Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
08.09.2022 17:10

Pyragym seret bu dünýä,
Ynsan derde duçar boldy.
Synamyz mazarda galyp,
Jan asmana uçar boldy.

Är köpeler, geňeş güni,
Hany pälwan, göreş güni,
Mert ýigitler, söweş güni,
Ganym görse, gaçar boldy.

Hatynda uýat galmady,
Gyzlarda zynat galmady,
Dillerde gybat galmady,
Kişiň syryn, açar boldy.

Baý maksady, baýlyk bilen,
Garyp günlik, aýlyk bilen,
Hassa bolsa, saglyk bilen,
Bu dünýeden, göçer boldy.

Ölümden heder edenler,
Myhmana hödür edenler,
Özgäni peder edenler,
Dillen şerin, saçar boldy.

Hangeldi hakykat sözle,
Piriňden ylhamyň gözle,
Saýlan käriň, soňun çözle,
Kimler aňsyz, öçer boldy.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
6
142
ylham_gurbanaly
8 Noýabr 2022
Duçar - uçar . Hiç hili baglanşanok
lalahan
15 Sentýabr 2022
Onat gosgy yazypsynyz berekella
wolf
8 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍

Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.,biz pul dälä herkimiñ göwnüne ýarar ýaly
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
8 Sentýabr 2022
123456,Taňryýalkasyn
zohre_yyldyz
8 Sentýabr 2022
Gary gowy gosgy yazypsynyz höwri kop bolsun
RuníA
8 Sentýabr 2022
Örän govy!✨👍🏻
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
8 Sentýabr 2022
Myhman Myhman, sag bol Taňryýalkasyn

Perishdejik,Taňryýalkasyn. Aýby ýok bassynlar.Hemme adamyň göwnüne ýaranyp bolmaýar.
Perishdejik
8 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻gowy gosgy

Dislike basanam bar🙄🙄😱
gulserem
8 Sentýabr 2022
👍👍👍👍🙂
Ýaşşahyr:HangeldiOrazmyradow.
8 Sentýabr 2022
garajaoglan,kimi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.