gördüňiz bu täsin baýry?
Bu gün görülmese, görüler ertir.
Onsoň ol ölçegsiz garşylap ili,
Uly ölçeg bilen
Ugradar otyr...
Kerim Gurbannepesow
10
77