Девушка.
24.11.2022 17:46
Ýaş ýigit elinde gyrmyzy,ter almany saklap durdy.
-Ony iý! -diýip ruh aýtdy.-Ol durmuşyň almasydyr.
-Durmuşyň almasyny iýmäge wagt taparyn.Maňa şöhrat,baýlyk gazanmak gerek.
-Onda ýör,gideli,yzyma düş.Men saňa şöhratyň almasyny görkezeýin-diýip,
Ruh aýtdy.Olar dag ýodalaryndan ýöräp başladylar.Çarkandakly dag ýodalarynda ýokaryk galmak olara ýeňil düşmedi.Emma olar ýuwaş-ýuwaşdan öňe sary ädimläp barýardylar.Ýakyp-ýandyryp barýan Günem,öl myžžyk eden ýagyş-da onuň maksadyna ýetmegine böwet bolup bilmedi.Şol gidip baryşlaryna ýigit wagtyň nähili geçenini-de bilmedi.
Olar baryljak ýere ŷetýänçäler ýigidiň saçlary çalardy,gollarynyň güýji gaçdy.Ahyrsoňy bir belentlige ýetdiler.
-Ine,gelmeli ýermizede gelip ýetdik- diýip,Ruh dillendi.Birwagtky ýigit kanagatlanma bilen uludan dem aldy:
-Hany onda maňa şöhratyň almasyny ber-dä.
Ruh oňa togalak,gyrmyzy,ajaýyp almany uzatdy.Saçy çalaran birwagtky ýigit almany höwes bilen eline alyp,oňa işdämenlik bilen agyz urdy.Haçanda almanyň içiniň çüýrükdigine göz ýetirende ol soragly nazaryny Ruha dikdi:
-Bu näme?
Sen geňirgenme.Sen ony şol wagt iýmelidiň.Her zat öz wagtynda ýagşy-
diýip,Ruh jogap berdi.
Soňy.
25
314
Myhman Myhman
30 Noýabr 2022
gowy berekella
Myhman Myhman
29 Noýabr 2022
Dogry kä wagt adam ŷalñyşmajak bolup dogry ŷol saŷlaŷamykam diŷip ŷalñyş ŷoldan gidenine giç dúşúnip galan wagtlaram bolŷar
aymekel
26 Noýabr 2022
Ka wagtlar adamlar òz edýan hereketini bilman puśman edýader edyarler
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Adam sonun bagt gusudygyny bilman ucuryarda bilyan bolsa ucurmazdy
Olka
25 Noýabr 2022
Adam käte öñünde duran bagt guşyny eli bilen ucuryada boldugy sayy bolasy gelyä
wolf
24 Noýabr 2022
Iýäýdäreý bir mañ kelle diýsänim😓
ideallider
24 Noýabr 2022
Käte şol wagty ykbal elimizede berýär😊👍
maral
24 Noýabr 2022
👍👍👍gaty dogry, manyly.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.