Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,
Galplygam etmedim, hudaýa şükür.
Käte göge galdym, kä gökden indim,
Emma hiç ýitmedim, hudaýa şükür.
Ilkinji sözümi senden başladym,
Duzuňy syladym — ýalan ýazmadym.
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym,
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym.
Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim,
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men.
Sen bolaňsoň dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.
Hol, gaýanyň eteginde oturan
Bagyň deňesinden tabytly geçdim.
Ýene bir gün, gökden sowulyp duman,
Şol bagyň düýbünde al şerap içdim.
Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen.
Sen, seretsem, öňki süňňüm ekeniň.
Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen
Aýakda yz goýan seniň tikeniň.
Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş, —
Ýollaryň ak bolsun, uzaga gitsin.
Baky uka batsam bir gazaply gyş,
Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin!