❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.03.2022 21:16
Käteler begenýän ujypsyz zada, Käte-de gyýylýan şonçajyga men... Şu gün gabat geldim köçäň ugrunda Ýolunyp oklanan gunçajyga men. Gyssagly barýardym. Wagtym çäklidi. Emma köz basan dek egildim aşak.
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
01.03.2022 21:31
Ömrümde bir gezek ýalan sözledim, Bagyşla, köşegim, bagyşla meni. Nädip aldamaýyn, saňa dözmedim. Durmuşda hemme zat bolýan ekeni. ...Onda ýaşajykdyň. Dil bitip ýaňy, Zordan ony-muny sorap
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
01.03.2022 18:24
Psihologiýa Özümizi alyp barşymyz, keýpimiziň üýtgemegi,bize itergi berýän zatlar... hakda täze bir zat öwrenmek hemişe gyzykly. 1) 16 ýaşdan 28 ýaş aralygyndaky gurlan dostluk, adatça iň güýçlidir.
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
01.03.2022 06:35



Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar EZIZOW (1940 - 1975)



Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Soňra «Mydam taýýar» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň edebi işgäri, «Edebiýat we sungat» gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde ýaş şahyrlaryň maslahatçysy wezipelerinde işleýär. Şahyr işiniň daşyndan zergärçilik bilen hem meşgullanyp, nepis şaý-sepleri ýasaýar.

Her bir halk öz gymmatlyklaryny hatyralaýar, olara sarpa goýýar. Onuňam sebäbi ýönekeýjedir. Ol her bir halkyň ýüreginde ýaşaýar. Ýüreklerde orun alyp, asyrlarboýy bile ýaşap gelen gymmatlyk her bir halk üçinem el, dil ýetirilmesiz baýlyk. Ol baýlygy hiç bir ölçeg birligi bilen saldarlap bolmaýar. Ol gymmatlyklar barada söz açjak bolsaňam, diňe hormat-söýgi sözlerini ulanmaly.

Ine, hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dünýä derejesinde belende galdyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrýan işleri barada-da şeýle buýsançly sözleri näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Ol buýsançly ýollaryň islendik menziline nazar aýlanyňda-da, halkyň ýüreginde hemişelik ýazgy galdyryp giden ussatlaryň atlaryny näçe sanasaň, sanap oturmaly. Gurbannazar Ezizow hem hakydalardan hemişelik orun alan, döredijiligi halkymyzyň öçmejek mirasyna öwrülen şahyr. Indi her ýylyň baharynyň ilkinji gününi Gurbannazar şahyryň doglan güni diýip garşylamak bu toprakda adaty ýagdaýa öwrülip gitdi…

Bahar meýlisinde çyksak seýrana,

Türkmen sährasynyň aldyr gülleri…

Başyň sypap, seni goýar haýrana,

Belent daglaryndan öwsen ýelleri.

Gara bulut gelip, Zemine çöker,

Al asman gübürdäp, depregin kakar.

Daglardan sil akar, ýene Gün çykar,

Gyz-gelin doldurar reýhan çölleri...


Türkmen sährasyna ýene-de bahar geldi. Ýene goja tebigat gadymy türkmen topragyny gülälekdir çopantelpeklere, ýap-ýaşyl jümjümelere besläp-büräp ugrady. Bu güller göýä, müň dokuz ýüz kyrkynjy ýylyň baharynyň ilkinji gününde dünýä inen Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe ene topragyň bagyş eden täsin sowgat-serpaýyna meňzeýär.

Bu günki gün biz türkmen baharyny Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş baharyny görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi… Şahyryň bu peşgeşi — öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy… Bu bahasyz serpaýyň öwezine bolsa ol bizden diňe bir zady — baky söýgini isläpdi...

…Maňa kän zat, uly bir zat gerek däl,

Eliňizi ýüregňize goýuň siz,

Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem,

Sözlerimi kesä çekmän, söýüň siz…


Hawa, Gurbannazar Ezizow öz şygyrlary bilen türkmen şygryýetine pikir taýdan-da, onuň aýdylyşy jähtden-de, düzüliş babatda-da täzelikleri getiripdi. Bary-ýogy otuz bäş ýaşyň içinde tutuş bir halkyň şygryýetinde mekdep derejesine ýetmek, diýseň seýrek hadysa. Şonuň üçinem Gurbannazar şahyryň şygyrlary bu günki gün her bir öýde, her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Maşgalada perzent dünýä inende, durmuş toýy tutulanda, Gurbannazar şahyryň şygyrlary okalýar:

«Törüňizde hemişelik gurulan;

ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady…»


diýen ýaly ençeme setirler indi türkmeniň süýji arzuwlarynyň içine hemişelik garyldy. Bu gün aşyk ýigitler derek boýly ýarlaryna Gurbannazaryň dilinde söýgi sözlerini aýdýarlar. Baýramçylyklarda Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen mähelle gutlanylýar. Türkmen sährasy bolsa henizem şahyryň şygyrlaryna hiňlenip ýör.

Hawa, Gurbannazar şahyr öz ýüregini, owazyny, ajaýyp dünýäsini türkmen tebigatyna baky ýadygär goýup gitdi… Bu gün onuň ajaýyp poeziýasy aýdym bolup, äleme seýrana çykýar. Gurbannazar şahyryň şygryýet äleminiň gözelligi ýaly, häsiýetiniň-de türkmen sährasyna çalymdaş ýumşak bolandygyny onuň döwürdeşlerinden telim ýola eşidip görüpdik. «Ol göýä, öz adamkärçiligi bilen paýlap ýetişmedik mährini, söýgüsini töwerek-daşa şygyrlarynyň üsti bilen paýlajak bolýana meňzeýärdi. Belki-de, onuň häsiýeti şygyrlarynyň üstüni ýetirendir. Garaz, ol dünýäleriň ikisem – şahyryň içki dünýäsi-de, döredijilik dünýäsi-de gözeldi» diýip, uniwersitetde okan döwürlerimiz, halypa mugallymymyz, Gurbannazar şahyryň egindeşi Begmyrat Weýisow hemişe uly mähir bilen ýatlardy.

Hawa, baharynyň ilkinji gününde biz ýene-de Gurbannazar Ezizowy ýatlaýarys. Diňe bir bu gün däl, şahyr öz şygyrlary bilen türkmen topragynda ýylyň dört paslynda-da ýaşap ýör. Sebäbi ol şygyrlarda bu barlygyň ajaýyp keşbi suratkeşiň ussatlygy bilen döredilipdi. Ol eserleriň ählisinde-de nähilidir bir üýtgeşik hyjuw, egsilmez joşgun bar. Şonuň üçinem biz hemişe Gurbannazar şahyry ýatlanymyzda kalbymyza türkmen topragynyň göwnüňi göteriji ýakymy aralaşýar. Bu bolsa şahyryň bize hemişelik ýapyp giden bahasyz serpaýydy…

...Söýüň meni, siziň sadyk guluňyz.

Şonda size menden galar şeýle paý.

Men size şeýle bir serpaý ederin:

Şalaryň elinden gelmejek serpaý...


Çeşme:https://www.ussatnews.com/storage/posts/827/original-1603cf28fc17db.jpeg

10
152
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
28.02.2022 22:04
Adam bedeni we anatomiýa hakda gyzyklanýarsyňyzmy, onda bu post tüýs siziň üçin 18. Ýaz paslynda, dem alyş derejesi güýz bilen deňeşdirilende ortaça üçden bir ýokarydyr. 19. Adam ömrüniň dowamynda
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
28.02.2022 18:50
Adam psihologiýasy hakda gyzykly maglumatlar Adamlar hakda az bilinýän psihologiki faktlar: 45. Akylly adamlar özlerini pes hasaplaýarlar, nadan adamlar bolsa özlerini beýik hasaplaýarlar. 46.
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
28.02.2022 18:38
Ynsana bagt üçin nämeler gerek?
At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.
Her goşgymda kämil bolmana derek,
Onuň barha kyn düşýänne razy men.

Razy — çynym bilen sadany söýýän,
Razy — halal saçagymda çöregim.
Razy — çalarypdyr saçlarym eýýäm,
Razy — hernä üýtgemändir ýüregim.

Razy — günler ýüpek sowsana döndi,
Razy — ýüregimde özgäň agysy.
Razy — «Mydam Güneş bolsun-a» doldy,
Asman bilen şu zeminiň arasy.

Razy — köp büdredim çaga mysaly,
Ýalňyşdym, ökündim ilkibadalar.
Şonda gökden inen perişde ýaly
Duşdy maňa oňat-oňat adamlar.

Razy — köçelerim, ýüregim ýagty,
Razy — kükregimde diňenok owaz.
Berdi maňa bir ömürlik bu bagty
Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz.

Razy — joşdum topragymyň toýunda,
Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn.
Eziz maňa şu topragyň goýnunda
Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.

Gerekli pursatym indim äleme,
Begendim, söýüldim, çekdim men zary.
Ine, şu zatlaryň meniň täleýme
Miýesser edenne müňde bir razy.


Gurbannazar Ezizow
9
27
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
27.02.2022 22:40
Bireýýäm Gün ýaşdy, Garaldy dünýä
Bakyp dur zemine müň gözli asman.
Dostum, ýatyp bolmaz geçilen günden,
Edilen işlerden bir söhbet açman.

Dury paýhas bilen, dury aň bilen,
Ne iş etdik? Yza bir garaly biz.
Kynçylykdan geçen bolsak sowulyp,
Diňe özümizi ýazgaraly biz.

Ýagşylygmyz il içinde orun alar.
Ýöne günä hakda dymmak gerek dal.
Bu gün günämizi ýazgaryp bilsek,
Erte ikimize bolar minnetdar.


Gurbannazar Ezizow
10
33
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
27.02.2022 21:32
Adam psihologiýasy hakda gyzykly maglumatlar Adamlar hakda az bilinýän psihologiki faktlar: 36. Wideo oýunlaryny oýnaýanlar a:ýdyň düýşleri görmeginiň derejesi has ýokary. 37. Akyl işjeňligi
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
27.02.2022 11:39
Adam bedeni we anatomiýa hakda gyzyklanýarsyňyzmy, onda bu post tüýs siziň üçin 1. Bedeniň gan üpjünçiligi bolmadyk ýeke-täk bölegi gözüň rogiwisasy. Ol göni howadan kislorod alýar. 2. Adam