Säher bile,şäherime çykýaryn,
Ol günden däl, ol ýüzlerden ýap-ýagty.
Köçelerem ýagty aýna mysaly.
Agşam ýagyş ýagdy.
Juda köp ýagdy.
Adamlardan hyň berip dur awtobus,
Ýegşerilip barýar, çygynyp barýar.
Kiosklaň öňi giden märeke.
Märeke — gazete nobata durýar.
Açyk penjireden,
ikinji gatdan
Ýaňlandyrýar bar köçäni «Gözel ýar».
Bir jenanam agşam ýanyna girip,
Säher diri ýiten ýigdi gözleýär.
Başga biri saçyn döküp egnine
Ýençýär gaýgyrman gara roýaly.
Nazik dodaklaryn dişläp, ýençýär ol,
Weli Muhadowda ary bar ýaly.
Bitaý geýen köwşi bilen ýer dyrmap,
Fizik — professor, aljyraňňy är,
Unudyp leksiýa, seminarlary,
Dynç gününi,
Dynç gününi diňleýär!
Adam sili iki-ýana urunýar,
Ýüzlerinde, gözlerinde gussa ýok.
Olar juda meňzeş biri-birine,
Olar juda bir-birine meňzänok.
Oňat adamlary söýýän ýürekden,
Bilýän, bu akymda erbetleň baryn.
Ýöne oňatlaryň içine garyp,
Bu dynç güni men olaram söýýärin.
Goý, güňlesin ýurt üstünde bu asyr!
Hem diňlesin ýürek bile dynç güni.
Bu adamlar dynç almagy söýýärler.
Bu adamlar gorarlaram dynçlygy!
Gurbannazar Ezizow