Hekayatlara gora dag gowaklarynyn birinde bir adam yasayan ekeni.Az owlak mal garasy bilen sol yerde gununi gecirer eken.Gundizlerine gowagyn agzynda asak yanyndaky ginis cemenzarlykly otluk yerde mallaryny bakypdyr. Sol yakadaky deryadan goyunlaryny suwa yakypdyr.Gijesini gecirmek ucin bolsa yanky gowaga dolonar eken.Bu gowak ona hakyky oy mysalynda bolupdyr.
Gunlerin birinde ol uzyn alahowrenin oz bolyan gowagyna sumulup gidenini gorupdir. Alahowren sol yerdeki hinlerin birinde ornasypdyr.Duyrlenipdir we uzak uka batypdyr.
Ol adam bu yylany sol gowagyn kop yyllar bari yasayan eyesidir oydupdur.Yylana sahel el galdyrdygy oz basyna ayrylmaz bir musallat iner diyip cekinipdir.Birnace gunlap alahowrenin ozini alyp barsyny synlapdyr.Alahowren elmydama sol hine girip duyrulup yatar eken.Hininden cykaysada uzak eglenman yzyna dolonar ekeni. Sonobaka bu adam alahowrene howrugup gidipdir.Ondan gorkup cekinip durmagy bes edipdir.
Bir gun alahowren adatdaky yaly hininden sogrulup cykanda ol adam icinden " Gel su yylanyn hinindw name bardygyny goreyin" diyipdir we hine tarap gonugipdir.Gelip gorse ine birnace yylmanak alahowren cagajyklary yatyr diyyar.Ol adamyn owrensen alahowreni bilen oyun edesi gelipdir.Yylan cagajyklaryny yumsak sebede yerlesdiripdir we onu gowagyn elyeter yokarragynda asyp goyupdyr. Ozi bolsa bukulup alahowrenin name edyandigini synlap baslapdyr.. Alahowren oz howurtgesine dolonupdyr yone gozi balajyklaryna dusmandir.Hanlap yatan hinini gorup aldyrany bar yaly elewrap baslapdyr.Gowagyn ahli yerini gowagyn das yuzleri bilen aylanyp cykypdyr.Cagalarynyn yitmeginin bar sebabini gowakda bolyan so adamdan goripdir.Ondan ar almagyn ugruna cykypdyr.Alahowren ol adamyn suw icyan kuyzesinin yanyna barypdyr.Owurdyny sol suwdan doldyrypdyr we onu oz zaherine garyp awulu suwu yene sol kuyza goyweripdir.Bu hereketini birnace gezek gaytalapdyr we suwy kemsiz zaherlandigini bilenson yenede cagalarynyn gozlegine cykypdyr.Ol adam bolsa bukulup duran yerinden bu zatlary synlayan eken.Alahowren gowakdan cykan dessine , ol adam hem buky yerinden cykypdyrda alahowren cagajyklaryny onki yerinde emay bilen goyusdyrypdyr.Ene alahowren sol yakalarda aylanmadyk yeri galmandyr. Ahyry lapykec bolup yene oz hinine dolanypdyr gorse cagalary onki yerinde sag salamat yatyr diyyar. Alahowren bu adamyn suw kuyzesini zaherlanine okunupdir.Derrew sona tarap yumlugypdyr we guyrugy bilen urup urup kuyzani dowupdur.Zaherli suwun yere dolulmegini gazanypdyr we oz hereketini duzlapdir.Sonra cagalarynyn yanyna dolonyp gelipir hic zat bolmadyk yaly onki yasaysyny dowam etdiripdir.Bu zatlary buky yerden synlap duran adam alahowrenin oz cagalary ucin edyan yhlasyna hayran galypdyr
Bu durmus kate biz owrensen adamlarymyz halys cokder oyun edyaris welin onun netijesinin alahowren zaherinden hem has awulydygyny sonundan duyup galyarys.Kate bolsa kimdir birinin nahak yere gownune degip sonra olordan otunc soramagy ozimize kicilik bilyaris.Hatda yylanlaram oz yalnysyny duzleyan eken,bizde bu yagday nahilika?