zumerret_
21.08.2024 11:32


Agzalar ykjam el telefonyňyzda yada notebooklaryňyzda
elektron hasap açmagy öwrenesiňiz gelýärmi !?


Elektron poçta ýa-da “e-mail” – bu adaty poçtanyň elektron görnüşi. Elektron poçtanyň adaty poçtadan ýeke-täk tapawudy – onuň elektron tory arkaly işlemegi. Makalamyzda internet elektron poçtasynyň açylyşynyň ädimleri barada gürrüň bereris. Ilki bilen, elektron poçtanyň mümkinçilikleri barada gysgaça nygtap geçeliň.

Internet elektron poçtasynyň kömegi bilen elektron poçtasy bar bolan adamlara, guramalara, edaralara, kärhanalara elektron hatlar, goşundy faýllar iberip we kabul edip bolýar. Elektron poçtadan göwrümi uly bolan faýllary iberip bolmaýar, iberiljek faýllaryň göwrümi çäklendirilendir.

Elektron poçta gündelik durmuşymyzda dürli ýerlerde ulanylýar: web saýtlarda hasap açmak üçin, ulgama girmek üçin, web saýt tarapyndan elektron poçta iberilýän tassyklaýjy kody girizmek üçin, hasaby elektron poçta baglamak üçin we ş.m. Mundan başga-da, dürli sowalnamalar doldurylanda olaryň aglaba böleginde elektron poçta soralýar. Tehnologiýalaryň barha ösýän döwründe elektron poçtany ulanmaklyk maksada laýyk hasaplanylýar.
.
Elektron poçtany nädip açmaly?


1. Ilki bilen, elektron poçtanyň açyljak web saýtyny (domenini) kesgitlemeli. Elektron poçta açylanda belli bir web saýtdan açylýar. Mysal üçin, iň uly we meşhur poçta hyzmatyny berýän web saýtlar: Gmail, Mail.ru, Rambler.ru.



Elektron poçtanyň ady iki bölekden ybarat, olary “@” simwoly bölýär. “@” simwolyndan öňdäki ýazgy – bu poçtanyň ady, ýagny logini, “@” simwolyndan soňraky ýazgy – bu poçtanyň açylan web saýty, domeni. Meselem: ata
@example.com – bu ýerde “ata” – poçtanyň ady, ýagny login bolup durýar, “example.com” bolsa poçtanyň açylan web saýty, ýagny domeni bolup durýar. Internetde elektron poçta hyzmatyny hödürleýän ýüzlerçe web saýtlar bar. 

2. Degişli saýta girip, täze elektron poçtasyny açmak (hasaba almak) diýen düwmä basyň.



3. Sowalnama açylar we ony doldurmagyňyz soralar.



4. Sowalnamany dogry tertipde dolduryň. Sowalnamada şahsy maglumatlaryňyz soralar: adyňyz, familiýaňyz, elektron poçta üçin login (poçta goýuljak at) we parolyňyz, doglan senäňiz, ýaşaýan ýeriňiz we ş.m. Şeýle hem, sowalnamalaryň köpüsinde mobil telefon belgiňiz hem soralýar. Eger mobil telefon belgiňizi girizseňiz, elektron poçtaňyzyň parolyny ýitiren wagtyňyzda ony mobil telefonyňyza tassyklaýjy SMS iberilmegi arkaly açyp bolýar. 



5. Sowalnamany dolduranyňyzdan soňra, “taýýar” (OK) düwmesine basyň we netijede elektron poçtaňyz taýýar bolar. Elektron poçtaňyza girip barlap görüň.




Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com 




Posty halan bolsaňyz like 👍 basmagy unutmaň )
13
123
zumerret_
20.08.2024 22:49

Iň güyçli gyzlar kaksyz gyzlardyr . Olar ejiz bolsada kakasyzlykdan guyç alyar ... Olar muňa mejbur bolýarlar ... Kakasyz gyzlaryň göwnine degmäň , aslynda hiç gyzyň göwnine degmaň ... 🍂

24
92
zumerret_
17.08.2024 17:35
🏳️Yaltanmany okamagyňyzy maslahat beryarin (azyndan 5-6 minudyňyzy alar )


Asyryň akyldaryndan altyn sargytlar ýa-da Eýnşteýnden 10 sargyt


Biz ýaly adaty adam bolup dünýä inen Albert Eýnşteýn bütin ömrüne okanlary, öwrenenleri, tejribede synag edenleri bilen çuňňur zehiniň, kämiligiň nusgasyna öwrüldi. Eger bu gün akyl, bilim, başarnyk babatynda tapawutlanýan birini Eýnşteýne meňzedýän bolsak, bu eýýäm aňymyzda onuň ýeten beýikligini ykrar edýänligimizdir. Ýöne onuň bu beýiklige nädip ýetendigi barada pikir öwrüp görüpmidiňiz? Ine, meşhur alym, fizik, filosof we ýazyjy bolup ýetişen ägirdiň kämillige uzan ýolunyň 10 syry.

Biz makalany Albert Eýnşteýniň öz sözleri bilen dowam edýäris:

1. Gyzyklanmalaryňyzyň yzyndan galmaň!

«Meniň aýratyn bir ukybym ýok. Bar edýän zadym gyzyklanmalarym aşa güýçli».

Sizi gyzyklandyrýan zat näme? Onuň haýsy aýratynlygy sizi has haýran galdyrýar? Mysal üçin, meni käbir adamlaryň üstünlik gazanyp, käbirleriniň gazanyp bilmezliginiň sebäbi gyzyklandyrýar. Şonuň üçin ýyllar boýy maksada ýetmegiň, başarjaň bolmagyň üstünde işledim. Gyzyklanmalaňyzyň yzyndan galmasaňyz, üstünlige ýetip bilersiňiz.

2. Yhlasyň belli bahasy ýokdur.

«Has akylly bolanlygym üçin däl, kynçylyklara garşy göreşi orta ýolda taşlamandygym üçin maksada ýetýärin».

Siziň sabryňyz goýan maksadyňyzy ahyryna çenli dowam etdirmäge ýetýärmi? Ugradýan adamdan tä barjak ýerine çenli hatly bukjadan aýrylmaýanlygy üçin poçta markalaryny gowy görýärler. Edil şol markalar ýaly boluň, başlan işiňizi ahyryna çenli dowam ediň!

3. Şu güne üns beriň!

«Bir bada iki işi etjek bolýan adam şolaryň haýsy hem bolsa birine az üns berýändir».

Bir bada iki ata erk edip bolanok. Nämedir bir zatlary başaryp bilersiňiz, ýöne ähli zady başarmagyňyz asla mümkin däl. Şu güne ― häzirki wagta üns beriň! Ähli ünsüňizi şu wagtky edýän işiňizde jemläň!

4. Hyýal güýji ― goşmaça güýç!

«Hyýal güýji siziň ähli baýlygyňyzdyr».

Ol size garaşýan şowlulyklaryň ilkinji ädimi. Gerek bolsa, hyýal üçin zehinden hem zerur gerek.

5. Ýalňyşmakdan gorkmaň!

«Ýalňyşyp görmedik adam täzelikçi hem däldir».

Ýalňyş hereketler zerarly şowsuzlyga uçramakdan gorkmaň! Tersine, ýalňyşlyklara kämilleşmegiň serişdesi hökmünde garaň! Kämillik ýüzlerçe ýalňyşlygyň aňrysynda ýatandyr.

6. Şol pursat bilen galyň!

«Geljek hakynda hiç hili pikir etmeýärin. Başa näme gelse, görebermeli».

Geljegi berkarar etmegiň iň gowy ýoly häzirki wagtdan netijeli peýdalanmakdyr. Çünki edil häzir sizde düýni ýa-da ertiri üýtgetmek mümkinçiligi ýokdur. Iň esasy zat, şu pilleki ýagdaýdyr.



7. Özüňizi sylatmagy başaryň!

«Başarjaň bolmaga däl, hormatly bolmaga ýykgyn ediň!».

Wagtyňyzy başarjaň bolmaga däl-de, adamlaryň arasynda mertebli bolmaga sarp ediň. Mertebe gazanyp bilseňiz, üstünligiň gitjek ýeri bolmaz.

8. Dürli-dürli netijelere garaşmaň!

«Birmeňzeş işlerden başga netijä garaşmak dälilikdir».

Her gün şol bir tertipde ýaşap, üýtgeşik netijelere garaşmaň! Durmuşyňyzyň özgermegini isleýän bolsaňyz, ilki özüňiz özgermelisiňiz.

9. Akyl ― tejribäniň önümi.

«Maglumatlary okap, öwrenip däl-de, tejribe bilen özleşdirip bolýar».

Bir ylmy meseläniň üstünde jedelleşip bilersiňiz, ýöne bu size diňe pelsepewi pikir berer. Bir maglumata has içgin aralaşmak isleýän bolsaňyz, ony tejribede amal edip görmeli.

10. Düzgünlerini öwrenip, has kämil oýnaň!

«Oýnuň düzgünlerini öwrenmäge borçlusyňyz. Diňe şeýdip iň gowy oýunçy bolup bilersiňiz».

Amal etmeli iki zadymyz bar: birinjisi oýnuň düzgünlerini öwrenmek, ikinjisi bolsa ony her kim gowy oýnamaga synanyşmak. Şu ikisini başarsaňyz, üstünlik hemişelik hemraňyz bolar.

***





turkmenportal.com
26
263
zumerret_
15.08.2024 21:54

Hormatly! \"Öwrenmeli\" programmasynyň işjeň agzalary bu gün size biraz kynrak düşjek sorag taýynladym :)

Bu post barada öz şahsy pikiriňiz hem bildirip bilersiňiz (teswirlere açyk )


Anketa görnişinde posty goyup bilmedim .

Tertip boyunca goyyan oziňiz sanlardan birini saylap jogaplap bilersiňiz we sebabini aytmagňyzy isleyan :)


Teswirlerde öz pikiriňizi galdyryp bilersiniz!

Posty halan bolsaňyz like 👍 basmagy unutmaň !

Öwrenmeli bilen galyň! :)

Hormatly agzalar size şu öwrenmeli programmasynda haysy "synçy" (editor we tester) agzalar has göwniňize yarayar (postlary we teswirleri bilen :)

23
346
zumerret_
15.08.2024 12:57
Yuwubam bir gör 😂
Alty Garlyýewiň ýanynda aktýorlaryň biri aýagynyň porsaýanlygyny aýdyp:

–  Meniň  muňa etmedik emim ýok Alty aga, hatda daşary ýurtlardan derman getirdibem çalýan – diýip zeýrenipdir.

Alty aga:

–  Inim sen aýagyňy günde bir gezek ýuwubam bir gör – diýip maslahat beripdir.


Maňlayňy ellänä dälsiň!
Kakajan Aşyrowyň ýanyna ýoldaşlarynyň biri baryp durmuşynyň agyrlygyndan, maňlaýynyň garalygyndan nalynypdyr. Birdenem eline gözi düşüp:

– Be, elim nireden gara bolduka? Men gara zadam-a ellämok – diýipdir.

Kakajan ýylgyryp, ýoldaşynyň soragyna görä sorag beripdir:

– Maňlaýyňy ellän-ä dälsiň?



Taksa el galdyrypdym

Aýaly Tentege käýinipdir:

– Men saňa durmuşa çykyp ýalňyşypdyryn.

Jany ýanan Tentek oňa şeýle jogap beripdir:

– Dogry aýdýaň, keýwany! 10 ýyl mundan öň menem elimi saňa däl-de, taksä galdyrypdym



Üýrme

Kemine teatrynyň belli aktýory Alty Kulyýewiň bir aktrisa bilen sözleri azaşypdyr. Aktrisa Alty Kulyýewe:

– Alty aga, it ýaly, üýrüp durmasana – diýipdir.

Aradan birki hepde geçensoň, ýaňky aktrisa:

– Alty aga, agşam haýsy oýun boljak? – diýip sorapdyr.

Üýrme diýilmesini gaty gören Alty aga it bolup çyňsapdyr-da, gaýdyberipdir

😂




Yatan yeri yagty bolsyn 😂

Mugallym öz okuwçylaryny ýygnap, ýadygärlik surata düşjek bolýarmyş.

– Pikir edip görüň, çagalar! Ýene-de birnäçe ýyldan siz bu surata seredip, mekdep günlerini ýatlarsyňyz.

«Ine, bu synpdaşymyz Meretdurdy. Telekeçi boldy. Bu bolsa Jeren. Çaga lukmany bolup işleýär…».

Şol wagt yzdan degişgen okuwçynyň sesi eşidilýär:

– Hawa, bu-da synp ýolbaşçymyzdy. Jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun!


Halan bolsanyz like 👍 basmagy unutmaň
Çeşme: “Artistleriň degişmeleri”, 1992ý
38
317
zumerret_
14.08.2024 22:55
Psihiki test .
20
139
zumerret_
13.08.2024 19:44
Sadalyk kalby arassa saklar

Ömürboýy çäresizlige uçran bir adamyň hekaýasy
7 – ýaşynda kakasyny ýitirdi we ýetim galdy.
8 – ýaşynda okuwdan çykardylar we ähli wagtyny mellekdäki gargalary
kowalamak bilen geçirýärdi.
10 – ýaşynda ýüzi gana boýalyp, täze okuwynda mugallymyndan urulyp,
okuwdan çykaryldy. Öýkeden we gorkydan 3 günläp öýünden çykyp bilmedi.
24 – ýaşynda azatlykdan mahrum edildi we her gün soraga çekildi. 2 aý ýeke özi
bir otagda tussag boldy.
25 – ýaşynda Siriýa sürgün edildi.
30 – ýaşynda başga şäherlerde duşmana garşy söweşýän wagty doglan şäheri
duşmanlaryň eline geçdi.
30 – ýaşynda wezipesinden boşadyldy we birnäçe aýlap işsiz ýaşady.
37 – ýaşynda böwrek hassalygy sebäpli Wenada 2 aý bejergi aldy.
37 – ýaşynda serkerdesi edilip ugradylan harby bölümi dargadyldy.
38 – ýaşynda Goranmak ministri tarapyndan wezipesinden boşadyldy.
38 – ýaşynda ýygnanyşyga geýer ýaly raýat eşigi ýokdy we birinden wagtlaýyn
geýmäge aldy. Jübisinde diňe 50 lirasy bardy.
38 – ýaşynda tussag astyna almak boýunça karar çykdy.
39 – ýaşynda ölüm jezasy berildi.
Soňra näme boldy?
42 – ýaşynda Türkiýe respublikasynyň Prezidenti boldy.Okan maglumatlaryňyz Lider Mustafa Kemal Atatürke degişli.
Indi, pikir ediň!


Siziň ýoluňyzy baglaýan haýsy hem bolsa bir
päsgelçilik barmy?
15
76
zumerret_
12.08.2024 14:18

Akylly oglan 1

Perman kerpiç örüp durka bazara yakyn yer bolany üçin köp adam şol yerden geçýärmiş. Her geçen adamam Perman bilen gepleşip wagtyny alyarmyş .Şeýdip işini edip bilmedik Perman tagta uly yazgylar bilen bir zat yazyp, geçyän adamlaryn okap biljegi yerde goyupdyr. Yene biri şol yerden geçende Perman-a Salam diyip diymänkä, Perman barmagy bilen yanky tagtany görkezipdir. Ol adam hem tagtany okapdyr we toba diyip yoluna gidiberipdir.
Ine tagtada näme yazyk:
Waleykim,
Bar bol,
Gowy bolsanyz bolya.
Howa kerpiç öryän,
Yok özüme däI, Anna agalara öryän,
1000 kerpiç örsem 8O manat beryä,
Günde 800-900 kerpiç öryän käwagt 1000, Bolya sagbolun,
Bolya aydaryn,sizem salam aydyn


Akylly oglan 2

-Eje seň garnyňda name bar ?
- Oglum o yerde seň jigiň bar !
- Eje sen açgözmi ?
- Wi ? Yok oglum , näme üçin beyle diyyaň ?
- Onda sen näme üçin ony iýdiň ?
😅


Akylly oglan 3

Eliňizde kola bar🙆🏿 , baklaşkanyň gapagy açyk🤦🏻,kelläňizde şlyapa bar 🤠. Siz yolda yoräp barýan yeriňizde kolany icjek bolyanyz👣🚶 , sowagtam guyçli şemal turýa 🧖. Şlýapaňyzy göterip gitmezligi ucin eliňiz bilen şlyapany tutjak bolýanyz we kola siziň üstüňizden guyulyar 🧞🧏😂
30
261
zumerret_
11.08.2024 23:25


“Ýewropalylar bir iş etmekden ozal ilki pikirlenýärler we soňra ol işi ýerine
ýetirýärler. Olarda şonuň üçin öňe gidişlik bolýandyr.
Emma Afrikalylar işi başda
ýerine ýetirýärler we soňra pikirlenýärler. Şonuň üçin hem yza galýarlar.
Biz türki
milletler bolsa “Kerwen ýolda düzüler” düşünjesi bilen bir işi ol işi ýerine ýetirýän pursatlarymyzda pikirlenýäris. Şonuň üçin hem ne öňe gidişlik bar ne-de yza galmak”.
Planly ýaşamak: başda pikirlenip soňra herekete geçmek diýmekdir.


🤷
19
85
zumerret_
11.08.2024 19:08

Zümerret daşy 🟢

Zümerret -Daşyň aýratynlyklary we peýdalary:
- Emerald Stone(zümerret daşy) beýnini çykýan ýaşyl yşyk bilen rahatlandyrýar.

- Yürek çakrasynyň energiýasyny iň köp görkezýän daş.

- Öz zerurlyklarymyzy we duýgularymyzy anyk düşünmäge kömek edýär.

- Erbetligiň we betbagtlygyň öňüni alar öýdülýär.

- Bollygyň we şatlygyň çeşmesi hökmünde görülýär.

Bollygyň, baýlygyň, söýginiň daşy ...

\"Güýç daşy\" diýlip hasaplanýan zümerret fiziki, ruhy we emosional deňagramlylygy üpjün edýär. Ruhy ösüşi, aragatnaşygy, şatlygy, romantikany, sazlaşygy we agzybirligi ýokarlandyrar diýip hasaplanýar. Zümerret 4000 ýyldan gowrak wagt bäri mukaddes hasaplanýar.

Zümerret haýsy keseller üçin peýdaly? Adam bedeninde, esasanam ýürekde, bagyrda we böwreklerde güýçlendiriji aýratynlyga eýe bolan zümerret daşy, immun we nerw ulgamlaryny kadalaşdyrmak arkaly güýçlendirýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryna oňyn täsir edýän zümerret daşy, nika we maşgala gatnaşyklaryny güýçlendirýär, şeýle hem dostluk gatnaşyklaryna oňyn täsir edýär.


Bu daş barada maglumat gaty kan ,bılesınız gelse ıslegınızı we pıkırlerınızı teswırlerlerde yazyp galdyryp bılersınız !🙇🏻


Çeşme:Internet sahypalaryndan
Türk dılınden terjıme eden Zümerret_
Layk basmagy unutman !🙂👍
19
97