https://owrenmeli.app/20092-bagty-oyanmasy.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
15.02.2022 15:13
Bagtyň oýanmasy
Suwuň her damjasyn altyna deňän
Biziň türkmenlerde suw hakynda kän
Rowaýatlar , hekaýatlar döräpdir ,
Köp olar sanardan ýekänme - ýekän .
« Çölde Hydyr ata duşýarmyş » diýip ,
Bir yigit bir meşik suw alyp egne ,
« Hydyr ata suw bereýin sährada ,
Alkyşyn alaýyn onuň deregne »
Diýip , ymgyr çöle çykyp gidipdir
Yöräp barýan wagty yssy - jöwzada
Oň öňünden bir ýaşuly çykypdyr ,
Peşeneli - göyä bir ýagşyzada .
« Inim , meşigiňde suw bar bolarly ,
Bir owurt ber , halys ganym gatady » .
Ýigit damja suwy gysgandy ondan ,
Ýogsa şol ýaşuly Hydyr atady .
« Men bu suwy Hydyr ata niyetläp
Alyp barýan ýoldan goýma , ýaşuly»
Diýip , ýaňky ýigit yöräberipdir ,
Teşne kişä çytyp gözün - gaşyny .
Gözden gaýyp bolýar aksakal kişi ,
Ýaňky ýigit bakan wagty beylesin .
Şol pursat bir owaz gelýär asmandan
«Suwlukda suw , bermeseň
Çölde Hydyr neylesin ?!
Ýigit şonda ýalňyşyna düşünip ,
« Her gijäni gadyr bil ,
Her görenňi Hydyr bil!»
Diýen türkmen nakylyny ýatlapdyr,
Ahmyr edip, gözlerini ýaşlapdyr.
A.Atabaýew
10
52