Tayler
13.05.2025 22:13
SENSIZ
Baglar bar abraýyn dökdüler sensiz.
Bulutlar gar bolup çökdüler sensiz –
Sensiz öz-özüni asdy şagalaň.
Isle — ýer ýumrukla.
Isle — çabalan.
Ölseň — ýeriňkidiň, ölmeseň — meňki.
A ýeriň dört gezek üýtgedi reňki.
Süýndi ykmanda ýel dilini sallap.
Geçdi ýolagçy ýyl elini salgap.
Suwdan çykarylan balyga döndüm.
Dyza çökerilen şalyga döndüm.
Gijeler bir ýyllap gysgalmadylar.
Dostlar göwünligin gysganmadylar.
Bir semiz kalendar gutardy igläp.
Aglardan giç bu gün.
Gülerden irräk.
@... ŞIRALY NURMYRADOW
7
117
awadan
13.05.2025 14:25
Bagtly ene durmuşynyň bir güni (hekaýa) SOŇY
Bu gün ag­şam na­ha­ry­na do­gan­lar hem wag­tyn­da gel­di­ler. Bagt­ly enä­niň maş­ga­la­sy­nyň be­re­ket­li sa­ça­gy­nyň ba­şyn­da jem­le­nen do­gan­lar Ogul­na­bat enä­niň taý­ýar­lan gaý­nat­ma çor­ba­syn­dan hem-de tä­ze tam­dyr çö­re­gi­niň ow­ma­jyn­dan, tä­ze ba­sy­ry­lan ga­tyk­dan ag­şam­lyk edin­di­ler
Ag­şam­lyk ça­gyn­da te­le­wi­zor­da gör­ke­zil­ýän gepleşiklere syn edip, maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň bir sa­ça­gyň ba­şy­na üý­şüp na­har edin­mek­le­ri bu­la­ryň maş­ga­la edä­he­di. Ene üçi­nem, per­zent­le­ri üçi­nem hum çäý­ne­ge dem­le­nen gök ça­ýyň ba­şyn­da­ky gür­rüň­ler hem has gy­zyk­ly bol­dy. Bagt­ly ene we onuň per­zent­le­ri be­re­ket­li sa­ça­gyň ba­şyn­dan tur­man­ka­lar, şol wagt «Mi­ras» te­le­ýaý­ly­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­ta­byn­dan ene ha­kyn­da­ky aja­ýyp jüm­le­ler örän us­sat­lyk bi­len çe­per oka­lyp baş­lan­dy. Enä­niň we onuň ça­ga­la­ry­nyň hem­me­si­niň üns­li na­za­ry ma­wy ek­ra­na ta­rap öw­rül­di.
Owa­dan ses bi­len «Ene ça­ga­ny dün­ýä in­der­ýär, ke­ma­la ge­tir­ýär. Mu­nuň üçin ol enä ömür­bo­ýy min­net­dar bol­ma­ly. Go­ly giň, gaý­rat­ly ýi­gi­diň we­pa­sy bol­sa, onuň ene top­ra­ga tag­zym et­me­gin­de­dir. Şo­nuň üçi­nem ol «ene top­rak». Sa­ňa ser­paý edi­len ömür üçin al­ky­şyň top­ra­ga yh­la­syň­dyr. Çün­ki top­rak gül­län­de ýa­şa­ýyş mü­di­mi bol­ýar. Ýa­şa­ýyş gül­le­ýär. Ene­ler ra­hat ýa­şa­ýar. Biz şo­nuň üçi­nem top­ra­ga to­gap ed­ýä­ris.
Men öz kä­bä­miň edil hä­zir­ki pur­sat­da hem ýü­re­gin­dä­ki iň mä­hir­li al­kyş­la­ry­ny se­na edin­ýän­di­gi­ni bil­ýä­rin. Ene­le­riň ýü­re­gin­dä­ki al­kyş­la­ry dün­ýä dol­ýar. Dün­ýä hem ola­ryň «di­li­ne» dü­şün­ýär.
Ene­le­riň kal­by as­man ýa­ly pä­ki­ze, ýü­rek­le­ri bol­sa Gün ýa­ly şug­la­ly.
Ene­ler­de ýü­re­gi ýy­lad­ýan mä­hir bar.
Ene­ler ili­niň bag­ty­nyň di­le­gin­de bo­lup, abat­lyk ar­zuw­la­ry bi­len dün­ýä­ni ýa­şad­ýar­lar.
Döw­let eýe­si mäh­ri­ban ene­le­ri­mi­ziň ar­zuw­la­ry ha­syl bol­sun! Şon­da eziz Wa­ta­ny­my­za döw­let or­nar, hal­ky­myz­da ag­zy­bir­lik pug­ta­la­nar. Bi­ziň bag­ty­ýar­ly­gy­myz eziz ene­le­riň ar­zu­wy­dyr. Bi­ziň ar­zu­wy­myz bol­sa ene­le­riň bag­ty­ýar bol­ma­gy­dyr» di­ýip oka­lan aja­ýyp jüm­le­le­ri ene we onuň ça­ga­la­ry örän üns­li diň­le­di­ler.
Şeý­le aja­ýyp, ýü­re­ge ýa­kym­ly, mä­hir­li söz­ler­den soň­ra, gys­ga wagt­lyk dy­myş­lyk ara düş­di. Do­gan­la­ryň hem­me­si­niň gu­wanç­ly, mä­hir-söý­gü­den pü­repür­le­nip, bal­kyl­da­şyp du­ran gö­reç­le­ri mäh­ri­ban kä­be­si­ne ta­rap öw­rül­di.
Bagt­ly dur­mu­şyň ene­si Ogul­na­bat ene: «Ba­sym ka­ka­ňy­zam sähradan iş çal­şy­gy­ny dol­du­ryp, dynç al­şa ge­ler. Şu ge­zek hu­ruş­lyk mal hem ge­tir­me­li, ne­sip bol­sa, şor suw bi­şi­rip be­re­rin» di­ýip, myssa ýylgyrdy.
7
76
smiling_
12.05.2025 22:54
Gyzlañ ünsüni çekýär juda,
Ýylgyryşyñ ýañajygyñ.
Yşgyñ jadysy bar,
Gözleriñde gazajygym...🤍
6
138
alma___
11.05.2025 20:37
Berdim diýip Allam berse.
Alyp bilmez elden bende.
Ýagşylyk et ýa ýamanlyk.
Ikiside ýatmaz ýerde
6
125
awadan
11.05.2025 17:55
Bagtly ene durmuşynyň bir güni (hekaýa) 4-nji bölüm
Ba­sy­ran ha­my­ry­ny bar­lap ma­za­ly alan­dan soň, zo­wa­la­la­ra bö­lüş­di­rip, ýa­ýyp, tam­dy­ra ýap­mak üçin taý­ýar­laş­dy­ryp goý­dy. Ot ber­len tam­dyr aga­ryp, ma­za­ly çö­rek ýap­ma­ga taý­ýar bo­lan­dan soň­ra çö­rek­le­ri­ni ýa­pyş­dyr­dy. Çö­re­giň go­wy biş­me­gi üçin ak su­wy, gy­zyl su­wy be­ril­ýän bed­re­dä­ki su­wu­na, tä­ze do­gan Gün ýa­ly lo­wur­dap, il­kin­ji bi­şen me­le-mys­syk çö­re­gin­den dö­wüp, su­wa ba­ty­ryp ça­ga­la­ry­na paý­laş­dyr­dy.
Çö­rek­le­ri­ni bi­şi­rip bo­lan­dan soň, ke­se­gi­ni ga­zaş­dyr­dy, re­pi­dä­ni, ti­ke­ji ýyg­naş­dy­ryp, öň­ki go­ýul­ýan ýe­rin­de goý­dy.
Ogul­na­bat ene tam­dyr­dan çy­kan gyz­gyn çö­rek­le­ri bir­ne­me so­wa­ma­gy üçin ça­ga­la­ry bi­len bol­ýan ota­gy­na ge­ti­rip sa­ça­gyň üs­tün­de go­ýuş­dyr­dy. Ene hum çäý­nek­de ga­lan çaý­dan suw­suz­ly­gy­ny gan­dyr­dy.
Ene bi­raz sa­lym­dan tä­ze bi­şi­ri­len tam­dyr çö­re­gin­den ow­maç taý­ýar­la­mak üçin ki­çi gy­zy­na ja­my ge­tir­me­gi hem-de çö­rek dog­ra­ma­gy tab­şyr­dy. Uly gy­zy­na ga­zan­da gaý­nap du­ran po­mi­dor go­ýalt­ma­gy­nyň odu­ny pe­selt­me­gi tab­şyrdy-da, der­rew ag­şam­lyk na­har üçin ki­çi ojak­da ga­za­na süňk­li et­ler­den sa­lyş­dy­ryp çor­ba atar­dy. Bi­bä çor­ba at­mak üçin dört-bäş sa­ny ýe­ral­ma­sy­ny we üç sa­ny düýp so­ga­ny ar­typ, aras­sa­la­ma­gy tab­şyr­dy. Özi bol­sa ýa­ňy gaý­nap baş­lan çor­ba­nyň ýü­zü­ne çyk­ýan kö­pük­le­ri aý­ryş­dyr­dy-da, gaý­nap baş­lan ga­za­nyň odu­ny pe­selt­di.
Ogul­na­bat ene öri meý­da­nyň bol ot­la­ryn­dan gar­ny­ny gö­jäp ge­len syg­ry­ny daň­ma­ga, gö­le­si­ni goý­be­rip em­dir­mä­ge we süý­dü­ni sa­gyp al­ma­ga hem ýe­tiş­di.
Soň­ra bol­sa ban­ka­la­ry taý­ýar­lap, gaý­na­gy ýe­ten po­mi­dor go­ýult­ma­gy­ny ýap­ma­ga taý­ýar­laş­dyr­dy.
Ogul­na­bat ene en­tek gyz­gy­ny git­me­dik, dog­ra­lan tam­dyr çö­re­gi­ne sa­ry ýag go­şup, ma­za­ly ga­ryş­dy­ryp, üs­tü­ni ba­sy­ryp goý­dy-da, «Ag­şam na­ha­ry­nyň ba­şyn­da iýer­si­ňiz» di­ýip, mä­hir­li­lik bi­len kör­pe ba­la­sy­na se­ret­di. Uly gy­zy­nyň taý­ýar­lan ban­ka­la­ry­na bol­sa ýap­ma­ga taý­ýar bo­lan po­mi­dor go­ýult­ma­gy­ny gu­ýup, ban­ka­nyň ga­pak­la­ry­ny yk­jam ýa­pyl­ýan gu­ra­lyň kö­me­gi bi­len ýap­dy. Po­mi­dor go­ýult­ma­gy gap­la­nyp, tä­ze ýa­py­lan ban­ka­la­ry bol­sa, ba­şa­şak­ly­gy­na go­ýuş­dyr­dy. Ga­za­na ata­ry­lan süňk­li çor­ba­nyň bir­ne­me gaý­na­gy ýe­ten­soň, tä­ze ge­ti­ri­len po­mi­dor­dan üç-dört sa­ny­sy­ny hem-de gy­zy­nyň taý­ýar­lan so­gan­la­ry­ny dog­raş­dy­ryp na­ha­ra goş­dy. Taý­ýar­la­nan ýe­ral­ma­la­ry­ny dör­de bö­lüş­dir­di hem suw­ly ja­myň için­de goý­dy.
Ene uly gy­zy Bi­bä ho­ja­ly­gyň hy­syr­dy­ly iş­le­ri­ni yzy­gi­der öw­red­ýär­di. Şo­nuň üçin Bi­bi öz­baş­dak hem na­har­la­ryň höt­de­sin­den ge­lip bil­ýär­di. Şol se­bäp­li hem bi­raz sa­lym­dan bö­lüş­di­ri­lip taý­ýar­la­nan ýe­ral­ma­la­ry çor­ba atyp goý­ber­mek Bi­bi üçin kyn iş däl­di
Dowamy bar ☘️
7
49
myrataly_
11.05.2025 11:40
Salam
9
114
alma___
10.05.2025 18:22
Dogry birden bolmaz ,bir gün bolar, nesip bolsa
1
20
flowers_
10.05.2025 17:50

ÖMRÜMIŇ BIR ÝYLY
Hoşlaşdym,
Ömrümiň ýene bir ýylyn
Ugratdym, geçmişe ýolladym bu gün.
O menden hoşalmy ýa-da närazy
Bilmedim, biljegem bolmadym bu
gün.
Gitdi,
Ne ýylgyrdy, ne gaşyn bürdi,
Ne-de bir gaňrylyp seretdi maňa.
Ýa menden sypanna begendi juda,
Ýa-da agraslygyn göz etdi maňa.
Hawa, ol dil ýarman,
Syr bermän gitdi...
Men bolsam penjiräň geçip öňüne,
Oň yzyndan garap galdym, tisgindim,
Ýeten wagty adamlaryň deňine.
Oýlandym: «Gör, olar näme diýerkän
Çekindim: «Oň ýüzün dalarlar
hökman».
Bir gowy zat, salamyny aldylar
Hemem ýol berdiler gaşlaryn çytman.
Diýdiler: «Başarsaň, ýagşylyk etdiň,
Şükür, ýamanlyg-a görmedik senden.
Hasyly azyrak berdiň sen oňa,
Nätjekd-ä, goý, onam görsün
özünden».
Soňam edep bilen saldylar ýola,
O bolsa ýene-de howlukdy, gitdi.
Kem-kemden giňişlik gerdi perdesin,
Gözýetime siňdi, gözümden ýitdi.
O gitdi...
«Nätjek-dä, görsün özünden»
Wah, şu jümle welin gulagmy gazap,
Beýnimi, ýüregmi mynçgap başlady,
Sähelçe pursatda çekdim kän azap.
Alaç ýok, geçeni geçdi bilmeli,
Öz eden günäňi çekmeli özüň.
Pursat bar, belki-de, geljekki günler
Hasylsyz ýylyňam dolar öwezin.
Ýöne bir kişini ynjaldan bolsam,
Ýa nähak iteklän bolsam men oda,
Şoň öwezin welin dolup bolmazdy,
Bejerip bolmazdy ömürylla-da.
Penjiräň öňünden aýryldym ahyr,
Azajyk teselli berdi şo pikir.
...Ýamanlyk etmedim özümden özgä,
Ah, şuňa-da şükür,
Şuňa-da şükür.
Italmaz Nuryýew.

8
175
small_poet✍️
09.05.2025 20:40
Mert ýigitleň gany damdy topraga,
Ýeňiş baýramyňyz mübärek bolsun!
Gerçek ärlerimize beýikdir sarpa,
Ýeňiş baýramyňyz mübärek bolsun!
Bütün dünýä doldy erkinligimiz,
Gazandyk ömürlik bitaraplygymyz,
Urra, urra gazandyk biz ýeňşimiz,
Ýeňiş baýramyňyz mübärek bolsun!
Frontçylarymyzy ýatlap hemişe,
Ýeke - ýeke adyn salyp töwire,
Türkmenligiňe buýsanmaly hemişe,
Ýeňiş baýramyňyz mübärek bolsun!
Çaryýewa Maýa
0
11
enes_∞
09.05.2025 18:09
Söýgi nirede..?
Söýgi – at. Başga birini ýa-da bir zady janyňdan ileri tutup, tüýs ýürekden gowy görmek duýgusy.
Gysgaça, sözlükdäki berilen kesgitlemesi. Ýöne, bu söz barada durmuşymyz, duýgularymyz näme kesgitleme berýärkä?!
Bu ýönekeýje bir sözmi, ünsümizi çekýän gyzyklanmamy ýa-da ähli gowy duýgularymyzyň bir atda jemlenen görnüşimi?
Munuň üçin sizden anyk jogap sorap biljek däl. Sebäbi “jogap” her kim üçin her hili ýagdaýlarda her dürli sypatlar bilen şekillendirip bilner.
Söýgi – görýän, duýýan, eşidýän, gidýän her bir ýerimizdedir. Ol dogduk mekanyň howasynda, ejäniň mährinde, kakaň gujagynda, doganyň goragynda, jigiň gülküsinde, ene-ataň agtygyna seredýän buýsançly gözlerinde, dostlaryň goldawynda, görýän kinolaryňda, futbol oýnuňda, diňleýän aýdym-sazlaryňda, alýan baýrakdyr-sowgatlaryňda…her gün döräp biläýjek pursatlaryňdadyr.
Ýöne “söýgi” diýlen düşünjäniň hem ähli düşünjelerde bolşy ýaly dürli-dürli sypatlary-garaýyşlary bardyr.
Bu garaýyşlar gowy, erbet, dogry, ýalňyş hem bolup biler…
…Edil eý görýän zadymyzy ýitirmekden gorkuşymyz ýaly, kalbymyza iň ýakyn bolan adamlarymyzyň hiç pikirlenmän janyny ýakyşymyz ýaly, her dürli sebäpler arkaly aldaýşymyz ýaly, höwes edýän işimizi soňa goýşumyz ýaly, biziň islegimiz däl-de, daş-töweregimiziň pikirine görä saýlaýşymyz ýaly…
Aýdylyşy ýaly, “söýgi” düşünjesine her tüýsli garaýyşlar bolup biler ýöne, muňa garamazdan, bu päk duýga seljerme bermek gelşiksiz. Ony her hili bolar-bolgusyz duýgulardyr, düşünjeler bilen deňemek samsyklykdyr.
Eger şeýle bolýan bolsa, onda “asyl” söýgi nirede?
…Bir döwürler perişdeler bagtyň-söýgüniň gadyrny bilsinler diýip, ynsanogluna ders bermek isläpdirler. “Söýgüni aňsat-aňsat tapylmajak ýere gizläp goýalyň, ynsan hem ony tapmak ugrunda ylgasyn, gözlesin, güýç sarp etsin” diýipdirler. Şeýlelik bilen hem, söýgüniň-bagtyň gadryny bilerler diýen netije gelipdirler. Elbetde, işiň içine girenlerinde munuň aňsat däldigine göz ýetiripdirler. Olar Ýer ýüzünde söýgüni nirede gizlejeklerini bilmändirler. Kim Kap dagynyň çür depesine çykaralyň diýse, kim okeanyň düýbüne gömeliň diýipdir. Ýöne hiç birisi hem bu pikir bilen ylalaşmandyrlar.
Soňra aralaryndan biri çykyp, “Bagty ynsanoglunyň öz içine gizläliň. Sebäbi, bagty gözleýän kimem bolsa, onuň aklyna öz içinden gözlemek gelmez” diýipdir.
Eger sen çyn söýgüni gözleýän bolsaň, onda gözleriňi öz içiňe öwür. Başga ýerlerde, başga zatlarda gözleýän “söýgiň” seniň öz kalbyňda.
Bagty gözlemek gerek däl, ol onsuzam sende bar – o sen.
Haçanda çaga doglan wagtynda enäniň ellerindäki ilkinji söýgi uçgunjyklary peýda bolup başlaýar. Soňra ol uçgunjyklar ulalyp duýga öwrülýär-de, çagalyk wagtyndan tä ömrüniň dowamyna çenli dowam edýär. Bu duýgy oňa durmuşda isleg-arzuwlaryna, saýlawlaryna, kararlaryna, haýsy ýolda ýörejegine hem-de kim bolmalydygyna kömek edýär. Bu bahasyna ýetip bolmajak peşgeş bolsa, hemme kişä deň-derejede paýlanyp, üstüniň ýetirilip durulmagyny talap etýär.Ýöne, pelegiň çarhynyň aýlanyp durmagy esasynda, saňa berlen bu duýgyny goramak, ony üýtgetmän saklamak welin, diňe saňa bagly. Ony goşundysyz sadalygy üçin hemişe aýawly saklap gezmeli bolýar. Sen diňe şu päklik arkaly kalbyňdaky arassalygy saklap bilersiň. Ine, şonuň üçin hem, söýgi – ýaşaýşyň özeni. Ýaşaýşyň özi.
Şol sebäpli hem, ýüregiňdäki päklige gulak as, biz nähili duza-tagama aç bolşumyz ýaly ruhumyz hem söýgä açdyr, mätäçdir. Sen diňe özüňi söýmegiň arkaly töwerekdäkilere söýgüňi berip bilersiň. Ähli zadyň başlangyç nokadynda özüň duranlygyňy ýadyňdan çykarma!
11
207