yurek
26.11.2023 01:13
Ol ayal jigimi dagy has gowu gordi oydyan sacyny sypanynam az gorup,son ony gujagyna goterip hem ogsady.

Enem iki ayal- iki jora bolsup,konani dorusup, cay icisip,nahar iyisip otyrkalar ,enem myhman ayalyn, alty yedi aylykda durmusa cykan ayal doganymyzyn obada gonsyrakdyklaryny yatlap,oloryn hem oylerinin sag -gurgynlygyny sorady. Doganymyz yatlananda onun mahriban kesbi bizin goz onumize geldi.Sebabi onu menem jigimem gowu goryardik.Su gunlerem hali -sindem onu goresimiz gelyardi.Doganymyz onler oyde biz bilen bile yasayarka ol joralarynyn yanyna otyrmaga kesde edismage gidende yoldas edinip,yany bilen meni, sonku dowurler bolsa hemise Babageldini akiderdi.Indi bolsa ol gayyn oylerinden oz oyumize gezmage gelende bize derek " baldyzym" diyip bir húzzûk sacly yortmanca gyzy yzyna dusrup gelerdi.Umuman ulu gyzlaryn
"durmusa cykdy" diylip gidiwermegi menin gownume jay dal.Belki sonuñ ucindir sonra " giyew" diyilyan garyndasam men kan bir halap baramok.Onsanam men ol giyewi name ucin halamalymysym?!Torundaki guwandyryp ,begendirip oye gelshik berip otyran doganjygyny alyp giderde....


Enemin " A gyz bizin gyzam goryansindà?" diyip beren soragyna myhman ayalyn biraz yuzunin uytgemegine ilki men birbada dusunmedim.Yzysure ol eneme bir yakymsyz hawary aytjagyny malim edip boldumlu yuzuni el ugruna hamala ol yerdeki pikirini bozyan yaly edip sypalasdyrdy.
--A gyz anyrdan aytmayyn yuregini bulamayyn diyip gelyardim welin yone sorañson indi aydayayyn.Ozuma gozum bilen goremok welin,yone yakyn gonsulary gorenmis.Gyzyñ giyew bilen ,kan bir masi bisismeyan borly.Giyewin hol gun onun yañagyna calayypdyram oytyan...

Enemin yuzi konelip uytgesede ol birbada "Hummden..." basga soz diymedi.Sonra onun yuzi " Bazara gitsem onu alsam ,munu alsam pulumam munca, diyip icinden hasap yoredyanin yuzune menzedi.Ol dine birhayyukdan ozune gelip , oz gepini myhman ayal obasyna dolonup baranson sol yerde yatlasyn diyyane menzap gepledi."Ejizlerine sarpyk calnanyny esitseler, doganlar halamaz..."diydi. Sonra pikirinde kakama bayrynyp, Babageldi ikimizin yuzumize"Entek bularam bardyr" diyyan ahende buysanc bilen serdip goywerdi.


Enemin aydan sozlerinin hemise dogry bolsu yaly bu gezegem dogrydy.Bu hawar manada yaramady.Gowu goryan adamsynyn bir yerlerde ynjayanyny esitse adam asla oz halt bilen bolmaz ekeni.Sol gunun ertesem bu gurrun telim gezek yadyma dusup gownume degdi.Enemin
" Turkmen ejizine zulum edilse-ha halayan daldir ozuna"diyen nagile sozleri telim gezek gulagymda yanlandy.

Men ahyrsonu oylanyp,olcerip ozimin ejizimin arkadagy-hossarydygymy ,yatlap cemini tapyp ar almaly diyen karara geldim.Sol gunun ertesi men Gun gornerne mahetdel esejigimi gaññalap,bir amady bolonda enemin .....

dowamy bar
22
88
seljukly
26 Noýabr 2023
Onem bir yerda okapdym gyzykly hekaya
yurek
26 Noýabr 2023
@okan, goyyan nesip bolsa
okan
26 Noýabr 2023
Gaty gyzykly hekaýa yzyny hacan goýýañyz 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.