zumerret_
17.08.2024 17:35
🏳️Yaltanmany okamagyňyzy maslahat beryarin (azyndan 5-6 minudyňyzy alar )


Asyryň akyldaryndan altyn sargytlar ýa-da Eýnşteýnden 10 sargyt


Biz ýaly adaty adam bolup dünýä inen Albert Eýnşteýn bütin ömrüne okanlary, öwrenenleri, tejribede synag edenleri bilen çuňňur zehiniň, kämiligiň nusgasyna öwrüldi. Eger bu gün akyl, bilim, başarnyk babatynda tapawutlanýan birini Eýnşteýne meňzedýän bolsak, bu eýýäm aňymyzda onuň ýeten beýikligini ykrar edýänligimizdir. Ýöne onuň bu beýiklige nädip ýetendigi barada pikir öwrüp görüpmidiňiz? Ine, meşhur alym, fizik, filosof we ýazyjy bolup ýetişen ägirdiň kämillige uzan ýolunyň 10 syry.

Biz makalany Albert Eýnşteýniň öz sözleri bilen dowam edýäris:

1. Gyzyklanmalaryňyzyň yzyndan galmaň!

«Meniň aýratyn bir ukybym ýok. Bar edýän zadym gyzyklanmalarym aşa güýçli».

Sizi gyzyklandyrýan zat näme? Onuň haýsy aýratynlygy sizi has haýran galdyrýar? Mysal üçin, meni käbir adamlaryň üstünlik gazanyp, käbirleriniň gazanyp bilmezliginiň sebäbi gyzyklandyrýar. Şonuň üçin ýyllar boýy maksada ýetmegiň, başarjaň bolmagyň üstünde işledim. Gyzyklanmalaňyzyň yzyndan galmasaňyz, üstünlige ýetip bilersiňiz.

2. Yhlasyň belli bahasy ýokdur.

«Has akylly bolanlygym üçin däl, kynçylyklara garşy göreşi orta ýolda taşlamandygym üçin maksada ýetýärin».

Siziň sabryňyz goýan maksadyňyzy ahyryna çenli dowam etdirmäge ýetýärmi? Ugradýan adamdan tä barjak ýerine çenli hatly bukjadan aýrylmaýanlygy üçin poçta markalaryny gowy görýärler. Edil şol markalar ýaly boluň, başlan işiňizi ahyryna çenli dowam ediň!

3. Şu güne üns beriň!

«Bir bada iki işi etjek bolýan adam şolaryň haýsy hem bolsa birine az üns berýändir».

Bir bada iki ata erk edip bolanok. Nämedir bir zatlary başaryp bilersiňiz, ýöne ähli zady başarmagyňyz asla mümkin däl. Şu güne ― häzirki wagta üns beriň! Ähli ünsüňizi şu wagtky edýän işiňizde jemläň!

4. Hyýal güýji ― goşmaça güýç!

«Hyýal güýji siziň ähli baýlygyňyzdyr».

Ol size garaşýan şowlulyklaryň ilkinji ädimi. Gerek bolsa, hyýal üçin zehinden hem zerur gerek.

5. Ýalňyşmakdan gorkmaň!

«Ýalňyşyp görmedik adam täzelikçi hem däldir».

Ýalňyş hereketler zerarly şowsuzlyga uçramakdan gorkmaň! Tersine, ýalňyşlyklara kämilleşmegiň serişdesi hökmünde garaň! Kämillik ýüzlerçe ýalňyşlygyň aňrysynda ýatandyr.

6. Şol pursat bilen galyň!

«Geljek hakynda hiç hili pikir etmeýärin. Başa näme gelse, görebermeli».

Geljegi berkarar etmegiň iň gowy ýoly häzirki wagtdan netijeli peýdalanmakdyr. Çünki edil häzir sizde düýni ýa-da ertiri üýtgetmek mümkinçiligi ýokdur. Iň esasy zat, şu pilleki ýagdaýdyr.



7. Özüňizi sylatmagy başaryň!

«Başarjaň bolmaga däl, hormatly bolmaga ýykgyn ediň!».

Wagtyňyzy başarjaň bolmaga däl-de, adamlaryň arasynda mertebli bolmaga sarp ediň. Mertebe gazanyp bilseňiz, üstünligiň gitjek ýeri bolmaz.

8. Dürli-dürli netijelere garaşmaň!

«Birmeňzeş işlerden başga netijä garaşmak dälilikdir».

Her gün şol bir tertipde ýaşap, üýtgeşik netijelere garaşmaň! Durmuşyňyzyň özgermegini isleýän bolsaňyz, ilki özüňiz özgermelisiňiz.

9. Akyl ― tejribäniň önümi.

«Maglumatlary okap, öwrenip däl-de, tejribe bilen özleşdirip bolýar».

Bir ylmy meseläniň üstünde jedelleşip bilersiňiz, ýöne bu size diňe pelsepewi pikir berer. Bir maglumata has içgin aralaşmak isleýän bolsaňyz, ony tejribede amal edip görmeli.

10. Düzgünlerini öwrenip, has kämil oýnaň!

«Oýnuň düzgünlerini öwrenmäge borçlusyňyz. Diňe şeýdip iň gowy oýunçy bolup bilersiňiz».

Amal etmeli iki zadymyz bar: birinjisi oýnuň düzgünlerini öwrenmek, ikinjisi bolsa ony her kim gowy oýnamaga synanyşmak. Şu ikisini başarsaňyz, üstünlik hemişelik hemraňyz bolar.

***





turkmenportal.com
26
263
ATOMIC
17 Awgust 2024
@zumerret_, Başda sylagsyz jogap berip bilmedik ulumsy agza, men jogap beremok. "körpe" "maňa sataşma" "sen kim jogap berer ýaly" we ş.m. Soňky teswirim şul postda.
ATOMIC
17 Awgust 2024
aýtjagymy aýtdym, aşakda artykmaç gürrüň gerekdäl🚫
ATOMIC
17 Awgust 2024
Ilki bilenä bärsi sataşylýan ýer däl! Onsoňom hemme agza hemme posta öz pikrini ýazyp biler, negatiw bolsun pozitiw bolsun. Öz pikrimi dazat etmänede borçly däl. Editor bolsun höwesjeň bolsun hemme kişäde şol bir dügün degişli. Her postata öz pikrimi ýazyp bilerin, hormatly agza!
ATOMIC
17 Awgust 2024
@zumerret_, ýöne harp ýalňyşly ýazýaň düshunip bolonok. Sen kim saňa jogap berer ýaly diýdiňmi🤨
ATOMIC
17 Awgust 2024
@zumerret_, meni òzbekçäň bilen basyp bilmeýäň😁
ATOMIC
17 Awgust 2024
r*
ATOMIC
17 Awgust 2024
@zumerret_, Sözleň manysy gowy ýöne ýalňyş terjime edilipdi. 50% - 50%
ATOMIC
17 Awgust 2024
ýaltanyp*
ATOMIC
17 Awgust 2024
@zumerret_, soňa baka ýaltanym google translateden terjime edip başlapdyrlar öýdýän. Postuň manysy gowy ýöne grammatika ýetenok;[
ATOMIC
17 Awgust 2024
@zumerret_, 🤦‍♂️ wäk kelläm.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.