Nar iň peýdaly miweleriň biri hasaplanylýar, çünki ol peýdaly alamatlaryň uly toplumyny üpjün edýän özboluşly düzüme eýedir. Hünärmenler nary näme üçin yzygiderli iýmelidiginiň sebäbini düşündirdiler:
1. Onuň kömegi bilen siz uzak ýyllaryň dowamynda görejiňiziň ýitiligini saklap bilersiňiz, sebäbi bu miwe howply göz keselleriniň ençemesinden goraýar. Esasan hem, kompýuter bilen işleýänlere nary köpräk iýmek maslahat berilýär.
2. Sowuklama kesellerinde bahasyna ýetip bolmajak kömekçi. Bu miwe gyzgyny peseldýär we keseliň alamatlaryny ýeňilleşdirýär. Şeýle-de, nar immun sistemany berkidiji serişde hökmünde hem gymmatly.
3. Ýürek-damar ulgamynyň saglygy üçin hem iň gowy iýmit. Nar holesteriniň derejesini kada getirip, ýüregi düýpli kesellerden goramaga ýardam edýär.
Gan basyşy peseltmäge ukyply, bu bolsa gipertoniýaly syrkawlar üçin örän möhüm. Emma gan basyşy pes bolan adamlar nary seresaplylyk bilen kabul etmeli.
4. Horlanmak prosesini tizleşdirýär. Onuň düzüminde kaloriýa az mukdarda saklanýar: 100 g önüme 60. Mundan başga-da, nar madda çalşygy prosesini çaltlandyrmaga ukyply, şonuň üçin ony sagdyn agram barada alada edýän her bir adam öz menýusyna goşmaly.
Ol aşpezlikde hem işjeň ulanylýar, sebäbi ol işdäaçar üçin ingrediýent ýa-da etli naharlara iň gowy goşundy hökmünde çykyş edip bilýär.
5. Antioksidantlaryň çeşmesi. Hakykatda ösümlik gelip çykyşly ähli miweler antioksidant hereketine eýe, ýöne bu meselede nara taý geljegi ýok, ol organizmi hatda radiasiýa täsirinden soň hem dikeldip bilýär.
6. Kosmetologiýada işjeň ulanylýar. Nar deriniň ýagdaýy bilen bagly meseleleriň ençemesini çözmäge ukyply, şonuň üçin ony öý ýapgysynyň bir komponenti hökmünde ulanmak maslahat berilýär.