Bagtly ene durmuşynyň bir güni (hekaýa) SOŇYBu gün agşam naharyna doganlar hem wagtynda geldiler. Bagtly enäniň maşgalasynyň bereketli saçagynyň başynda jemlenen doganlar Ogulnabat enäniň taýýarlan gaýnatma çorbasyndan hem-de täze tamdyr çöreginiň owmajyndan, täze basyrylan gatykdan agşamlyk edindiler
Agşamlyk çagynda telewizorda görkezilýän gepleşiklere syn edip, maşgala agzalarynyň bir saçagyň başyna üýşüp nahar edinmekleri bularyň maşgala edähedi. Ene üçinem, perzentleri üçinem hum çäýnege demlenen gök çaýyň başyndaky gürrüňler hem has gyzykly boldy. Bagtly ene we onuň perzentleri bereketli saçagyň başyndan turmankalar, şol wagt «Miras» teleýaýlymynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ene hakyndaky ajaýyp jümleler örän ussatlyk bilen çeper okalyp başlandy. Enäniň we onuň çagalarynyň hemmesiniň ünsli nazary mawy ekrana tarap öwrüldi.
Owadan ses bilen «Ene çagany dünýä inderýär, kemala getirýär. Munuň üçin ol enä ömürboýy minnetdar bolmaly. Goly giň, gaýratly ýigidiň wepasy bolsa, onuň ene topraga tagzym etmegindedir. Şonuň üçinem ol «ene toprak». Saňa serpaý edilen ömür üçin alkyşyň topraga yhlasyňdyr. Çünki toprak güllände ýaşaýyş müdimi bolýar. Ýaşaýyş gülleýär. Eneler rahat ýaşaýar. Biz şonuň üçinem topraga togap edýäris.
Men öz käbämiň edil häzirki pursatda hem ýüregindäki iň mähirli alkyşlaryny sena edinýändigini bilýärin. Eneleriň ýüregindäki alkyşlary dünýä dolýar. Dünýä hem olaryň «diline» düşünýär.
Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly.
Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar.
Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar.
Döwlet eýesi mähriban enelerimiziň arzuwlary hasyl bolsun! Şonda eziz Watanymyza döwlet ornar, halkymyzda agzybirlik pugtalanar. Biziň bagtyýarlygymyz eziz eneleriň arzuwydyr. Biziň arzuwymyz bolsa eneleriň bagtyýar bolmagydyr» diýip okalan ajaýyp jümleleri ene we onuň çagalary örän ünsli diňlediler.
Şeýle ajaýyp, ýürege ýakymly, mähirli sözlerden soňra, gysga wagtlyk dymyşlyk ara düşdi. Doganlaryň hemmesiniň guwançly, mähir-söýgüden pürepürlenip, balkyldaşyp duran göreçleri mähriban käbesine tarap öwrüldi.
Bagtly durmuşyň enesi Ogulnabat ene: «Basym kakaňyzam sähradan iş çalşygyny dolduryp, dynç alşa geler. Şu gezek huruşlyk mal hem getirmeli, nesip bolsa, şor suw bişirip bererin» diýip, myssa ýylgyrdy.