Девушка.
26.11.2022 14:45
Günlerde bir gün gül we suw tanşypdyrlar we dost bolupdyrlar.Ilki günlerde diňe bir dost hökmünde günlerini geçirýärler.Elbetde bir-birlerini tanamaklary üçin wagt gerek.Günler geçýär,aýlar geçýär,gül bu tanyşlykdan hoşal bolmaga başlaýar.Şeýle bir hoşal bolýar welin ,suwa aşyk bolýar.
Birinji gezek aşyk bolup gören gül,gowy ysyny daş töweregine ýaýratmaga başlaýar,"Bu ys diňe seniň üçin eý suw"diýýär...
Şeýle bir gün geler.Suwam içinden gule garşy ysynyşmaga başlar.Güle aşyk bolandyryn öýder emma olam birinji gezek aşyk bolup görýär.
Aýlar günler geçer we bir gün gül"Suw meni söýýärmikä?"diýip pikir eder.
Sebäbi suw onuň bilen kän gyzyklananok.Gül bolsa beýle söýgä öwrenişmedik bolansoň çydaman suwa"Seni söýýän"diýer.Suwam"Menem seni söýýän" diýer.Aradan esli wagt geçenden soň gül ýene"Seni söýýän"diýer.Suw ýene"Menem"diýer.
Gül sabyrly bolansoň garaşar,garaşar, garaşar... Garaşyp garaşyp gül şeýle bir derejä geler,daş töweregine ol owadan hoşamaý ysyny ýaýratmagyny goýar we iň soňky gezek suwa"Seni söýýän" diýer.Suwam oňa "Aýtdyma menem seni söýýän"diýer.We bir gün gül hassalanypdyr.Reňki, ýüz keşbi üýtgäp başlapdyr.Suwam güliň başujunda söýgilsine kömek etmek üçin durar. Gülüň hal ýagdaýyna seredende gül öljek bolup dur.Iň soňky gezek suwa seredip kynçylyk bilen"Men seni hakykatdanam söýýän" diýer.Suwam muňa ýaman gynanar we iň soňky çäre hökmünde lukman çagyrar.Lukman keseli näme diýip sorar.Lukman güle sereder we şeýle diýer"Hassanyň ýagdaýy agyr,mundan soň elimizden giç zat gelmez".
Suw,söýgülsiniň ölimine sebäp boljak keseli bilmek islär we lukmana ýene bir gezek keseli mäme diýip sorar.Lukman suwa dykgatly seredenden soň şeýle diýer"Gülüň bir hassalygy ýok.Bu gül diňe suwsapdyr..."
Elbetde suw, söýgülsine diňe"Seni söýýän"diýmegiň ýetmejekdigine ynanypdyr...
18
147
ideallider
2 Fewral 2023
HangeldiAmanberdiýew, öýde 8 waza gülüm bar. Suwsan wagtlary duýýan, suw berýän🙂
HangeldiAmanberdiýew
27 Noýabr 2022
Gül.....,dogry aytyaň iñ gowsy gülden uzak durmaly ólimine sebapkär bolup günä gazanyp yórman
aymekel
27 Noýabr 2022
,❤️👍👍👍🌹
guli_
26 Noýabr 2022
😍😍😍♥️♥️♥️♥️🤍🤍🤍🤍
Aýşat🍁🍁
26 Noýabr 2022
Gaty gowy hekaya like👍👍👍
🤪CrAzYGIRLL🤪
26 Noýabr 2022
Gorsene Romantika:)🏞️🥀
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.