❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12.02.2022 20:44
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Eşegiň yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe...
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belent tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.


Berdinazar Hudaýnazarow
16
95
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
15 Fewral 2022
Melikee,🙂👍🏻
Melikee
13 Fewral 2022
Boolýa..👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Fewral 2022
N.T.,hemmesine bir diýäýme!😆,

owadanjam,düşünmedim
owadanjam
12 Fewral 2022
SimpleGirl, Sen Mãrimi
N.T.
12 Fewral 2022
SimpleGirl,😅😅😅ayy bolya gowja ýöräñ büdremäñ diýerin hemmesine😁😁
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Fewral 2022
N.T.,hemmesem büdreýär şolaryňa 😅
N.T.
12 Fewral 2022
SimpleGirl,waheyy 😄😄4lik budredyarmi
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Fewral 2022
N.T.,5lik arasynda büdreýädä😆
N.T.
12 Fewral 2022
SimpleGirl,ayy bolya onda 5lik gacyp gitmese bolany shol😁
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Fewral 2022
N.T.,aý ýok 2lik meni görse gaçyp gidýär😆
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.