Yuwubam bir gör 😂
Alty Garlyýewiň ýanynda aktýorlaryň biri aýagynyň porsaýanlygyny aýdyp:
– Meniň muňa etmedik emim ýok Alty aga, hatda daşary ýurtlardan derman getirdibem çalýan – diýip zeýrenipdir.
Alty aga:
– Inim sen aýagyňy günde bir gezek ýuwubam bir gör – diýip maslahat beripdir.
Maňlayňy ellänä dälsiň!
Kakajan Aşyrowyň ýanyna ýoldaşlarynyň biri baryp durmuşynyň agyrlygyndan, maňlaýynyň garalygyndan nalynypdyr. Birdenem eline gözi düşüp:
– Be, elim nireden gara bolduka? Men gara zadam-a ellämok – diýipdir.
Kakajan ýylgyryp, ýoldaşynyň soragyna görä sorag beripdir:
– Maňlaýyňy ellän-ä dälsiň?
Taksa el galdyrypdym
Aýaly Tentege käýinipdir:
– Men saňa durmuşa çykyp ýalňyşypdyryn.
Jany ýanan Tentek oňa şeýle jogap beripdir:
– Dogry aýdýaň, keýwany! 10 ýyl mundan öň menem elimi saňa däl-de, taksä galdyrypdym
Üýrme
Kemine teatrynyň belli aktýory Alty Kulyýewiň bir aktrisa bilen sözleri azaşypdyr. Aktrisa Alty Kulyýewe:
– Alty aga, it ýaly, üýrüp durmasana – diýipdir.
Aradan birki hepde geçensoň, ýaňky aktrisa:
– Alty aga, agşam haýsy oýun boljak? – diýip sorapdyr.
Üýrme diýilmesini gaty gören Alty aga it bolup çyňsapdyr-da, gaýdyberipdir
😂
Yatan yeri yagty bolsyn 😂
Mugallym öz okuwçylaryny ýygnap, ýadygärlik surata düşjek bolýarmyş.
– Pikir edip görüň, çagalar! Ýene-de birnäçe ýyldan siz bu surata seredip, mekdep günlerini ýatlarsyňyz.
«Ine, bu synpdaşymyz Meretdurdy. Telekeçi boldy. Bu bolsa Jeren. Çaga lukmany bolup işleýär…».
Şol wagt yzdan degişgen okuwçynyň sesi eşidilýär:
– Hawa, bu-da synp ýolbaşçymyzdy. Jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun!
Halan bolsanyz like 👍 basmagy unutmaň
Çeşme: “Artistleriň degişmeleri”, 1992ý