Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
15.09.2022 16:43


Didarberdi Allaberdiýew

Beýik Pyragyny düýşümde
gördüm

Pyragy düýşümde görünüp maňa,
«Bilýäniňi beýan eýlegin» diýdi.
«Bäş kelam sözümi söýläýin saňa,
Halaly-haramy saýlagyn» diýdi.

«Gije-gündiz Subhan adyn zikir et,
Beýikleri maňlaýa syl, pikir et,
Pesi görüp, öz günüňe şükür et,
Il-güne gözüňi aýlagyn» diýdi.

«Gulluk et Hudaýa, yslam diniňe,
Guwanyp ýaşagyn türkmen iliňe,
Ajy söz almagyl asal diliňe,
Diňe ýagşylygy söýlegin» diýdi.

«Mizan işi ýaly deňlikden başga,
Biribar bagş etse, beglikden başga,
Saglyk bilen agzybirlikden başga,
Gözleme dünýäniň baýlygyn» diýdi.

«Ýagşylar sözüni ýadyňda bekle,
Watan mukaddesdir, duzuny hakla,
Ýaramaz derdiňi içiňde sakla,
Ýamany il-güne ýaýmagyn» diýdi.

«Dünýäni gezersiň nesibäň dartyp,
Berdikçe baýarsyň bereket artyp,
Goşa teňňäň bolsa özüňden artyk,
Saklama, mätäje paýlagyn» diýdi.

Sormadym ahwalyn – tutuldy dilim,
«Ämin» diýp, dogada göterdi golun,
«Saňa pata berdim – rowan bol, gulum,
Oýan, ýol azygyň şaýlagyn» diýdi.

Senaly, halypam ussatlar başy,
Beýik ady şygyrlarmyň sözbaşy,
Pyragyny görmek bagtyň gözbaşy,
Göwnüm bu ahwaly toýlagyn diýdi.
10
76
Myhman Myhman
8 Noýabr 2022
👍
gulserem
15 Sentýabr 2022
Manyly gosgy👍🏻☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.