Ангел
04.06.2020 21:45
Men 《Paýlaş》portalyna girip bilemok?????
Eger mumkin bolsa komek edaýiň
5
85
5
Ангел
04.06.2020 21:41
Aýal-erkek ajal jamdan datmaly
Näçe ömür berlen bolsa ätmeli
Aýal ölse bir depik çuň gömýärler
Aýalça ýok erkekleri nätmeli....?!
7
122
5
Ангел
09.03.2020 23:10
Aýal bilen deň bolanyň özi?
34
1 000
16
Ангел
08.03.2020 14:25
Siziň bilen şu dünýämiz gözeldir,
Adyňyz dillerde şygyr gazaldyr.
Siziň bilen gyşymyzam bahardyr
Türkmen gelinleri, türkmen gyzlary!!!
Külli türkmen zenanlaryny, aýratynam Öwrenmelidäki agza gyzlary
Гульхан,
Paradise,
Aycicek,
Селби,
Fatima,
Senem,
BBaharjyk,
Gülşat Ataýewa,
Jerkam,
Kümüş,
Baby,
Janita,
Aýnara Batyrovna ,
Alfiýa,
Smile,
Bts,
Aýbölek,
Güljeren,
B?❤
Saýrak guşjagaz,
Merýem,
Mylaýym,
Селя,
Nur,
Aýjahana,
Mährişga,
Mährim,
Mähri,
Malin fes,
Ejeş,
Şeýlede myhman gyz- gelinleri gyzgyn mähirli gutlaýan
16
1 075
19
Ангел
08.03.2020 14:25
Siz üçin toý tutýar Türkmen ilimiz,
Siziň baýramyňyz siziň günüňiz,
Diňe süýji sözler sözlär dilimiz,
Gelin-gyzlar baýramyňyz gutlaýan!
Baky bolsun ýüzüňizde nuruňyz,
Begençden ýaşarsyn gara gözüňiz,
Allam siziň uzak etsin ömrüňiz,
Gelin-gyzlar baýramynyz gutlaýan!
11
341
3
Ангел
02.03.2020 21:50
Bu gün bir üýtgeşik bazara düşdüm,
Jar çekýär sesine bat berip küýki:
"Puluň bolsa tapylmajak zat ýokdur!"
...Ýassyk satyn aldym tapmadym uky.
Ýene-de bir ýerden edindim derman,
Näçe pul bolsa-da, tapmadym saglyk.
Nahar satyn aldym äpet aşpezden,
Işdä soranymda "Ýok" didi egilip.
Ynha-da bir ýerden arzan dos tapdym,
Wepasyn tapmadym, gynandym çala.
Hemem satyn aldym, bir ýetim ýigidi,
Ejesin tapmadyk ullakan pula.
Bir gözel gyz tapdym, bazar içinden,
Derhal satyn aldym, töledim nagt.
Toýa diýip haryt baryn ýygnadym,
Emma gin bazardan tapmadym bagt.
15
1 332
19
Ангел
24.02.2020 23:08
Degişmejik
Iki sany zakaz etjek tikinçi,
Ýetişdirseň joralarmyň toýuna.
Birinjisi arzan, emma ikinji,
Gymmat bolsun hemýaraşsyn boýuma
Birinjä dakyber ýönekeý daşlar,
Ikinji köýnegme merjen dakaly.
Birinji köýnegme köne moda bor,
A ikinjim bolsun täsin ýakaly.
Tikinçi geň galyp garap durşuna,
Sebäbin sorady gymmat, arzanyň.
"Näm üçin birinji arzan bolmaly,
Ikinji köýnege seçýän pul känin???"
Birinji köýnegi geýjek joramyň,
Toýunda obaly bagşy boljakmyş.
Ikinji joramyn toýuna bolsa,
Asgabatdan Azat Dönmez geljekmiş!
???
17
937
7
Ангел
19.02.2020 14:26
Ýazgyt
Ýeke tuduň bagryn oýup çüý bilen,
"Men seniňki Kerim!"diýip ýazypdyň.
Agaja çyrşalan üçje söz bilen,
Üç ýüz million meselämi çözüpdiň.
Ak kagyz däl, ak tut bolany üçin,
Men ýazylan ýazgylara ynandym.
Emma soňky bu binesip çözgütden,
Ýazgydyma ynamsyzlyk gazandym.
Peýdasy ýok, sen bir törüň bezegi,
Bir haýyşym,
Oba gelip gezip git?!
Biwepa didirmek islämok, ile,
Ýeketuda "däl"sözünem ýazyp git!
12
895
12
Ангел
18.02.2020 12:43
Göz ýaş
Göz ýaşlar näme üçin döreýär eken,
Göz ýaşa göwünler ereýär eken,
Göz ýaşlar şeýle bir pespäldir welin,
Ýüzün aşak salyp ýöreýär eken.
Göz ýaşam utansa gizlenýär eken,
Ýüzüňden gitmäge tizlenýär eken,
Gussaly mahalyň ýa bagtly wagtyň,
Olar saňa derek ýüzlenýär eken.
Göwünem gözler deý aglaýan eken,
Ýöne ony hiç kim aňmaýan eken,
Göwüniň ýaşlary o:t bolup akyp,
Diňe öz içini daglaýar eken.
?ýöne ony hiç kim aňmaýan eken...
17
848
12
Ангел
17.02.2020 14:30
Eli gülli oglanjyk
Sarysyndan ýoldum, gögünden ýoldum
Gyzylyndan ýoldum, agyndan ýoldum.
Güller bir-birinden, ajaýyp eje!
Dogrujamy diýsem, baryndan ýoldum.
Mollum rugsat etdi, ýolaýyň didi
Halanja gülňizi alaýyn didi,
Ejeňize gowşurun bu gülleri,
Ýetmesede ýene geläýiň didi.
Baýram, Meret, Çary öýlerne gitdi,
Gujagyn doldurup, bir desse gülden.
Eje ynha menem, mekdepden çykyp,
Şol bir gujak gülli, ýanyňa geldim.
Seretsene eje, güllere seret!
Seniň halaýanyň, terje bägüller.
Goşgy hem öwrendim, onam aýdaýyn,
Şahyrçylyk eden bolýa, kä günler.
Janym ejem, gutly bolsun baýramyň!
Minnetdarlyk üçin galma azara
-diýdi-de oglanjyk gül goýup gitdi.
Gözýaşyn damdyryp köne mazara.
25
1 205
20