™™™
05.01.2022 07:17
Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,
Galplygam etmedim, hudaýa şükür.
Käte göge galdym, kä gökden indim,
Emma hiç ýitmedim, hudaýa şükür.

Ilkinji sözümi senden başladym,
Duzuňy syladym — ýalan ýazmadym.
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym,
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym.

Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim,
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men.
Sen bolaňsoň dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.

Hol, gaýanyň eteginde oturan
Bagyň deňesinden tabytly geçdim.
Ýene bir gün, gökden sowulyp duman,
Şol bagyň düýbünde al şerap içdim.

Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen.
Sen, seretsem, öňki süňňüm ekeniň.
Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen
Aýakda yz goýan seniň tikeniň.

Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş, —
Ýollaryň ak bolsun, uzaga gitsin.
Baky uka batsam bir gazaply gyş,
Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin!
7
105
™™™
04.01.2022 09:52
Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara,
Ýyldyza baý asmanyma gowuşdym.
Gussa bilen bakyp söwüt, çynara.
Saýasynda goşawuçlap suw içdim.

Çagalygmyň gulpaklyja gyzlary,
Höwürtgesin taşlapdyrlar bireýýäm,
Hany, nirde o ýyllaryň yzlary,
Şol yzlary yzlap geldim, eý obam!

Bu ýerde ahmyrym, ökünjimem ýok,
Ýöne nämüçindir bilip bilemok,
Çagalyk yzlaryn, tanyşlaryňy
Jepalar çekseň-de, undup bolanok.

Unudyp bolanok ertekilerni,
Säherler çyg düşen ýaşyl otlaryn.
Aýagyňa batan awy tikenni,
Saňa baş bermedik tez-tez atlaryn.

Sen ýylda gaýdýarsyň dogduk diýara,
Onuň sada görmeginden doýaňok.
Çagalygňa duş geläýmek hyýalyň,
Emma ondan daşlaşýanňy duýaňok.

Sen uly şähere dolanýaň ýene,
Bu ýerde dostlaryň, iş-aladaň kän.
Çykýarsyň şowhunly köçelerine,
Köçeler, şagalañ. bildiriş, dükan.

Onsoň ýene gussa bile ýatlaýaň,
Telwas edýäň çygly atyzdyr pele.
...Şeýdip, her ýyl geçmişiňe gatnaýaň
Sen şol geçmişiňden daşlaşmak bile.
11
86
™™™
™™™
03.01.2022 09:38
Bu ömrümde işim düşdi köplere. Salam saldym, Haýyş bilen ýüzlendim. Adamlara bagly bolmadyk bolsam, Belki, olaň gadyryn hem bilmezdim. Adamlar! Men Sizi alkyşlaýaryn, Men Size badagly — mysal kerep.
™™™
™™™
02.01.2022 00:16
Men bu golda dünýä geldim, Ine, gardaş, Dünýäm meniň. Men uçmadym — Uçurdylar, Ýokdur hergiz günäm meniň. Ak gerişler ulgam-ulgam, Ak bulutlar tüýdüm-tüýdüm. Hemme zat ak, hemme zat ak, Ylla emen ene
™™™
™™™
01.01.2022 01:50
Men saña juda kän garaşdym oglum Garaşdym ýüregmi Hudaýa baglap Geljegiñe şübhäm yokdy birjigem Ynamym berkitdi arzuwlam galgap ---- Gelinçäñ ýüregmi boş goýmadym men Agalarñy artyk söýdüm ornuña
™™™
™™™
31.12.2021 01:01
Hany, çal dutary, mähriban dostum, Egseli, ýüregmiz atmanka gasyn, Geçilen ýollaryň şatlyk-bagtyny, Geçilmedik ýodalaryň gussasyn. Egseli gussasyn ýalaňaç baglaň. Güýzüň ýaprak bürän ýata suwlarnyň.
™™™
™™™
30.12.2021 08:01
Gazaply kazy deý, mydam başymda Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk. Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga, Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk. Bir zada düşünýän: şowhunly günler Al atymy çapyp ýören
™™™
™™™
29.12.2021 00:04
Süýt süýde meňzesin çagaň hakynda, Gaýmagyny ýalap, ýagy aýyrma; Säher turup guwanaýyn ekine, Gök maýsaň ýüzünden çygy aýyrma. Danalara baş bolmasyn nadanlar, Serpaý alsyn diňe ony ödänler, Bilbiller
™™™
™™™
28.12.2021 00:15
Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik, Ýaşlygyň humary başymyzdaka. Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik, Ýaşlygyň humary başymyzdaka. Duýgulardan öňe salmasaň akly, Näme isleseň — şoňa-da hakly, Gör, nähili
™™™
™™™
27.12.2021 02:03
Beýikler geçip dur yzly-yzyna, Peslerem geçip dur hatarma-hatar. Senem öz-özüňi aldama, adam, Bu günler baky däl, bu günler öter. Öz boýuňdan uzyn görünjek bolma, Akylly-da bolma özüňden beter. Ersen