Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
01.09.2022 12:52

Unutmaryn güler, ýüzli keşbiňi,
Adyňy ýüregme, nagyş eýledim.
Seniň özüň, jepa berdiň ullakan,
Men bolsa ömrümi, bagyş eýledim.

Söýdüm seni, bu owadan dünýäde,
Saýlap seçip, ençe gyzlaň içinden.
Egerde men seni söýmeýän bolsam,
Gabanmazdym ençe gözleň içinden.

Gynanamok, meni söýmeseň söýme,
Seniň adyň, dillerimde sena bor.
Durmuşdan ýeňilip, ejizlän günim,
Nurana görküň, arkama pena bor.

Sadalyk bilen, ýugrulan söýgüme,
Ýokdan bar eýlegen, Taňrym kepildir.
Saňa aýdan, ajy-süýji sözlerim,
Hakdan aňa guýlan, täsin zehindir.

Sen maňa tükenmejek bagt dilediň,
Men hem, şol bagty dileýärin saňa,
Indi beýdip adam ýakmagyn gülim,
Ömür iki däl, ýalbarýaryn saňa.

Hangeldi tüketse, iň soňky sözün,
Şahyr kalbym bägül kimin solarsyň.
Ah, indi sen maňa däl, özge ýigdiň,
Aýjemal atly, gelini bolarsyň.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

6
91
lalahan
15 Sentýabr 2022
Size şygrýet äleminde üstünlik
Неизвестныйь
5 Sentýabr 2022
5nji topbagyñ 1nji setiri 12 bogun 11 bogun etseñ hemde galan 3setiri bilen kapyyalasdyryp yazsañ.sonky topbagyn kapyyasy sonky setiri bilen otyrmandyr....Mundanam.beylak ustunlik
wolf
1 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
ylham_gurbanaly
1 Sentýabr 2022
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow., *entek
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
1 Sentýabr 2022
YGurbanaly23,Şahyrlyk derejä ýetemok.Ýaş men intäk
Myhman Myhman
1 Sentýabr 2022
Soyysen gadryn bilmeyarler sonun un hic kimi soyymeli d
ylham_gurbanaly
1 Sentýabr 2022
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow., Şahyrmy sen?
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
1 Sentýabr 2022
YGurbanaly23, Intäk ýaş kämilleşmeli dost men
ylham_gurbanaly
1 Sentýabr 2022
5nji bent agsaklaýar
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
1 Sentýabr 2022
Gülşat Ataýewa, Hakyky
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.