yurek
18.03.2024 09:49
Bir gûn gyz basyña atarlar kûrte
Sol gûn gyz bolsañam gelinsiñ erte
Sûyjûlûk suwuny mañlayña sûrtse
Bagty bir Nikadan gôzlap yasagyn

Sorag
1) Geljekki yanyoldasyñyzyñ nàhili bolmagyny isleyarsiñiz?
2) Toyda gowy gôryàn dabiñiz haysy? We siz toyunuzuñ nahili bolmagny isleyarsiniz?

Jogaplary yazmagy unutmañ uns berip okanynyz ucin sag boluñ.

Yûrek.
30
277
yurek
16.03.2024 20:38
Dusman syrym nà bilsin - dosdum meni satmasa.
26
53
yurek
16.03.2024 14:20
Umyt

Bir gûn Sûleyman pygamber, ullakan dasy sûyràp baryan garynja dus gelip, ondan:
- Ôzge garynjalar dàne bilen, dasyñ saña nàmà hajaty dûsdi - diyipdir.
Garynja:
- Dasdan dàne alyp, dàneden hem das gayryp bilmedige,hiniñ zerurlygynyñ hem yokdygyny unudupsyñ Sûleyman.
Men Mur màligi Manzuryñ gyzyna asyk bolup , sôz aytdym.
Ol maña yoluñ sagynda duran dasly depàni soluna dasap gecirseñ gyzymy bereyin diydi.
Sûleyman:
- Seniñ bu isi etmàge ômrûñ yetermi?
-Ey Sûleyman sen gowsy gitde Manzura ayt .Goy gyzyny bezabersin.Hey- de Umytlyñam bir òmri gutararmy? - diyip jogap beripdir.


Balykçynyñ gyzy

Gûn- gûzeranyny balyk bilen geçirip yôren balykcy uç gûnlap balyksyz ôyûne dolanmaly bolupdyr.Muña gatyrganan ayaly ondan sebabini sorapdyr.Ol :
-Bu gûnler deñziñ balyklary zikr edyàn bolarly.Yogsam torum bos bolanokdy.
Ayaly:
- Balyklaram zikr edyarlermi?
- Bohow- bohow keywany sen- à oñaraydyñow.Balyklaram esil adamlar yaly Huday birden unutsa tora dûsyàrler - diyip jogap beripdir.Bularyñ on on iki yasly gyzjagazy gûrrûñe gosulup:
-Kaka adamlaram balyklar yaly tora dûsyarmi?
-Elbetde gyzym! Olar seytanyñ toruna dûsyarler - diyip jogap beripdir.
Ertesi gôwni gûmana gaplanan balykcynyn ayaly gyzjagazyny adamsynyñ yany bilen ugradypdyr.
Bu gezek balykcynyñky ôràn sowly bolupdyr.Ol tutan balygyny gyzyna berip durupdyr.
Gyzjagaz bolsa kakasyna bildirman balyklary deñze gôywerip durupdyr.
Ôye gaytmakcy bolan balykçy:
- Gyzym hany balyklar?
Gyzjagaz:
- Men olary seytanyñ toruna dusmesin diyip deñze gôywerdim.Balykcy bolsa icyangyjyna:
- Biz seytan dál ahyry diyip jogap beripdir.
26
98
yurek
15.03.2024 20:50
Sytdyk baslygyny gôrende yayaplap, yalym-yulum edip sonuñ gôwnunden turjak sôzi tapjak bolup oda-kôze dûserdi.Wezipesi ozunden pesleri, eli yukany gôrende welin ôzûni sir-peleñ dáldirin ôydenokdy.Ayalynyñ yanynda bolsa ôzûni Hûñkar patysadan kem saymazdy.Bir gûn agsam ol ôyûnde:
-- E-hey towukgoran,getir nahary bàrik, tizrak iki uzup bir yalmayyn- diyip yassyga yassanyp yatan yerinden heñkiryàr.

--Setdik senà soñku dôwurde ulalyp-oñalmadyk bolayypsyñ ôydyàn.Eñegiñe ata sakgaly çykypdyr.Senem il yaly páli pesrak sadarak bolaymazlarmy?Môjek yaly iki ûzûp bir yalmayyn dalde, adam yaly nesip etse iyeris diyeninde begliginden yykyljakmy diyip zeyrenyar.

--Hay- hay towukgoran señ - à bu gûn demiñ degirmen uweyarow.Men kim, mana akyl owretjek akmak heley kim?Hynnyk- mynnyk etmede getir tizrak palawy.Son- a indi nesip etse-de etmese-de iki uzup bir yalmarys.Oñ ûcin...
Sytdyk sozunu sonlap- sonlamanka isikden bir oglanjyk atledide

-Sytdyk aga size baslyk derrew gelip gitsin diydi - diyyar.

Baslyk sozuni esiden Sytdyk palawy zady unudup sycrap yerinden turagada cagyrylan yere yumlugyberse nadersin.


Hemisekileri yaly baslyk bu gun hem beylekiler bilen birlikde Sytdygy hem esek yaly isletdi.Onsunu etdirdi munsuny etdirdi.Garaz gijàñ gylla yary bolyanca oz golunyn astyndakylary oylerine goywermedi.Sytdyk sutuni suynup hop sop bolup oyune gelse ayaly gapyny icinden gulplap eyyam suyji uka giden eken.Ol yonsuz wagt gapyny kakyp duran soñ iceriden nacar sesi esidildi.

-Kim ayt sen?

Gedemligi zerarly bugaryp duran jûyjeli palawdan nàumyt galany yadyna dusup, agzynyn gyllygy akan Sytdyk su yerde omrunde birinji sapar towa gelyar:

-Nesip etse àriñdirin!
22
84
yurek
15.03.2024 09:35
Gadry geçer sene geçse seneden
Dogan yakyn bolar dostdan yeneden
Doganlar mirasdyr ata- eneden
Çyn yûrekden sôyjek dogandyr-dogan

Bu durmus dogansyz agyr adama
Doganyñ diyer "Arma yadama"
Ôzi sûyt gatyk bolup mydama
Seni gaymak sayjak dogandyr dogan

Yagsy gûnde salmasada yadyna
Yaman gunde derrew yetjek dadyña
Dayansañ bat berjek seniñ badyña
Gûnes kimin çoyjak dogandyr dogan


Gap gara bulutlar ûstûñden yagsa
Kerwenlerden agyr yûkleriñ agsa
Birden soyenere tapmasañ pagsa
Saña direg boljak dogandyr dogan


Awtor:Akjagûl Allaberdiyewa
18
25
yurek
14.03.2024 18:05
Dost- dost diyip seni kàn gujaklanlar
Isiñ dûsûp barsa yalan bolup dur.
Dûynki maña derdin aydyp aglanlar
Bu gûn meñ derdime gûlen bolup dur


Kimler ata - enàñ kim puluñ zary
Kimler yetip bilmez kim kowar yary
Bir haramlyk tapsa gaytmayan biri
Il gôzûne bas egilen bolup dur


Adam sen çydaman içdeki derde
Dost diyip syr aytsañ bir gûn namarda
Yeñsàñden gywatyñ edip her yerde
Ôzi arassaja bolan bolup dur


Dost diyip, yar diyip yûz berme çenden
Barybir unudar gidayseñ mundan
Sen diyip saraljak yene gûn- gûnden
Dûnyàde yeketàk eneñ bolup dur!
24
42
yurek
13.03.2024 14:23
Waka hakyky durmusy esasynda yazylan.
Maksat atly yigit bardy.Ol ôràn gôrmegey degisgen alcak gepi sôzi yerinde ugurtapyjy yigitdi.Ol islendik gyzyñ yûregini awlap bilyadi.Maksat masgalada yalñyz perzentdi.Atasy dûnyàden otupdi.Bir enesi bilen yalñyz yasayady.Maksat ôràn gormegey akylly oglandy.Sonun ucinem Maksada juda kôp gyz asykdy.Maksat bilen bile okayan iki gyz oglany sôyyàrdiler.Yone olar oràn gowni uly tumsugyny al asmana goterip yoreyan bitertip gyzlardy.Maksat bularyn hic birsinede gyya bakmazdy.Olaryñ biriniñ ady Ayna beylekisiniñki Jerendi.Bu iki gyz Maksadyñ ustunde kàn urusyardylar.Maksat bolsa olary mydama kôsesdirerdi.Bir gun okuwdan soñ Ayna Jereni razborka cagyrypdyr.Bular saherin cetindaki demir yol gyrasynda dususdylar.Sol wagt Ayna Maksada hem jañ edip çagyrdy
Ayna: -Maksat gowmu yagdaylañ? Bilyàñmi name? Sen diyip Jeren bilen urusyp yormekden yadadym.Ôzûn hazir gelde bar zady çôz! Ya- ha meni sayla ya-da meni sayla.Bolmasada ikimiziñem durmusymyzdan cyk.Gel ôzûñ bar zady çôz.
Birnace wagtdan soñ bularyñ yanyna Maksat hem geldi.Olary kosesdirjek bolup kan urundy emma netije bolmady.Ayna bilen Jereniñ ortasynda yenede urus baslandy.Das towerekde bolsa bu ucusinden basga hic kim yokdy.Ayna Jereni urup baslady.Muña gahary gelen Maksat sey diydi:- Boldu bes ediñ indi utanañzokmu ulygyz bolup ursup yôrmane?Bu na bolus Ayna Jeren ? kellañiz bir yerindemi? Men siziñ ikinizem soyemok.Mana siz yaly akylsyz bitertip gyzlañ geregi yok.Boldu ediñ indi eger yene urussañyz ata - eneleriniziñ yanyna baryp hemme zady gurrun berjek.Seyle etmesem dynmajaga menzeyaniz siz.Janyma degdiniz zamana ozgeripdir diyyanleri cyn eken.Oñler oglanlar gyzlar diyip urusyardylar a indi bolsa gyzlar oglanlar diyip urusyalar.Boldy bes edin indi.
Maksadyñ bu geplerine Ayna bilen Jereniñ ôràn gahary geldi.Sol wagt poyuz hem uly tizlik bilen bulara tarap gelyadi.Gyzlar Maksada seredip :" Al sana gerek bolsa ata enemize aytjakmy? Biz bitertipmi? Diymek biz gowy dal ha sen ucin? Diymek ikimizden birimizem saylamadyñ ha?Diymek ikimizede nesip etmansiñ diyip Ayna bilen Jeren Maksady uly tizlik bilen gelip otyran poyuzuñ onune iteripdirler.Maksady poyuz kakyp onu ikà bôlûp gitdi.Gyzlar bu bolan zada gorkup ol yerden gacyp gaytdylar.Maksadyñ bicare enesi bu bolan zada dôz gelip bilmandi. Onuñ yalnyz perzendi hem dûnyaden otdi.Onuñ oglundan basga hic kimi yokdu ahyry....Oglundan jyda dusen ene bu zatlara cydaman ruhy hassalyga ucrady we akyl husuny yitirdi. Lukmanlar bolsa enani sagaldyp bilmediler.Bu bicare ene hassahanada oglunun ika bolunup yatan jesedini gorenden soñ añ husuny yitirip galan eken. Bir gûl yigidiñ ômruni yakan iki gyza kanun tarapyndan jeza berildi.Maksadyñ enesi bolsa hazirem kocelerde titrap ogluny gozlap yormus diyyarler.
22
131
yurek
11.03.2024 14:19
Gosgular
26
30
yurek
09.03.2024 13:18
1 Çaga ysy jennetiń yslaryndan bir ysdyr
2 Hergiz gyz cagalaryńyza gaharlanmań çünki men gyzlaryń dadesidirin
3 Çagalaryńyzy sóymek we bile iyip- icmek otdan gorayan galkandyr.
4 Çagalaranyzy kóp ogsań, çünki her ogsamak jennetde bir derejedir.
5 Her kim bazara baryp çagalarym ücin diyip zat alsa Allatagala sol kisà ràhmet nazary bilen bakar.
6 Çagalaryńyza üc zady ówrediń meni sóymegi, àhli beytimi sóymegi, Kuran okamagy.
7 Enànin çagalaryna eden dogasy çalt kabuldyr. Çünki ene beter rehimlidir. Allatagala rehimliniń eden dogasyny kabul edyàndir.
8 Çagalaryńyz size Allatagaladan gelen amanatdyr.
9 Iń uly sadaka çagalaryńyza beren zatlaryńyzdyr.
31
111
yurek
08.03.2024 15:10
Öwrenmeli programmamyzyń owadan we máhriban zenanlary sizi uzak garasdyryp ahyr yetip gelen halkara 8 nji mart bayramynyz bilen tüys yüregimden gutlayaryn. Gorjeginiz elmydama gowluk bolsun! Bahar bágulleri dey obadan yasań! 🌷🌹🌷🌹🌷🌹💐💐💐
31
101