™™™
29.12.2021 00:04
Süýt süýde meňzesin çagaň hakynda,
Gaýmagyny ýalap, ýagy aýyrma;
Säher turup guwanaýyn ekine,
Gök maýsaň ýüzünden çygy aýyrma.

Danalara baş bolmasyn nadanlar,
Serpaý alsyn diňe ony ödänler,
Bilbiller saýrasyn aladaňdanlar —
Jahandan bu ajap çagy aýyrma.

Bulanmasyn obalaryň çeşmesi,
Ýazlar çyksyn, baglar gülläp başlasyn,
Ynsanyň kalbyna gyraw düşmesin,
Ýüreklerden mähir-çogy aýyrma.

Perzendi men göwni gülgün baharyň,
Ylaýym, boý alsyn sanjan nahalym,
Ata ýurdum — bu gadymy Ahalyň
Maňlaýyndan Köpetdagy aýyrma.

Gelmän näme, döwran — sowuljak bolsaň,
Minnetsiz doýrawer doýurjak bolsaň,
Garaz, aramyzdan aýyrjak bolsaň,
Garalary aýyr, agy aýyrma.
6
881
Melikee
29 Dekabr 2021
.......👍
Gülhan
29 Dekabr 2021
Älem, yok Dargan bizden azrak uzakrakda.
Gülhan
29 Dekabr 2021
™™™, ýeke tapawut! bu tejen dalde Dargan barada yazlan)
™™™
29 Dekabr 2021
Гульхан, Dash
Gülhan
29 Dekabr 2021
Oba...

Ine saňa erkinligiň mekany
Bu ýerde güneşem, şemalam erkin.
Sorup gursagyna çygly howany,
Bir alada bilen mübtela her kim.

Ötlem-ötlem ymaratlar agarýar,
Bir tarapda uç-gyraksyz düz görýän.
Bir tanyş ses adym tutup çagyrýar:
<<Ýa senmikäň, ýa menmikäm özgerýän?>>

Bir mahalky gyzlar bolupdyr ene,
Pensiýa çykypdyr öňki eneler.
Gygyrasym gelýär gaýtalap ýene:
- Asyl gudrat eken biziň ene ýer!

Asyl gudrat eken biziň oglanlar,
Şudur maňa ylham berýän ýeke-täk.
...Şeýdip obamyzyň ortasynda
Ýatlamalar bilen durun ikiçäk

Edil siziň ýaly ýaşajykdym men,
Ak ýürekli, ak bilekli çagalar.
Ýyllara duýdurman ýaşajakdym men
Gaýtam men duýmakam geçipdir olar.😔

Obam! Sende çagalygym göründi,
Obam! Sende gülüp duran göz görýän.
Hany maňa özüň jogap ber indi,
Ýa senmikäň, ýa menmikäm özgerýän?😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.