https://owrenmeli.app/20441-razy.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
28.02.2022 18:38
Ynsana bagt üçin nämeler gerek?
At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.
Her goşgymda kämil bolmana derek,
Onuň barha kyn düşýänne razy men.
Razy — çynym bilen sadany söýýän,
Razy — halal saçagymda çöregim.
Razy — çalarypdyr saçlarym eýýäm,
Razy — hernä üýtgemändir ýüregim.
Razy — günler ýüpek sowsana döndi,
Razy — ýüregimde özgäň agysy.
Razy — «Mydam Güneş bolsun-a» doldy,
Asman bilen şu zeminiň arasy.
Razy — köp büdredim çaga mysaly,
Ýalňyşdym, ökündim ilkibadalar.
Şonda gökden inen perişde ýaly
Duşdy maňa oňat-oňat adamlar.
Razy — köçelerim, ýüregim ýagty,
Razy — kükregimde diňenok owaz.
Berdi maňa bir ömürlik bu bagty
Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz.
Razy — joşdum topragymyň toýunda,
Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn.
Eziz maňa şu topragyň goýnunda
Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.
Gerekli pursatym indim äleme,
Begendim, söýüldim, çekdim men zary.
Ine, şu zatlaryň meniň täleýme
Miýesser edenne müňde bir razy.Gurbannazar Ezizow
9
27