™™™
31.12.2021 01:01
Hany, çal dutary, mähriban dostum,
Egseli, ýüregmiz atmanka gasyn,
Geçilen ýollaryň şatlyk-bagtyny,
Geçilmedik ýodalaryň gussasyn.

Egseli gussasyn ýalaňaç baglaň.
Güýzüň ýaprak bürän ýata suwlarnyň.
Egseli gussasyn, duw-ak gussasyn
Mesopotamiýa barýan guwlaryň.

Bar zat boldy: söýgi, dostluk, ýalan söz,
Büdremeler, ýasly gündür bagtly gün.
Asuda düzleriň gussasy bile
Düşündik biz manysyna şatlygyň.

Ýyllar geçdi durdy yzly-yzyna,
Has agras ýaşadyk, has agras söýdük,
Şu eziz topraga belent ynamy
Biz ähli zatlardan belentde goýduk.

Biz söýüldik, bagtly bolduk şoň üçin,
Diňe söýen güýzde gussa düşünýär.
Kim aýdypdyr pany diýip barlyga?
Ýaşanyňa juda degýär bu dünýä.

Ine, şu gözellik ýaşany üçin,
Küýsedik baharlar basymdan-basym,
Güýzüň ýaprak bürän ýata suwlarny,
Onuň ýadan ýodalarnyň gussasyn!

(Melikäñ aýdyşy ýaly geljek taze kalendara ýylgyryp geciñ bayramy ýylgyryp geciriñ..... Ýylgyryñ ýylgyryş köp zady üýtgeder...ýylgyryñ cünki bu sünnetdir.... Gowy adam bolmagyñyz ücin yada bashgalaryñ size tarap gowy bolmagy ücin ýylgyryñ......)
7
212
Melikee
31 Dekabr 2021
Sag bol.Seňem arzuwlaň hasyl bolsun ;-)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.