Bagtly ene durmuşynyň bir güni (hekaýa) 4-nji bölümBasyran hamyryny barlap mazaly alandan soň, zowalalara bölüşdirip, ýaýyp, tamdyra ýapmak üçin taýýarlaşdyryp goýdy. Ot berlen tamdyr agaryp, mazaly çörek ýapmaga taýýar bolandan soňra çöreklerini ýapyşdyrdy. Çöregiň gowy bişmegi üçin ak suwy, gyzyl suwy berilýän bedredäki suwuna, täze dogan Gün ýaly lowurdap, ilkinji bişen mele-myssyk çöreginden döwüp, suwa batyryp çagalaryna paýlaşdyrdy.
Çöreklerini bişirip bolandan soň, kesegini gazaşdyrdy, repidäni, tikeji ýygnaşdyryp, öňki goýulýan ýerinde goýdy.
Ogulnabat ene tamdyrdan çykan gyzgyn çörekleri birneme sowamagy üçin çagalary bilen bolýan otagyna getirip saçagyň üstünde goýuşdyrdy. Ene hum çäýnekde galan çaýdan suwsuzlygyny gandyrdy.
Ene biraz salymdan täze bişirilen tamdyr çöreginden owmaç taýýarlamak üçin kiçi gyzyna jamy getirmegi hem-de çörek dogramagy tabşyrdy. Uly gyzyna gazanda gaýnap duran pomidor goýaltmagynyň oduny peseltmegi tabşyrdy-da, derrew agşamlyk nahar üçin kiçi ojakda gazana süňkli etlerden salyşdyryp çorba atardy. Bibä çorba atmak üçin dört-bäş sany ýeralmasyny we üç sany düýp sogany artyp, arassalamagy tabşyrdy. Özi bolsa ýaňy gaýnap başlan çorbanyň ýüzüne çykýan köpükleri aýryşdyrdy-da, gaýnap başlan gazanyň oduny peseltdi.
Ogulnabat ene öri meýdanyň bol otlaryndan garnyny göjäp gelen sygryny daňmaga, gölesini goýberip emdirmäge we süýdüni sagyp almaga hem ýetişdi.
Soňra bolsa bankalary taýýarlap, gaýnagy ýeten pomidor goýultmagyny ýapmaga taýýarlaşdyrdy.
Ogulnabat ene entek gyzgyny gitmedik, dogralan tamdyr çöregine sary ýag goşup, mazaly garyşdyryp, üstüni basyryp goýdy-da, «Agşam naharynyň başynda iýersiňiz» diýip, mähirlilik bilen körpe balasyna seretdi. Uly gyzynyň taýýarlan bankalaryna bolsa ýapmaga taýýar bolan pomidor goýultmagyny guýup, bankanyň gapaklaryny ykjam ýapylýan guralyň kömegi bilen ýapdy. Pomidor goýultmagy gaplanyp, täze ýapylan bankalary bolsa, başaşaklygyna goýuşdyrdy. Gazana atarylan süňkli çorbanyň birneme gaýnagy ýetensoň, täze getirilen pomidordan üç-dört sanysyny hem-de gyzynyň taýýarlan soganlaryny dograşdyryp nahara goşdy. Taýýarlanan ýeralmalaryny dörde bölüşdirdi hem suwly jamyň içinde goýdy.
Ene uly gyzy Bibä hojalygyň hysyrdyly işlerini yzygider öwredýärdi. Şonuň üçin Bibi özbaşdak hem naharlaryň hötdesinden gelip bilýärdi. Şol sebäpli hem biraz salymdan bölüşdirilip taýýarlanan ýeralmalary çorba atyp goýbermek Bibi üçin kyn iş däldi
Dowamy bar ☘️