Göz ýaş
Göz ýaşlar näme üçin döreýär eken,
Göz ýaşa göwünler ereýär eken,
Göz ýaşlar şeýle bir pespäldir welin,
Ýüzün aşak salyp ýöreýär eken.
Göz ýaşam utansa gizlenýär eken,
Ýüzüňden gitmäge tizlenýär eken,
Gussaly mahalyň ýa bagtly wagtyň,
Olar saňa derek ýüzlenýär eken.
Göwünem gözler deý aglaýan eken,
Ýöne ony hiç kim aňmaýan eken,
Göwüniň ýaşlary o:t bolup akyp,
Diňe öz içini daglaýar eken.
?ýöne ony hiç kim aňmaýan eken...