https://owrenmeli.app/19994-bu-pesges-berilen-caklije-omur.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13.02.2022 08:36
Bu peşgeş berilen çäklije ömri,
Guwanyp geçiriň, söýüp geçiriň.
Kitüwden-kineden belentde boluň,
Paýhas-pähime uýup geçiriň.
Özüňi tanamak bolsa näçe kyn,
Il-gün tanar — oňa ýakyn dur, ýakyn.
Ýaşamaň jahanda ogrygyn-bukyn,
Dünýäň gözelligin duýup geçiriň.
Säherde yhlas bilen saýranda guşlar,
Hiç kim diňlemese aglaýarmyşlar.
Undulmasyn dost-ýar, dogan-gardaşlar,
Sarpa saklaň, hormat goýup geçiriň.
Ýagşy bar, ýaman bar — etmäli inkär,
Bigünä geldiňmi — gitme günäkär.
Ömrüm, tiz geçseňem, geçmediň bikär —
Är kimin ýaşadym diýip geçiriň.
Berdinazar Hudaýnazarow
9
29