Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
03.10.2022 15:32
Salam hormatly agzalar! Men barada gyzyklanýan soraglarňyz bolsa beriberiň.Kimde nähili sorag bar?
5
161
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
18.09.2022 14:17
Maňa goşgy ýazmak üçin Hudaý tarapyn zehin berlipmi ýa-da özüm höwesjeňmi?. Sizden dogry we takyk jogaba garaşýan.
9
235
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
15.09.2022 16:43


Didarberdi Allaberdiýew

Beýik Pyragyny düýşümde
gördüm

Pyragy düýşümde görünüp maňa,
«Bilýäniňi beýan eýlegin» diýdi.
«Bäş kelam sözümi söýläýin saňa,
Halaly-haramy saýlagyn» diýdi.

«Gije-gündiz Subhan adyn zikir et,
Beýikleri maňlaýa syl, pikir et,
Pesi görüp, öz günüňe şükür et,
Il-güne gözüňi aýlagyn» diýdi.

«Gulluk et Hudaýa, yslam diniňe,
Guwanyp ýaşagyn türkmen iliňe,
Ajy söz almagyl asal diliňe,
Diňe ýagşylygy söýlegin» diýdi.

«Mizan işi ýaly deňlikden başga,
Biribar bagş etse, beglikden başga,
Saglyk bilen agzybirlikden başga,
Gözleme dünýäniň baýlygyn» diýdi.

«Ýagşylar sözüni ýadyňda bekle,
Watan mukaddesdir, duzuny hakla,
Ýaramaz derdiňi içiňde sakla,
Ýamany il-güne ýaýmagyn» diýdi.

«Dünýäni gezersiň nesibäň dartyp,
Berdikçe baýarsyň bereket artyp,
Goşa teňňäň bolsa özüňden artyk,
Saklama, mätäje paýlagyn» diýdi.

Sormadym ahwalyn – tutuldy dilim,
«Ämin» diýp, dogada göterdi golun,
«Saňa pata berdim – rowan bol, gulum,
Oýan, ýol azygyň şaýlagyn» diýdi.

Senaly, halypam ussatlar başy,
Beýik ady şygyrlarmyň sözbaşy,
Pyragyny görmek bagtyň gözbaşy,
Göwnüm bu ahwaly toýlagyn diýdi.
10
76
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
09.09.2022 18:14

Ýalňyşymy düzetmäge,
Il- günim, gerek siz maňa.
Täze goşgy, döretmäge,
Il-günim, gerek siz maňa.

Duşman daşym, gurşap alsa,
Meni öçmez, oda salsa,
Juwan kalbym, ýalňyz galsa,
Il-günim, gerek siz maňa.

Bir nahaly ekişmäge,
Hassa wagtym ýetişmäge,
Tabyt öňün çekişmäge,
Il-günim, gerek siz maňa.

Dogan gerek, bäş bolmaga,
Hyjuw gerek, ýaş bolmaga,
Toý-tomgada, baş bolmaga,
Il-günim, gerek siz maňa.

Arzuwym kändir sözlesem,
Pyrag ýoluny yzlasam,
Ejizläp haraý gözlesem,
Il-günim, gerek siz maňa.

Hangeldi, il-günsiz oňmaz,
Oňsada, aý-günim dogmaz,
Dost-ýarsyz ýaşaýyş bolmaz,
Il-günim, gerek siz maňa.

Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow.

10
73
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
08.09.2022 17:10

Pyragym seret bu dünýä,
Ynsan derde duçar boldy.
Synamyz mazarda galyp,
Jan asmana uçar boldy.

Är köpeler, geňeş güni,
Hany pälwan, göreş güni,
Mert ýigitler, söweş güni,
Ganym görse, gaçar boldy.

Hatynda uýat galmady,
Gyzlarda zynat galmady,
Dillerde gybat galmady,
Kişiň syryn, açar boldy.

Baý maksady, baýlyk bilen,
Garyp günlik, aýlyk bilen,
Hassa bolsa, saglyk bilen,
Bu dünýeden, göçer boldy.

Ölümden heder edenler,
Myhmana hödür edenler,
Özgäni peder edenler,
Dillen şerin, saçar boldy.

Hangeldi hakykat sözle,
Piriňden ylhamyň gözle,
Saýlan käriň, soňun çözle,
Kimler aňsyz, öçer boldy.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
6
142
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
06.09.2022 21:57
Käbir ýerde, dilimi dişimiň aňarsynda saklamaly bolýan. Sebäbi käbir adamlara gep düşündürmek, çaga gep düşündürendenem agyr gelýär.

Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow.
6
156
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
05.09.2022 10:00
Öwüt-ündew.

Söýgi.

Aýralyk.
6
122
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
04.09.2022 10:13

Meniň ömrüm gysga, ýüregim syzýar,
Allam uzak ömür, bermändir maňa,
Ýöne şükür kylýan, Ýaradan Taňra,
Ilden aýra zehin, salypdyr aňa.

Ölmerin, ruhum galsada asmana,
Ýenede täzeden dünýä gelerin.
Mundan ozal öň, kim bolup ýaşanym,
O dünýä, baramda anyk bilerin.

Ýedi weliň birin, halypa berdi,
Pyragym ýazgarmaň, öýkünýän size,
Seniň ýoluňy ýitirmezlik üçin,
Hak her demde, arka durýar bize.

Ölümden gorkamok, gorkan kapyrdyr,
Ýöne heder edýän, gury gitmekden.
Perzentlerim ýolum ýöretse ýagşy,
Ýene heder edýän, yzym ýitmekden.

Tohumda ýok diýip, sungat adamsy,
Pederlerim haýyş, ýazgarmaň meni.
Meniň her bir ýazan, şygrymy okap,
Akly çaşan diýip, saýgarmaň meni.

Men Magtymguly, ýaly bolup bilmen,
Ýa ýalançyda adym goýup bilmen,
Hangeldi her näçe, horluk görsede,
Hakdan inen sungatyn goýup bilmez.

Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow.

3
48
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
03.09.2022 21:37

Meniň ömrüm gysga, ýüregim syzýar,
Allam uzak ömür, bermändir maňa,
Ýöne şükür kylýan, Ýaradan Taňra,
Ilden aýra zehin, salypdyr aňa.

Ölmerin, ruhum galsada asmana,
Ýenede täzeden dünýä gelerin.
Mundan ozal öň, kim bolup ýaşanym,
O dünýä, baramda anyk bilerin.

Ýedi weliň birin, halypa berdi,
Pyragym ýazgarmaň, öýkünýän size,
Seniň ýoluňy ýitirmezlik üçin,
Hak her demde, arka durýar bize.

Ölümden gorkamok, gorkan kapyrdyr,
Ýöne heder edýän, gury gitmekden.
Perzentlerim ýolum ýöretse ýagşy,
Ýene heder edýän, yzym ýitmekden.

Tohumda ýok diýip, sungat adamsy,
Pederlerim haýyş, ýazgarmaň meni.
Meniň her bir ýazan, şygrymy okap,
Akly çaşan diýip, saýgarmaň meni.

Men Magtymguly, ýaly bolup bilmen,
Ýa ýalançyda adym goýup bilmen,
Hangeldi her näçe, horluk görsede,
Hakdan inen sungatyn goýup bilmez.

Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow.

6
19
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
01.09.2022 12:52

Unutmaryn güler, ýüzli keşbiňi,
Adyňy ýüregme, nagyş eýledim.
Seniň özüň, jepa berdiň ullakan,
Men bolsa ömrümi, bagyş eýledim.

Söýdüm seni, bu owadan dünýäde,
Saýlap seçip, ençe gyzlaň içinden.
Egerde men seni söýmeýän bolsam,
Gabanmazdym ençe gözleň içinden.

Gynanamok, meni söýmeseň söýme,
Seniň adyň, dillerimde sena bor.
Durmuşdan ýeňilip, ejizlän günim,
Nurana görküň, arkama pena bor.

Sadalyk bilen, ýugrulan söýgüme,
Ýokdan bar eýlegen, Taňrym kepildir.
Saňa aýdan, ajy-süýji sözlerim,
Hakdan aňa guýlan, täsin zehindir.

Sen maňa tükenmejek bagt dilediň,
Men hem, şol bagty dileýärin saňa,
Indi beýdip adam ýakmagyn gülim,
Ömür iki däl, ýalbarýaryn saňa.

Hangeldi tüketse, iň soňky sözün,
Şahyr kalbym bägül kimin solarsyň.
Ah, indi sen maňa däl, özge ýigdiň,
Aýjemal atly, gelini bolarsyň.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

6
91