Девушка.
29.11.2022 18:31
Filesof Eflatundan şeýle sorapdyrlar:
"Size görä adamzadyň iň geň galdyran ýagdaýy näme?"
Eflatun şeýle jogap beripdir:"Çagalygy islemezler, ulalmak üçin howlugarlar.
Soňra-da çagalygyny küýsärler.Mal-mülk üçin gije gündiz ylgap,saglykla-
ryna zyýan ýetirerler,öňki saglygna gowuşmak üçin ýygnan mal-mülklerini
harçlarlar.Ertirleriň aladasy bilen bu
günlerini unudarlar.Netijede,bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.Hiç wagt ölmen öýdip ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".
-Onda adamlar nähili ýaşamaly?-diýip danadan ýene soranmyşlar.Dana şeýle jogap beripdir:
-Hiç kime öziňizi söýdirjek bolmaň,hiç kimiň öňünde kiçelmäň,hiç kimede ulumsylyk satmaň.Goý,sizi il söýsün.Iň esasy zat bolsa,durmuşda iň kän zada eýe bolmak däl-de,iň az zada mätäç bolup bilmekdir!
14
92
Myhman Myhman
30 Noýabr 2022
örän manyly biziň durmuşymyza meňzeş 👌👍❤️
gunesh_
29 Noýabr 2022
Sen ile meňzejek bolmaly däl, il saňa meňzäp, senden görelde almaly. 🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.