https://owrenmeli.app/20403-adam-bedeni-1.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
27.02.2022 11:39
Adam bedeni we anatomiýa hakda gyzyklanýarsyňyzmy, onda bu post tüýs siziň üçin
1. Bedeniň gan üpjünçiligi bolmadyk ýeke-täk bölegi gözüň rogiwisasy. Ol göni howadan kislorod alýar.
2. Adam beýnisiniň pamýaty(память) 4 terabaýtdan ýokarydyr.
3. Ýedi aýa çenli çaga bir wagtyň özünde dem alyp we ýuwdup bilýär.
4. Kelläňiz 29 dürli süňkden durýar.
5. Asgyranyňyzda bedeniň ähli funksiýalary, hatda ýürek hem durýar.
6. Beýnimizden nerw impulsy sagatda 274 km tizlik bilen hereket edýär.
7. Bir adamyň beýnisi, islendik telefondan has köp elektrik impulslaryny döredýär.
8. Sagdyn adam bedeninde ortaça 900 galam ýasamak üçin uglerod, oýunjak ýaragyny otlamak üçin kaliý, 7 bölek sabyn ýasamak üçin ýag we 50 litr boçkany doldurmak üçin ýeterlik suw bar. .
9. Ynsan ýüregi ömründe 182 million litr gan ugurlandyrýar
10. Bu sözlemi okaýarkaňyz, bedeniňizdäki 50,000 öýjük ölýär we ýerine täze öýjükler çalyşýar.
11. Düwünçek(embryo, зародыш) 3 aýlyk ýaşynda barmak yzlaryny alýar.
12. Aýallaryň ýüregi erkeklerden has çalt urýar.
13. Çarlz Osborne atly bir adamyň 68 ýyllap dyngysyz hynçgulagy tutdy.
14. Saggakaýlar çepbekeýlerden ortaça dokuz ýyl uzak ýaşaýar.
15. Adam düýşleriniň 98% -ini ýatdan çykarýar.
16. Adam bedenindäki gan damarlarynyň umumy uzynlygy takmynan 100,000 kilometre deňdir.
Terjime eden: SimpleGirl
Çeşme:emosurfHalan bolsaňyz👍🏻
14
152