Девушка.
02.12.2022 18:44
Bir adam,bir gije düýş görüpdir,düşünde uzyn deňiz kenaryndaky çägede dosty bilen ýöreýän eken.Olar ýöreýän wagty hem asmanda şol adamyň durmuşy bir film sahnasy ýaly görünýärdi.Deňiz kenary adamyň durmuş ýoly ýalydy.Adam gumda iki jübüt aýak yzyň bardygyny görýärdi.Bir jübüt özüniňki,bir jübüt dostunyňky.
Durmuş filminiň soňky sahnasy hem geçenden soňra adam gumdaky aýak yzlary ýene bir gezek seredip çykypdyr we bir zada haýran galypdyr: Durmuş ýolunyň köp böleginde aýak yzlary bir jübüt bolýar eken we bu wagtlarda hem durmuşynyň iň agyr,iň kyn günleri eken.Bu gören zady adamy birahat edipdir we dostuna soramagyny ýüregine düwüpdir.
Dostum!Eger bir terslik etmedik bolsan,hemme wagt ýanymda boljagyňy,hemme wagt meniň bilen ýörejegiňi aýdypdyň...durmuş ýoluma seretýän welin iň agyr,iň erbet,iň ajyly günlerimde diňe bir jübüt aýak yzlary görýän gumda...
Durmuşyň aňsat günlerinde ýanymda ýöreýän ekeniň,saňa iň mätäç wagtym meni terk edýäň.Dosty ýylgyryp jogap berýär:
Söýgüli,mähriban gadyrly dostum!
Men seni gaty gowy görýädim we hiç haçan seni terk etmedim.Gumdaky durmuş ýoluňda iň agyr günleriňde,iň kyn günleriňde,erbet wagtlaryňda diňe bir jübit aýak yz gördüň.
Dykgatlyja seret!
Aýak yzlaryň çuňlaşýar.
Çünki o wagtlar men seni gujagyma alyp ýöreýärdim...
19
207
Девушка.
29.11.2022 18:31
Filesof Eflatundan şeýle sorapdyrlar:
"Size görä adamzadyň iň geň galdyran ýagdaýy näme?"
Eflatun şeýle jogap beripdir:"Çagalygy islemezler, ulalmak üçin howlugarlar.
Soňra-da çagalygyny küýsärler.Mal-mülk üçin gije gündiz ylgap,saglykla-
ryna zyýan ýetirerler,öňki saglygna gowuşmak üçin ýygnan mal-mülklerini
harçlarlar.Ertirleriň aladasy bilen bu
günlerini unudarlar.Netijede,bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.Hiç wagt ölmen öýdip ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".
-Onda adamlar nähili ýaşamaly?-diýip danadan ýene soranmyşlar.Dana şeýle jogap beripdir:
-Hiç kime öziňizi söýdirjek bolmaň,hiç kimiň öňünde kiçelmäň,hiç kimede ulumsylyk satmaň.Goý,sizi il söýsün.Iň esasy zat bolsa,durmuşda iň kän zada eýe bolmak däl-de,iň az zada mätäç bolup bilmekdir!
14
92
Девушка.
28.11.2022 15:06
Bir kör oglan bar eken.Ol oglan bir owadanja ýakymly gyz bilen adagly eken.Bir gün gyz oglandan sorapdyr:"Sen maňa haçan öýlenmekçi?" diýipdir.
Oglan hem:"Men saňa diňe seni görip bilen wagtym öýlenerin"diýip jogap beripdir.Birnäçe günden soň oglan üçin biri gözlerini pida edipdir,we oglanyň gözleri açylypdyr.Ol söýgilisini görýänine begenipdir,örän şat bolupdyr.Ýöne ol söýgilisini görse onuň hem gözleriniň körlügine haýran galypdyr we oňa öýlenmegi goýbolsun etjekdigini aýdypdyr.Ol gyz ýylgyryp assajykdan ýöräp gidipdir,ýöne gitmezden ozal oglanyň gulagyna şu sözleri aýdypdyr:"Isleýşiň ýaly bolsun ezizim,ýöne men bir zat diýjekdim saňa.Gözlerime gowy seretgin".
23
270
Девушка.
27.11.2022 14:48
Öziňi tanamak,kimdigiňi bilmek,ýa-da has takygy öz tebigatyň haýsy haýwana meňzeýändigini bilmek isleseňiz,şu testi barlap görüň.
1bilen 9 arslygynda bir san belle şol sany 3-e köpelt.Emele gelen sana 3-i goş bu sany ýene 3-e köpelt dörän iki ýa-da üç belgili sanyň her belgisini biri- birine goş (mysal üçin123=1+2+3) iň soňky emele gelen san seniň tebigatyň şu aşakdakylardan haýsy haýwana meňzeýändigini görkezer.
1.gaplaň.
2.bürgüt.
3.öküz.
4.möjek.
5.ýylan.
6.at(bedew).
7.maýmyn.
8.akula balygy.
9.eşek.
10.şagal.
11.düýe.
15
312
Девушка.
26.11.2022 14:45
Günlerde bir gün gül we suw tanşypdyrlar we dost bolupdyrlar.Ilki günlerde diňe bir dost hökmünde günlerini geçirýärler.Elbetde bir-birlerini tanamaklary üçin wagt gerek.Günler geçýär,aýlar geçýär,gül bu tanyşlykdan hoşal bolmaga başlaýar.Şeýle bir hoşal bolýar welin ,suwa aşyk bolýar.
Birinji gezek aşyk bolup gören gül,gowy ysyny daş töweregine ýaýratmaga başlaýar,"Bu ys diňe seniň üçin eý suw"diýýär...
Şeýle bir gün geler.Suwam içinden gule garşy ysynyşmaga başlar.Güle aşyk bolandyryn öýder emma olam birinji gezek aşyk bolup görýär.
Aýlar günler geçer we bir gün gül"Suw meni söýýärmikä?"diýip pikir eder.
Sebäbi suw onuň bilen kän gyzyklananok.Gül bolsa beýle söýgä öwrenişmedik bolansoň çydaman suwa"Seni söýýän"diýer.Suwam"Menem seni söýýän" diýer.Aradan esli wagt geçenden soň gül ýene"Seni söýýän"diýer.Suw ýene"Menem"diýer.
Gül sabyrly bolansoň garaşar,garaşar, garaşar... Garaşyp garaşyp gül şeýle bir derejä geler,daş töweregine ol owadan hoşamaý ysyny ýaýratmagyny goýar we iň soňky gezek suwa"Seni söýýän" diýer.Suwam oňa "Aýtdyma menem seni söýýän"diýer.We bir gün gül hassalanypdyr.Reňki, ýüz keşbi üýtgäp başlapdyr.Suwam güliň başujunda söýgilsine kömek etmek üçin durar. Gülüň hal ýagdaýyna seredende gül öljek bolup dur.Iň soňky gezek suwa seredip kynçylyk bilen"Men seni hakykatdanam söýýän" diýer.Suwam muňa ýaman gynanar we iň soňky çäre hökmünde lukman çagyrar.Lukman keseli näme diýip sorar.Lukman güle sereder we şeýle diýer"Hassanyň ýagdaýy agyr,mundan soň elimizden giç zat gelmez".
Suw,söýgülsiniň ölimine sebäp boljak keseli bilmek islär we lukmana ýene bir gezek keseli mäme diýip sorar.Lukman suwa dykgatly seredenden soň şeýle diýer"Gülüň bir hassalygy ýok.Bu gül diňe suwsapdyr..."
Elbetde suw, söýgülsine diňe"Seni söýýän"diýmegiň ýetmejekdigine ynanypdyr...
18
147
Девушка.
25.11.2022 18:52
Ýagyşy söýýän diýýäň,
ýagyş ýaganda saýawanyňy açýaň...
Güni söýýän diýýäň,
gün çykanda kölegä bukulýaň...
Şemaly söýýän diýýäň,
şemal bolanda aýnalaryňy ýapýaň...
Ine şonuň üçin gorkýan.
Maňa-da "Seni söýýän" diýýäň...
21
99
Девушка.
24.11.2022 17:46
Ýaş ýigit elinde gyrmyzy,ter almany saklap durdy.
-Ony iý! -diýip ruh aýtdy.-Ol durmuşyň almasydyr.
-Durmuşyň almasyny iýmäge wagt taparyn.Maňa şöhrat,baýlyk gazanmak gerek.
-Onda ýör,gideli,yzyma düş.Men saňa şöhratyň almasyny görkezeýin-diýip,
Ruh aýtdy.Olar dag ýodalaryndan ýöräp başladylar.Çarkandakly dag ýodalarynda ýokaryk galmak olara ýeňil düşmedi.Emma olar ýuwaş-ýuwaşdan öňe sary ädimläp barýardylar.Ýakyp-ýandyryp barýan Günem,öl myžžyk eden ýagyş-da onuň maksadyna ýetmegine böwet bolup bilmedi.Şol gidip baryşlaryna ýigit wagtyň nähili geçenini-de bilmedi.
Olar baryljak ýere ŷetýänçäler ýigidiň saçlary çalardy,gollarynyň güýji gaçdy.Ahyrsoňy bir belentlige ýetdiler.
-Ine,gelmeli ýermizede gelip ýetdik- diýip,Ruh dillendi.Birwagtky ýigit kanagatlanma bilen uludan dem aldy:
-Hany onda maňa şöhratyň almasyny ber-dä.
Ruh oňa togalak,gyrmyzy,ajaýyp almany uzatdy.Saçy çalaran birwagtky ýigit almany höwes bilen eline alyp,oňa işdämenlik bilen agyz urdy.Haçanda almanyň içiniň çüýrükdigine göz ýetirende ol soragly nazaryny Ruha dikdi:
-Bu näme?
Sen geňirgenme.Sen ony şol wagt iýmelidiň.Her zat öz wagtynda ýagşy-
diýip,Ruh jogap berdi.
Soňy.
25
314
Девушка.
09.11.2022 14:56
Adamy begendir ýeke söz bilen,
Diňe sözle süýji,aja ýanaşma.
Myhmany garşy al güler ýüz bilen,
Ýogyňy bar etgin,ol bir perişde.

Kiçi bolsaň ululara hormat goý,
Senem ulalarsyň,goýarlar hormat.
Uly bolsaň kiçileri sylap gez,
Sende-de nesipli gün bolara perzent.

Ene-ataň dirikä öpgin elini,
Ynjydaýma,agyrdaýma ýüregni.
Öziňem bolarsyň ene hem ata,
Görersiň täzeden şol günleriňi.
29
210
Девушка.
08.11.2022 15:32
Durmuş döwük stakandaky suwa meňzeýär.Içseň-de tükener içmeseň- de.Şonuň üçin durmuşdan lezzet alyp
ýaşa.Çünki ýaşasaň-da gutarar
ýaşamasaň-da!

Durmuş ne gideni yzyna getirer ne-de ýitirlen wagty yzyna aýlar. Ýa ýaşamalylary wagtynda ýaşarsyň ýa-da ýaşamadygyň üçin ökünersiň!

Bil ki öldiň. Ýalbardyň,ýakardyň saňa bir gün şans berildi. Bu güni o gün bil,şeýle ýaşa!

Şikaýat edýän durmuşyň belkide
başgasynyň hyýallarydyr!
20
145