❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
16.02.2022 18:31
Dosta näçe serpaý etseň az ýaly,
Näçe söýseň,
Şonça söýüp ýörmeli.
Ýokdur dostuň gymmady ýa arzany.
Dost dost bolar,
Şoňa janyň bermeli.

Ýöne ol janyňy almaz hiç haçan,
Şoň üçin gar,
Gyşda galanyn bilseň
Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan
Iň soňky otluçöp dänesi bolsaň.

Gurbannazar Ezizow
8
43
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
16.02.2022 18:29
Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm,
Diýme muňa öwündigim.
Otuza ser uran günüm
Ahyr bildim göwündigiň.

Il derdine ters bakmadym,
Ony duşdan geçirmedim.
Goňşymyň için ýakmadym,
Hem oduny öçürmedim.

Aç bolmadym, ýöne weli,
Doklugymdan gägirmedim,
Ýigit kimin söýdüm ili,
Söýýän diýip gygyrmadym.

Ýöne şum iş gyssanynda,
Basylanda käte sussum,
Özüm däl, dost-ýarym üçin
Seni köpräk öňe tutdum.

Bu türkmeniň bahary deý
Ýaşlygymyz geçýär basym,
Il başyna düşen işden
Bizi hiç zat goramasyn.

Hakyň gözüne bakaly,
Şer iş ýerden göçer ýaly,
Ýüreklerde ot ýakaly,
Ojaklary öçürmäli.

Aglaly, bile güleli!
Myrat tapsyn maksat tutan.
Biz näm bolsak şo bolaly.
Bolsa bolýar, Eziz Watan!


Gurbannazar Ezizow
9
28
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
15.02.2022 15:13
Bagtyň oýanmasy

Suwuň her damjasyn altyna deňän
Biziň türkmenlerde suw hakynda kän
Rowaýatlar , hekaýatlar döräpdir ,
Köp olar sanardan ýekänme - ýekän .

« Çölde Hydyr ata duşýarmyş » diýip ,
Bir yigit bir meşik suw alyp egne ,
« Hydyr ata suw bereýin sährada ,
Alkyşyn alaýyn onuň deregne »

Diýip , ymgyr çöle çykyp gidipdir
Yöräp barýan wagty yssy - jöwzada
Oň öňünden bir ýaşuly çykypdyr ,
Peşeneli - göyä bir ýagşyzada .

« Inim , meşigiňde suw bar bolarly ,
Bir owurt ber , halys ganym gatady » .
Ýigit damja suwy gysgandy ondan ,
Ýogsa şol ýaşuly Hydyr atady .

« Men bu suwy Hydyr ata niyetläp
Alyp barýan ýoldan goýma , ýaşuly»
Diýip , ýaňky ýigit yöräberipdir ,
Teşne kişä çytyp gözün - gaşyny .

Gözden gaýyp bolýar aksakal kişi ,
Ýaňky ýigit bakan wagty beylesin .
Şol pursat bir owaz gelýär asmandan
«Suwlukda suw , bermeseň
Çölde Hydyr neylesin ?!

Ýigit şonda ýalňyşyna düşünip ,
« Her gijäni gadyr bil ,
Her görenňi Hydyr bil!»
Diýen türkmen nakylyny ýatlapdyr,
Ahmyr edip, gözlerini ýaşlapdyr.
A.Atabaýew
10
52
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
14.02.2022 00:01
14-nji fewral "HALKARA KITAP BERMEK GÜNI" (INTERNATIONAL BOOK GIVING DAY) Her ýylyň 14-nji fewralynda dünýäde üýtgeşik baýram bellenilýär- bir-birege kitap bermek. Bu baýram 2014-nji
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13.02.2022 19:44
Bir enäniň çagasyna ýazan haty Mähriban gyzym,oglum, şeýle gün geler... Men garraryn,şonda maňa diüşünjek bol,goldawym bol! Eger-de nahar iýenimde birden dökäýsem ýa-da seniň komegiňsiz geýinip
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13.02.2022 08:43
Maglumatlara görä, dünýäde 7 müň töweregi dil bar. Olaryň arasynda gadymdan gelýänlerem, soňky ýyllarda kämilleşip, aýratyn dile öwrülenleri hem bar. Alymlaryň pikirine görä, ilki haýsy diliň peýda
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13.02.2022 08:36
Bu peşgeş berilen çäklije ömri,
Guwanyp geçiriň, söýüp geçiriň.
Kitüwden-kineden belentde boluň,
Paýhas-pähime uýup geçiriň.

Özüňi tanamak bolsa näçe kyn,
Il-gün tanar — oňa ýakyn dur, ýakyn.
Ýaşamaň jahanda ogrygyn-bukyn,
Dünýäň gözelligin duýup geçiriň.

Säherde yhlas bilen saýranda guşlar,
Hiç kim diňlemese aglaýarmyşlar.
Undulmasyn dost-ýar, dogan-gardaşlar,
Sarpa saklaň, hormat goýup geçiriň.

Ýagşy bar, ýaman bar — etmäli inkär,
Bigünä geldiňmi — gitme günäkär.
Ömrüm, tiz geçseňem, geçmediň bikär —
Är kimin ýaşadym diýip geçiriň.

Berdinazar Hudaýnazarow
9
29
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12.02.2022 20:44
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Eşegiň yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belent tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Berdinazar Hudaýnazarow
16
95
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10.02.2022 21:43
Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Ölen däl, diriler galýarlar derde.
Ýöne ölen adam ölerine çen
Tanyşýar dünýäniň geçmişi bilen.
Gije-gündiz kitaplara bolup ýar,
Geçmiş bilen-taryh bilen ýaşaýar
Gomer bilen ýaşaýar,
Baýron bilen ýaşaýar,
Pyragy, Lenin bilen —
Bary bilen ýaşaýar!
Bulam az deý ol oturýar oýlanyp,
Soňra gelejege çykýar aýlanyp.
Ençe ýyldyzlaryň dünýesin açýar,
Soň ol ýyldyz bolup, süýnýär-de geçýär.

Adam ölýär,
Şeýdip ýapylýar perde.
Adam az ýaşaýar
Kän ýaşan Ýerde.

Gurbannazar Ezizow
7
40
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10.02.2022 09:57
Öwren ...

“Görýäňmi ... Biz hemişe söwüşýäris ... Bile bolup bilmeris, şeýlemi?

- Üljäni halaýarsyňmy?

- Hawa.

- Iýeniňde içiniň şänigini aýyrýarsyňmy?

- Aý hawa.

- Şeýlelik bilen durmuşda ... Şäniklerini aýyrmagy öwren we şol bir wagtyň özünde üljäni hem söýmegi
🍒🍒🍒
Учись ...

– Понимаешь… Мы ведь всё время ссоримся… Мы не можем быть вместе, да?

– А ты любишь вишню?

– Да.

– А ты выплёвываешь косточки, когда её ешь?

– Ну да.

– Так и в жизни… Учись выплевывать косточки и одновременно любить вишню.


Terjime eden:SimpleGirl



9
55