❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
01.03.2022 18:24
Psihologiýa


Özümizi alyp barşymyz, keýpimiziň üýtgemegi,bize itergi berýän zatlar... hakda täze bir zat öwrenmek hemişe gyzykly.


1) 16 ýaşdan 28 ýaş aralygyndaky gurlan dostluk, adatça iň güýçlidir.
2) Köplenç iň gowy maslahatlar, durmuşynda köp kyn pursatlary başdan geçiren adamlar tarapyndan berilýär.
3) Adamyň akyl-paýhasy näçe ýokary bolsa, şonça çalt pikirlenýär we hatyna şonça-da düşünmek kyn.
4) Biri bilen tanyşan wagtyňyz adyny ýatdan çykarmazlyk üçin , öz adyny aýdan wagty eştsiňiz hem täzeden soraň, we şol gepleşikde adyny gaýtalap duruň , ýagny ady bilen ýüzleniň.
5)Adamlarda "özlerini günäkärlemek" duýgusy ýokary bolsa, onda olar beýlekileriň emosiýalaryna(duýgularyna) has gowy düşünip bilýärler.
6) Az aragatnaşyk sakalýan adamlar özleri hakda gürlemek sungatyna eýedirler.
7) Aýallarda agyry reseptorlary erkeklerden iki esse köp, ýöne agyrylara çydamlylyk hem iki esse köpdür.
8) Köp aýdym diňleýän adamlar has şähdaçyk, bagtly we rahat bolýar.
9) Pikirler,aladalar sizi gijelerine ýatyrmasa, onda olary bir kagyza ýazyň. Şondan soň kelläňiz has rahat bolar we uklap bilersiňiz.


Halan bolsaňyz👍🏻

Terjime eden: SimpleGirl
Çeşme:www.adme.ru
20
106
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
3 Mart 2022
Myhman Myhman,🙂👍🏻
Myhman Myhman
2 Mart 2022
Gowu 👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
1 Mart 2022
Ovezova_,Violinist,👍🏻🙂
Ovezova_
1 Mart 2022
Mlds👏👏👏
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
1 Mart 2022
IDEALLIDER,J.G.E.,MissBoss♕,Dove,B.....,Guwanjow, ☺️🙂👍🏻
MissBoss♕
1 Mart 2022
9njyny barlap goreyin.post👏🏻👏🏻👏🏻👍🏻
Jöwza
1 Mart 2022
Eliňe güller bitsin janym 🌹
ideallider
1 Mart 2022
Gowy maslahatlar, täsinliklerem diýsek bolýar😊👍🏼
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
1 Mart 2022
📑 Gyzykly psihologiýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.