Men ol gunler den duslarym bilen oz oynamaly oyunlarmy oynap yetisip bilmez bir gara gundedim.Den-duslar bilen baslesilip basdaslyk edip oynalyanyndan bolsa gerek,oyunlar bolsa sonda biri-birinden hezildiler.Asyk utmalydym.Duyn Tóre menin telim gûn dasa suykap-yylmap,gyypy eden gowu góryan gyzyl asygymy utup alypdy.
Enem oyun icinde otyran yerinden telim gezek mana kàyinip gygyryar
-Nirà atlandyñ-uw?
Enemin gulagy jam yalydyr.Meniñ esegimi dikgirdedip baryanymy eyyam esdendir górseñ.
-Esegimi suwa yakyp geljek.
Hey guyze-dàm bir esek gûn icinde iki ûc gezek suw icermi?
Dogrusu menin ûcin esegiñ suw icip-icmezliginiñ seylebir geregi-de yokdy.Yap-yañyja biz oglanlar bolup gumak yolda esek capysygy geplesipdik.
Esegi suwa yakmak,mana оny oyden alyp cykmaga bir bahanady.
Yogsam sygyrlaryn yatagyny arassalap ,goyunlara ot- suw beryanem, enesinin" komek ogly" od-a men-lay...
Sonda hali sindi esegimi akidip,ony Góroglynyn gyraty hasap edip gara dere owrup capyp yorenimi enem halanok.
Onsonam me oyde yeke oglan hem dal,oyde yene-de menden basga-da Babageldi diyiwem 6 yasyny doldurup gelyan ini diyenem bir azar bar.Onuñ-da bar isi mendirin.Bir yere ugranyny gorse bolany, " Menem" diyerde duser yzyna.Aytmayyn diysem hut baran yeriñe baryp,giren yeriñe girip,yzyña dusup yoren itiñ barda.
"Sen gal" diysenem cyrlap tutar bir nadaralygyna.Onuñ sesini esidisip onsan enemdir ejemin ikisi iki yerden " Hà name boldu balam!" diysip hamala ony biri bogup urup duran yaly, ylgaslasyp cykarlar hersi bir yerden, inimem yarym- yas bolup aglap arzyny aydar-da durar.
-Meni ozi bilen akidenok ---Ana onsoñ enem ugumu yekelap mana yalwaryp ugrar.
Oglum sen akylly ahyryn.Jigiñdir.Onam oynaday oziñ bilen.Ulu bolsañ,jiginem oynatmalydyr.
--Ol oynap bilenoga...
Ówretseñ od-a oynar oglym.
Su arada enemi kop yalwartmaly daldigi yadyma dusyar.Yogsam onun gaharlanyp " Hany,onda bile oynamajak bolsanyz,ikinizem oyden butnamañ!"diyaymegem mumkin.Dusunyan enemin aydanyny etmekden basga alac yok.
Egninden siltabrak cekip oykeli "Yór onda" diyyarin.Babageldinin yuzi gûl bolup acylyar. Diyenini gogerden kisi-dà.
Yadymda bizi bu gezek "ar yoluna"ataran enemin yanyna gorme gorse gonsy obadan gelen ayal,enemin gowu gorusyan jorasy bolupdy.Men jigim bilen enemiñ gapdalynda ûç sany asykda ûc -ûcem oynap otyrdym.Enem ol ayalyn gelenine begendi." Wa gyz sen nirden cykdyñ" diyip ony gadyrly garsylady.Óz-à dogrydanam hic neneñ ayal hem dal yaly, ol gele- gelmane bize-de guwancly seredip,eneme bize yarayjak sozleriñ birnacesini aydysdyrdy.
--Tûweleme agtyjyklaryña yas yigit cykypdyr. Ikisem agyn kakalarynyn cagalygyda kesmer bersip durlar.Ol ayal, jigimi dagy has gowu gordi oydyan, sacyny sypanynam az gorup ,son onu gujagyna goterip hem ogsady.
Dowamy bar.