Ýaşşahyr.
Ýaşşahyr.
24.07.2020 13:57
Sizem şeýlemi
Ýaşşahyr.
Ýaşşahyr.
23.07.2020 18:11
Aýatda Pederlem diri bolsady.
Ýaşşahyr.
Ýaşşahyr.
22.07.2020 08:01
Sözüm Hakdyr Pyragy.
Ýaşşahyr.
21.07.2020 12:04
Neçün menden gaty gördüň,
Gülim, göwnüňe degdimmi?
Maňa jaň, etme diýdiň,
Gülim, göwnüňe degdimmi?

Aýtgyn, bileýin günämi,
Bilip, ýuwaýyn günämi,
Sözle, duýaýyn günämi,
Gülim, göwnüňe degdimmi?

Näme boldy, saňa birden,
Jaň ederin, diýsem irden,
Ýa, ýüregim, dolup kirden,
Gülim, göwnüňe degdimmi?

Maňa gül açjak mahalyň,
Soldumy eken, nahalyň,
Ýada getirip gaharyň,
Gülim göwnüňe degdimmi?

Seňki bolsun bar baýlygym,
Halaldan ýygnan şaýlygym,
Alladan inen taýlygym,
Gülim, göwnüňe degdimmi?

Baharym, bagyşla meni,
Hangeldi söýýändir seni,
Saklap bilmän, aşa çeni,
Gülim, göwnüňe degdimmi?

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow
5
719
Ýaşşahyr.
18.07.2020 11:17
Nesil gerek

Eý, ýaranlar, Halaýyklar,
Adamzada nesil gerek.
Ýyl saýyn, artyp durmaga,
Çalşyp duran, pasyl gerek.

Aç ynsan, urnar, her ýana,
Kimler Haka, kimler hana,
Emma, der döken daýhana,
Ýerden önen, hasyl gerek.

Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow.
2
397
Ýaşşahyr.
14.07.2020 10:43
Pata ber Pyragym.
4
172
Ýaşşahyr.
13.07.2020 21:35
Şirin jan tenden aýryldy
Ömrüň gysga eken klasdaş.
Synaň gum bilen garyldy
Dert baryny çeken klasdaş.

Ejiz eken süňňüň myhy
Arşdan kürse galdy ruhy
Çekip munda niçe ahy
Hak huzurna ýeten klasdaş

On üç oglan, on bäşi gyz
Aglap ýürekde goýdy yz
Aňmyzdan çykmarsyň hergiz
Sulhda orun tutan klasdaş.

Parlapdy toýlarda täjiň
Eştmeklik kyn degdi ajyň
Nalaçdyň ýokdy alajyň
Bagyr dertden öten klasdaş.

Illäp toýlajakdyk toýuň
Ondan öň tutuldy ýasyň
Ýetmediň şum boldy oýuň
Arzuw hyýal ýiten klasdaş.

Umyt edip içdiň şerbet
Köp ýyl halyň boldy erbet
Ýigrim iki ýaşly Söhbet
Solduň ýaňy biten klasdaş

Allam daş kylsyn dowzahdan
Eýlesin jaýyň jennetden
Gorasyn syratly otdan
Ýer teýinde ýatan klasdaş.

Yrza bolgun hemmämizden
Dost, dogan, kaka ejeden
Miras galsyn Hangeldiden
Bu şygrym ýas tutan klasdaş.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

4
589
Ýaşşahyr.
12.07.2020 17:23
Otuz ýaşa çenli, ynamyňy ödäp,
Barsam maňa pata, berermiň Pyragym?
Aktokaýyň içinde, gudrat görkezip,
Şägirdim diýip, gujak, gerermiň Pyragym?

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
6
783
Ýaşşahyr.
11.07.2020 12:35
Sorag näme üçin?

Garyp jomart-Baý namart.
11
1 725
Ýaşşahyr.
10.07.2020 11:37
Juwan başym, hala döndi,
Ýörüň begler, hoş bolalyň.
Adam bary, mala döndi,
Ýörüň begler, hoş bolalyň.

Bäş günlük, synagla gelip,
Gam çekmäliň, beýdip durup,
Kap dagynda, Meýlis gurup
Ýörüň begler, hoş bolalyň.

Duşmanlardan ara açyp,
Inçe billere dür saçyp,
Gähi gonup, gähi guçup,
Ýörüň begler hoş bolalyň.

Saçagy bezäp nygmata,
Myhmany besläp hezzete,
Diň salman, sansyz gybata,
Ýörüň begler, hoş bolalyň.

Päk atlarmyzy eýerläp,
El haly bilen kemerläp,
Bir oňat ýeri nazarlap,
Ýörüň begler, hoş bolalyň.

Hangeldi çeniňden çykma,
Il-günüň, göwnüni ýykma,
Halypaň Pyrag ynjytma
Ýörüň begler, hoş bolalyň.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
10
998