Eli gülli oglanjyk
Sarysyndan ýoldum, gögünden ýoldum
Gyzylyndan ýoldum, agyndan ýoldum.
Güller bir-birinden, ajaýyp eje!
Dogrujamy diýsem, baryndan ýoldum.
Mollum rugsat etdi, ýolaýyň didi
Halanja gülňizi alaýyn didi,
Ejeňize gowşurun bu gülleri,
Ýetmesede ýene geläýiň didi.
Baýram, Meret, Çary öýlerne gitdi,
Gujagyn doldurup, bir desse gülden.
Eje ynha menem, mekdepden çykyp,
Şol bir gujak gülli, ýanyňa geldim.
Seretsene eje, güllere seret!
Seniň halaýanyň, terje bägüller.
Goşgy hem öwrendim, onam aýdaýyn,
Şahyrçylyk eden bolýa, kä günler.
Janym ejem, gutly bolsun baýramyň!
Minnetdarlyk üçin galma azara
-diýdi-de oglanjyk gül goýup gitdi.
Gözýaşyn damdyryp köne mazara.